Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow ekinler üçin himiki serişde alar, orak möwsüminde sebitlere aýlanar


Azatlygyň habarçysy Lebap welaýatyna aralaşan çöl çekirtgeleriniň günorta-günbatar sebitlerden gelýändigini aýdýar.

TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 5-nji iýunda ekinleri zyýankeşlerden goramak üçin himiliki serişdeleri satyn almak barada ýörite karara gol çekendigini, orak döwründe welaýatlaryň ählisine sapar etjekdigini habar berýär.

Türkmenistan geçen ýyl galla planyny dolan-da bolsa, ýiti un, çörek gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Karara laýyklykda, şu ýyl ekilen gowaçanyň zyýankeşlerine, köpýyllyk haşal otlara garşy göreşmekde, gowaçanyň ýapragyny düşürmekde, gelýän ýyl üçin ekiljek bugdaý tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, karantin we galla ammarlarynyň zyýankeşlerine garşy göreş çärelerini geçirmekde, şeýle hem ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmekde zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmek üçin ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen degişli şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Geçen ýyl daýhanlar Azatlygyň habarçylaryna gowaçany zyýanly mör-möjeklerden we dürli kesellerden goramakda uly kynçylyk çekendiklerini, häkimiýetleriň bu meselede ýeterlik kömek bermeýändigini gürrüň berdiler.

Bu ýagdaý, Azatlyga gelip gowşan suratlardan we wideolardan görünmegine görä, gowaçanyň gunçasyny we gülüni ir dökmegine, hasylyň uly böleginiň ýitirilmegine alyp geldi.

Bu ýyl daýhanlar Azatlygyň habarçylaryna ýurduň sebitlerinde çekirtge sürüleriniň peýda bolandygyny, onuň ekine uly zyýan ýetirmeginiň ähtimaldygyny aýtdylar.

Emma türkmen mediasy bu ýagdaý, şol sanda sebitiň beýleki ýurtlaryndaky çekirtge howpy, ondan goranmak çäreleri barada ilata maglumat bermeýär, häkimiýetler daýhanlaryň ekin we durmuş aladalaryna açyk reaksiýa bildirmeýär.

Metbugat habarlaryna görä, Günorta we Merkezi Aziýanyň birnäçe ýurdy çekirtge sürüleriniň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

2018-nji ýylda Gündogar Afrikany aýlanyp, soňra Ýemene, Omana, Saud Arabystanyna, Birleşen Arap Emirliklerine, Kuweýte we Yraga baryp ýeten çekirtgeler gündogara, Eýrana, Pakistana, Owganystana we Hindistana tarap ýol açdy.

Köpelmek üçin amatly howa şertleri sebäpli, indi çekirtgeler ýüzüni Türkmenistana, Özbegistana, Gazagystana we Täjigistana öwürdi. Häzirki çekirtge howpy soňky iki onýyllygyň içinde iň erbet hasaplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG