Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň gara maşyn 'repressiýasy' güýçlenýär, emma hemmeler üçin däl


Aşgabatda jerime duralgasyna gabalan gara maşynlar
Aşgabatda jerime duralgasyna gabalan gara maşynlar

Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleriniň gara reňkli awtomobillere ýa-da umuman ak reňkli maşyn almadyk raýatlara garşy görýän “repressiw” çäreleri barha güýçlenýär.

Şu aralykda türkmen TW-si prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň gara reňkli maşyna münüp, harby uçar bazasyna barşyny görkezdi.

Ýerli çeşmeler düýn, 17-nji ýanwarda “gara maşyn” gadaganlygynyň Lebapda hem çynyrgandygyny habar berdiler. “Mundan öň diňe hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gara reňkli maşynlaryna gadaganlyk girizilipdi, emma düýn köçede gara we garamtyl reňkli maşynlaryň ählisini saklap başladylar diýip, Azatlygyň Lebapdaky çeşmesi habar berdi.

Ondan öň bu gadaganlyk Daşogza baryp ýetdi we ýerli çeşmeler bu çäräniň esasan maşynlaryny taksi edip ulanýan adamlara agyr degendigini habar berdiler.

Geçen ýylyň aýagynda we şu ýylyň başynda Aşgabatda başlanan gara maşyn gadaganlygy ýerli ussahanalaryň agzynda uzyn nobatlaryň döremegine we maşyn reňkletmegiň bahasynyň birden ençeme esse ýokary galmagyna getirdi.

Soňky gelip gowşan maglumata görä, Lebapdan, Marydan Aşgabada gelýän awtomobilleriň eýeleri hem, eger maşynlary ak bolmasa, döwlet awtoinspeksiýasynyň uly ýoldaky barlag nokatlarynda saklanylýar we şol ýerden yzlaryna ugradylýar. Ýöne olara yzlaryna ugradylmazlaryndan öň, belki-de ak däl reňkli maşyn münüp, barlag nokadyna gelendikleri üçin, 100 manat möçberinde jerime salynýar.

Başga bir diňleýjimiz bolsa Marydan şeýle ýazýar: “Arada öz awtoulagym bilen Aşgabat şäherine bardym, iş-aladamy dynyp, Daşary ykdysady iş bankynyň ýanyndan Mara ugradym. Köşgüň ýanynda, hol bir neşe gaçakçysyny tutarlar-a, şolar ýaly bolup üýşüp sakladylar. ‘Näme boldy?’ diýsem, ‘gara maşyn hemem welaýat nomeri’ diýdiler.

Maryly diňleýjimiziň sözlerine görä, ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri özleriniň prezidentiň karary esasynda hereket edýändiklerini aýdypdyrlar. "Şu gün Garagum etrabyna baryp, Aşgabatda alnan sürüjilik şahadatnamamdan habar soradym, DAI-de 'pod znak ştraf gelipdir, onam ekzamen bilen almaly diýdiler' diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran diňleýji ýazýar.

Şol bir wagtda metbugatda gara reňkli maşynlara girizilen gadaganlyk, bu gadaganlygy bozan adamlara görüljek adminstratiw çäreler hakynda hiç bir resmi maglumat berilmeýär.

Resmi bolmadyk düşündirişlere görä, ak däl maşynlara garşy başlanan repressiýa “Ak zat alnyňa ýagşy” diýen halk pähiminden, gara maşynlaryň yssy howaly ýurtda saglyk üçin ýaramly bolmazlygyndan ugur alýar. Daşoguzda gara maşyn gadaganlygyna bagyşlanyp geçirilen ýygnakda bolsa, prezidentiň hem ak maşynlary gowy görýändigi delil getirilipdir.

Türkmenistanda ak reňkiň kulty Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen güýçlendi, ýöne Aşgabatdaky binalaryň daşary ýurtdan import edilýän mermer daşlar bilen örtülmegi öňki prezident S.Nyýazowyň döwründen başlandy.

Berdimuhamedow ministrleriň we häkimleriň münýän gulluk maşynlaryny hem gara reňkden aga geçirmeli etdi.

Emma şu aralykda paýgatda uly derejeli döwlet emeldarlarynyň münýän gara reňkli maşynlarynahiç bir gadaganlygyň girizilmändigi aýdylýar.

Aşgabatly ynamdar çeşmäniň maglumatyna görä, döwlet belgileriniň öňi 01-den 08-e çenli bolan gara maşynlary münýän resmilere “ýüzüň üstünde burnuň bar” diýýän ýok. Olar Aşgabadyň protokol köçelerinde hem arkaýyn gezip ýörler diýip, bu habary ikinji bir çeşme hem tassyk etdi. Aýdylmagyna görä, 01 nomerli maşynlar prezident diwanyna, 02 – Ministrler kabinetine, 03 – sud-prokuratura edaralaryna, 04 – IIM-e, 05 – MHM-ä degişli bolup durýar.

Türkmenistanda gara ýa ak däl maşynlary jowur ak reňke boýatmak talaby sosial ýeňillikleriň ýatyrylan, azyk önümleriniň ençeme esse gymmatlan we dollaryň “gara bazar” nyrhynyň on manada ýeten, iş orunlarynyň köpçülikleýin gysgaldylýan wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG