Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan, Täjigistan serhet dartgynlyklaryny gowşadýar  


Karamyk obasy. Oş, Çon-Alaý etraby. Gyrgyz0täjik serhedi
Karamyk obasy. Oş, Çon-Alaý etraby. Gyrgyz0täjik serhedi

Gyrgyzystan bilen Täjigistan 5-nji iýunda, soňky onýyllyklarda araçäkde bolan iň ganly wakadan bir aý soň, iki merkezi aziýa ýurdunyň arasyndaky serhet dartgynlyklaryny köşeşdirmek barada ylalaşyk gazandy.

4-nji iýunda Gyrgyzystan-Täjigistan serhediniň jedelli böleginde dartgynlyk güýçlenip, iki tarap hem bir-birini öňki baglaşylan şertnamalary bozmakda günäkärledi.

Gyrgyzystan täjik goşunyny gije gyrgyz resmileriniň "jedelli künjek" diýip atlandyrýan ýerinde, Oş sebitiniň Çon-Alaý etrabyndaky Unžu-Bulagyň ýerleşýän kesgitlenmedik araçäk böleginde konteýner goýmakda aýyplady.

Täjik serhetçileriniň metbugat gullugy gyrgyz beýanatyny ret edip, öz goşun birikmesiniň gyrgyz tarapy bilen täjik territoriýasy hökmünde ylalaşylan serhet ýakasyna geçirilendigini aýtdy.

Howpsuzlyk boýunça ýokary derejeli resmileriň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, taraplar gapma-garşylygy soňlamak üçin 9 punktly ylalaşyk gazandy, şol sanda iki ýurt hem öz serhet berkitmelerini jedelli ýerlerden üç kilometr uzaklyga geçirmeli edildi we topografiki iş toparlaryna serhet bölümini kesgitlemek tabşyryldy.

Uzynlygy 970 kilometre barabar bolan gyrgyz-täjik serhediniň ýarysy diýen ýaly kesgitlenmedik bolup, bu ýagdaý öňki sowet döwletleri otuz ýyl çemesi öň garaşsyzlyk alaly bäri gaýtalanýan dartgynlyga sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG