Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystandan mermer almagyň maslahatyny edýär


Täze we köne jaýlar
Täze we köne jaýlar

Türkmen DIM-niň web sahypasy wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet delegasiýasynyň Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde geçirýän gepleşikleri barada maglumat berip, Owganystandan mermer satyn almak barada edilen maslahaty agzamaýar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow owganystanly kärdeşi Muhammet Hanef Atmar bilen Owganystandan Türkmenistana mermer daşlaryny eksport etmek barada maslahat etdi.

Owganystanyň 200 milliard dollardan gowrak gymmaty bolan mermer baýlygy bar, sebitdäki ýurtlar, hususan-da Türkmenistan ýurduň mermeri üçin gowy bazar bolup biler diýip, owgan DIM-i aýdýar.

Mermer importy baradaky maslahat ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşan wagtynda, azyk ýemezçiliginiň, gurak gelen ýylyň fonunda edildi.

“Ariana News” neşiriniň 6-njy iýunda Owganystanyň daşary işler ministrliginiň çap eden beýanatyna salgylanyp ýazmagyna görä, owgan tarapy sapara gelen türkmen wekiliýetiniň agzalaryna Owganystanda bar bolan dürli tebigy baýlyklar we seýrek daşlar barada giňişleýin maglumat berdi.

Owgan delegasiýasy bu serişdeleriň eksportynyň Kabul bilen Aşgabadyň arasyndaky söwdany pugtalandyrmakda we giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy diýip, habarda bellenýär.

Aşgabatdan baran wekiller Türkmenistanda bolup geçýän ösüşler we täze şäherleriň gurluşygy barada gürrüň edip, özleriniň mermer zerurlyklaryny hem dile getirdiler we Türkmenistanyň Owganystandan mermer daşlaryny satyn almaga doly taýýardyklaryny aýtdylar.

Netijede, iki tarap Owganystandan Türkmenistana mermer daşlaryny eksport etmek baradaky şertnama gol çekmek ylalaşygyna geldi diýip, owgan neşiri geljekde ediljek mermer söwdasynyň başga jikme-jikliklerini açmazdan habar berýär.

Azatlygyň Owganystandaky habarçysy wise-premýer R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň düýn, 5-nji iýunda ýurduň Hyrat welaýatynda saparda bolýandygyny we taraplaryň arasynda birnäçe ylalaşyga gol çekiljekdigini habar berdi.

Emma Türkmen DIM-niň web sahypasy wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet delegasiýasynyň Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde geçirýän gepleşikleri barada jikme-jik maglumat berip, Owganystandan mermer import etmek barada häzirlikçe hiç zat aýtmaýar.

Türkmenistanda gurulýan jaýlaryň daşyny mermer daşlary bilen bezemek ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe başlandy we, ýerli synçylar häzirki mermer söwdasynyň döwlet baştutanynyň importyň ornuny tutýan önümleri, şol sanda ýerli gurluşyk materiallaryny köp öndürmek we eksporty artdyrmak barada edýän talaplaryna düýpden ters gelýär.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurtda döwlet serişdelerine gurulýan uly desgalaryň daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallary, şol sanda mermer daşlar import edilende, ýokary wezipeli adamlaryň bir toparynyň peýda görýändigini öňe sürýärler.

Emma resmi Aşgabat bu hili pikirleri ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG