Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BAE Türkmenistandaky taslamalara $100 million maýa ýatyrýar


Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen maslahat edýär.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen maslahat edýär.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, özara gyzyklanma döredýän birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdy diýip, “Pakistan Point News” Abu-Dabiden habar berdi.

Türkmen DIM-niň ýazmagyna görä, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine edýän sapary9-njy iýunda başlandy.

Türkmen wekiliýeti ilki Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Ýaragly güýçleriniň belent serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen, soňra BAE-niň premýer-ministriniň orunbasary, prezidentiň işleri boýunça ministr Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşdy.

Taraplar energetika, ulag, maýa goýumlary, oba hojalygy pudaklarynda we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek barada pikir alyşdylar diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de taraplar türkmen tarapynyň hem gatnaşmagynda Dubaý şäherinde geçiriljek "EKSPO-2020" halkara sergisi barada maslahat etdi.

Türkmen wekiliýeti Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bilen hem duşuşyk geçirdi.

Saparyň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini kadalaşdyrýan ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi diýip, türkmen DIM-i habar berýär.

Şu aralykda, "Arabian Business" neşiriniň maglumatyna görä, Abu-Dabiniň Özüş gaznasynyň baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bilen Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki Daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow bilen iki ylalaşyga gol çekdi.

ABÖG bu ylalaşyklaryň çäginde Türkmenistana BAE-niň 367 million dirhemi (100 million ABŞ dollary) möçberinde sermaýa berer.

Birinji ylalaşyk Balkan welaýatynda, Jebelde guruljak uçar menziline, ikinji ylalaşyk 10 megawatt kuwwaty bolan gibrid elektrik stansiýasyna degişli bolup, olaryň bahasy degişlilikde 275 million dirhemden we 92 million dirhemden ybarat.

Mundan öň bu gazna Türkmenistandaky taslamalara, şol sanda Aşgabatdaky böwrek näsaglyklaryny bejerýän Merkeziň gurluşygyna 182 million dirhemlik maýa ýatyrdy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG