Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yssy howada kadasyz elektrik üpjünçiligi ilaty köseýär


Ýerbendiň elektrik sütünleri.
Ýerbendiň elektrik sütünleri.

Tomus günleri Türkmenistanda yssy howa dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy yssy howanyň Lebap welaýatynda has ýiti duýulýandygyny, sebitde kadasyz elektrik üpjünçiliginiň sowadyjy enjamlary kadaly işletmäge rugsat bermeýändigini, günüň dowamynda toguň 4-5 gezek öçüp ýanýandygyny habar berýär.

Habarçy sebitde elektrik üpjünçiliginiň peselmeginiň elektrik energiýasy bilen işleýän tehnikalara erbet täsir edýändigini habar berýär.

“Günüň dowamynda tok 4-5 gezek öçüp ýanýar. Elektrik energiýasynyň akymy 220 woltdan 170-140 wolta çenli çenli peselýär. Tok peselende kondisionerler öçýär” diýip, bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu tomus ir gelen yssy howa ýerli ýaşaýjylary aladalandyrýar. Adamlar iýul aýynda yssy howanyň has-da beterleşmeginden howatyr edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistan boýunça yssy howanyň Lebap sebitinde has ýokarydygyny habar berýär.

Şu günler gündizlerine 42-44 gradus yssy diýip, habarçy maglumat berýär.

“Meteožurnal” howa maglumatlary neşiriniň habaryna görä, Türkmenistanda adatdan daşary yssy howa dowam edýär, 6-njy iýunda Lebapda we Mary sebitiniň käbir etraplarynda howanyň temperaturasynyň 42-47 gradusa çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Neşiriň soňky maglumatlaryna görä, 3-nji iýunda Ahal, Balkn we Daşoguz welaýatlarynyň käbir etraplarynda howanyň temperaturasy 47 gradusa çenli ýokarlanar.

“Häzirki yssyda asla kondisioner işledip bolmaýar. Kondisionerden hiç hili derek ýok. Ýaňy bir işläp başlady diýseň, 10 minut geçmänkä toguň akymy azalýar we kondisioner öçýär” diýip, Lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Elektrik energiýasynyň akymynyň peselmegi yssy howada adamlary çykalga gözlemäge iterýär.

Habarçynyň söhbetdeşi elektrik akymyny güýçlendirmek üçin ýörite tok köpeldiji enjam satyn alandygyny, ýöne onuň netije bermändigini gürrüň berdi.

Habarçynyň ýene bir söhbetdeşi bu ýyl tomus paslynyň geçen ýyllar bilen deňeşdirilende has ir gelendigini gürrüň berdi.

“Yssy howanyň iýulda näçe gradusa çenli ýokarlanjagy belli däl” diýip, ýerli ýaşaýjy aladalaryny beýan etdi.

Çöl klimaty bolan Türkmenistanda howanyň temperaturasy tomsuna 40-45 gradusdan geçýär. Howa tomsuna gurak we yssy bolýar. Tomus pasly maýyň ahyrlaryndan sentýabryň başlaryna çenli dowam edýär.

Oba we şäher ýerlerinde onsuz hem ebgarlan durmuş infrastrukturalary howa şertleriniň ýaramazlaşmagy bilen aňsat hatardan çykýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy geçen şenbe güni Türkmenabatda bir iri transformatoryň hatardan çykandygyny habar berdi.

Galyberse-de, Lebap we Mary welaýatlarynda geçen ýyl turan harasat oba we şäher infrastrukturalaryna agyr zyýan ýetirdi. Ýöne häkimiýetler tupandan soň, sebitlerde tükelleýiş işleriniň geçirilip-geçirilmändigini, abat desgalaryň sanawynyň düzülip, zeper ýeten desgalarda bejeriş işleriniň geçirilip-geçirilmändigini aýan etmedi.

Howa maglumaty neşiriniň habaryna görä, 3-nji iýunda Aşgabatda howa 45 gradus yssy boldy.

Bu aralykda, hökümetçi türkmen neşirleri yssy howa bilen baglylykda Eýranyň Türkmenistandan 2021-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli elektrik energiýasyny import etjekdigini habar berýär. Ýöne türkmen mediasy yssy howa şertlerinde ýurtduň öz içindäki elektrik üpjünçiliginiň ýagdaýyny agzamaýar.

Mundan ozal, 2020-nji ýylyň aýagynda Türkmenistanda tutuş ýurt boýunça elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençlik döredi. Türkmen häkimiýetleri elektrik üpjünçiliginde dörän bökdençlige ýurtda harby hüşgärligi artdyryp jogap berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG