Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda şäher polisiýasy onlarça musulmanyň sakgalyny mejbury syrdyrdy


“Polisiýa çagyrylyp sakgallaryny syrmaga mejbur edilen adamlaryň ählisi musulmanlardy” diýip, ýene bir adam aýtdy.
“Polisiýa çagyrylyp sakgallaryny syrmaga mejbur edilen adamlaryň ählisi musulmanlardy” diýip, ýene bir adam aýtdy.

Özbegistanyň gündogar Angren şäherinde polisiýa dine uýýan onlarça musulmanyň sakgalyny mejbury syrdyrdy. Bu Merkezi Aziýa ýurdunyň sakgal syrdyrmak tejribesi köpýyllyklaryň dowamynda ýerli we halkara adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan tankyt edilýär.

Bir şäher ýaşaýjysynyň 8-nji iýunda Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, bir gün ozal ol polisiýa çagyrylypdyr we ol ýerde özi bilen bir hatarda onlarça erkek adam sakgallaryny syrmaga mejbur edilipdirler.

“Polisiýa bize eger-de biz sakgalymyzy özümiz syrmasak, onda özleriniň ony güýç ulanyp syrjakdyklaryny duýdurdy. Olar bizi sakgalymyz syrylmazdan öň we soň surata düşürdi” diýip, ol aýtdy we sakgala garşy alnyp barylýan kampaniýanyň birnäçe gün dowam edendigini sözüne goşdy.

“Polisiýa çagyrylyp sakgallaryny syrmaga mejbur edilen adamlaryň ählisi musulmanlardy” diýip, ýene bir adam aýtdy.

Angren şäheriniň polisiýa resmilerinden kommentariýa alyp bolmady.

Soňky ýyllarda Özbegistanda polisiýanyň uzyn sakgally adamlara garşy göreşýändigi barada ýygy-ýygydan habarlar gelip gowuşýar. Resmiler şeýle kampaniýalary Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunda radikal yslama garşy göreş tagallalary hökmünde görkezýärler.

XS
SM
MD
LG