Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystan Türkmenistandan getirilen gök önümlerde krantin organizmlerini tapdy


Illýustrasiýa suraty

Gazagystan Türkmenistanyň çäginden pomidor we burç önümlerini import etmegi wagtlaýyn gadagan etdi. Bu barada 7-nji iýunda bu ýurduň Oba hojalygy ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Edaranyň web sahypasyndaky maglumatda bu çäräniň pomidor we burç önümlerinde karantin organizmleriniň ýüze çykarylmagynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydygy habar berildi.

Resmi beýanatda aýdylyşyna görä, Gazagystana getirilen pomidorlary barlamak boýunça karantin fitosanitar gözegçiliginiň netijesinde goňur rugoza miwesi wirusy (ToBRFV) tapylyp, jemi 19 sany fakt ýüze çykarylypdyr. Ýogsa, Gazagystana alnyp barylan önümler üçin Türkmenistanyň döwlet ösümlik karantin gullugynyň fitosanitar şahadatnamalary bolupdyr.

Resmi maglumatda karantin fitosanitar talaplarynyň bozulandygy barada habaryň Türkmenistanyň döwlet ösümlik karantin gullugyna iberilendigi aýdylýar.

Goňşy respublikanyň ygtyýarly guramalary tarapyndan eksport edilýän önümlerde wirusyň döremeginiň sebäpleriniň derňelmegine degişli obýektiw maglumatlaryň bolmazlygy, şeýle hem Gazagystanda karantin fitosanitar ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak maksady bilen Komitet 2021-nji ýylyň 7-nji iýunyndan Türkmenistandan pomidor we burç önümlerini import etmegi wagtlaýyn gadagan edýär diýlip, Gazagystanyň Oba hojalygy ministrliginiň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi bu waka barada hiç hili düşündiriş bermedi.

Mundan öň Türkmenistandan gelen pomidorlarda, esasanam miweleriň goňur rugoza wirusy ençeme gezek Orsýetde tapylypdy.

26-njy martda "Rosselhoznadzor" bu keseliň ýüze çykarylmagynyň gaýtalanmagy sebäpli Türkmenistandan pomidor importyna çäklendirmeleri girizmek meselesine seredýändigini mälim etdi. Rus edarasy fewral aýynyň ahyrynda türkmen kärdeşlerine önümlerde keseliň tapylandygy we ýüze çykarylan ähli hadysalary derňemek barada resmi hat iberendigini habar berdi.

Gök önümlerde keselçiligiň tapylmagy sebäpli öňki ýyllarda Russiýada Türkmenistandan onlarça tonna pomidor ýok edildi.

2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Rosselhoznadzoryň Samara sebitindäki bölümi, Türkmenistandan Russiýa awtoulag bilen getirilýän azyk önümleriniň karantin fitosanitar barlaglarynyň netijesinde ýüze çykarylan çynlakaý düzgün bozmalar barada habar berdi. Türkmenistandan 18 tonna töweregi pomidor ýerli poligonda ýok edildi.

2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda Rosselhoznadzor edarasynyň Moskwa we Tula sebitleri boýunça gözegçisi sanitar gözegçilik wagtynda Türkmenistandan 18,5 tonna pomidor barlananda önümlerde Günorta Amerikanyň pomidor güýesini (Tuta absoluta (Povolny) tapdy. Şol ýylyň 20-nji martynda Türkmenistandan iberilen pomidorlarda temmäki ýa-da pagta ak güýesi (“bemisia tabaci”) tapyldy. Bu barada Russiýanyň "Rosselhoznadzor" agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri ýerli önümlerde wiruslaryň we keselleriň tapylmagy we milli önümleriň hiliniň halkara fitosanitar standartlaryna gabat gelmezligi barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG