Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tigir sürmek boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanda däl, Glazgowda geçiriler


Aşgabat, tigirli çaga
Aşgabat, tigirli çaga

UCI biraz soň bu ýaryşyň "guramaçylaryň haýyşy boýunça" ýatyrylandygyny aýtdy we munuň sebäbini Covid-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly saglyk aladalary we çäklendirmeleri bilen düşündirip, häzirki ýagdaýlaryň  bu ýurtda beýle çäre geçirmäge mümkinçilik bermeýändigini aýtdy.

Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň 2021-nji ýyldaky welosiped ýaryşy, UCI Track Cycling dünýä çempionaty başda bellenen ýeri Türkmenistandan aýrylyp, Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde geçiriler.

Sport dolandyryş edarasy bu täzeligi penşenbe güni twitterde aýtdy, ýöne soňundan öz beren habaryny pozdy diýip, Cyclingnews neşiri habar berýär.

“Täze ýer! 2021-nji ýylyň tigir sürmek boýunça dünýä çempionaty, Tissot tarapyndan hödürlenen UCI Track Cycling indi Glazgowda geçiriler. Geljekde #Glazgow2021 arkaly has köp maglumat berler” diýip, häzir öçürilip aýrylan twitter ýazgysynda aýdyldy.

Bu ýaryş başda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoritar dolandyryşy baradaky aladalara garamazdan, 13-17-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda geçirilmeli edilipdi.

UCI biraz soň bu ýaryşyň "guramaçylaryň haýyşy boýunça" ýatyrylandygyny aýtdy we munuň sebäbini Covid-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly saglyk aladalary we çäklendirmeleri bilen düşündirip, häzirki ýagdaýlaryň bu ýurtda beýle çäre geçirmäge mümkinçilik bermeýändigini aýtdy.

UCI häzirki wagtda bu çäräni şol bir senede başga bir ýere geçirmek maksady bilen birnäçe alternatiw guramaçy bilen gepleşik geçirýär we ýaryşyň geçiriljek şäheriniň ady gysga wagtda yglan ediljekdigini aýdýar.

Ýewropanyň Trak çempionatynyň ýaryşlaryny geçirmek çäresi mundan öň, hökümet üstünden geçip barýan “Ryanair” uçaryny Minskde gonduryp, oppozisiýadaky žurnalisti tussag edeninden soň, Belarusdan aýryldy we bu guramanyň uly ýaryşynyň ikinji gezek göçürilmegi bolýar.

Bu habar Türkmenistanyň yssy howada mejbury çäre gurnap, Aşgabatda we welaýatlarda Bütindünýä welosiped gününi bellemeginiň yz ýanynda peýda boldy.

Çärä gatnaşdyrylýan işgärleriň birnäçesi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde adamlaryň indi bu hili mejbury çärelerden doýandygyny we diňe işden kowulmazlyk üçin çydamaly bolýandyklaryny gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG