Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň täze hökümeti Netanýahunyň işden çekilmeginden soň işe başlaýar


Ysraýylyň täze hökümeti
Ysraýylyň täze hökümeti

Ysraýylyň täze premýer-ministri Naftali Bennet parlamentiň koalisiýa hökümetini tassyklap, Benýamin Netanýahunyň 12 ýyllyk premýer-ministr wezipesini soňlansoň 14-nji iýunda işe başlady.

13-nji iýunda giçlik täze premýer-ministr hökmünde kasam kabul eden Bennet 14-nji iýunda irden 27 agzaly kabinetini Ýerusalimde prezident Reuwen Riwline hödürledi. Ysraýylyň prezidenti we täze hökümet agzalary resmi surata düşdüler.

Ministrler kabinetiniň agzalary soňra ministrlikleriň täze müdirleriniň bellenilýändigini yglan etdiler we işgärler bilen duşuşdylar.

49 ýaşly millioner we ýörite güýçleriň öňki ýolbaşçysy Bennet aşa milletçi "Ýamina" partiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Täze dolandyryjy koalisiýa merkezçi "Ýeş Atid" partiýasynyň lideri Ýair Lapidiň Bennet bilen sagçy, çepçi, merkezçi we arap partiýalarynyň gatnaşmagyndaky giň dolandyryş bileleşigini döretmek bilen ylalaşandan soň döredildi.

Häkimiýeti paýlaşmak şertnamasy boýunça Bennet premýer-ministr hökmünde 2023-nji ýylyň sentýabryna çenli iş alyp barar. Şertnamada Bennetiň häkimiýeti ýene iki ýyldan Lapide tabşyrmagy talap edilýär.

Bennet bilen Netanýahu 14-nji iýunda häkimiýeti gowşuryş ýygnagyny geçirerler, ýöne hökümet çalşygy adaty resmi dabara bolmazdan amala aşyrylar.

Prezident Jo Baýden Bennetiň kasam etmeginden soň, Waşingtonyň Bennetiň kabineti bilen işleşmäge “doly ygrarlydygyny” we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Ysraýylyň howpsuzlygyny goldamakda üýtgewsiz galýandygyny” aýtdy.

Beýleki dünýä liderleri Benneti Ysraýylyň 13-nji premýer-ministri bolmagy bilen gutladylar.

Britan premýer-ministri Boris Jonson Bennet bilen Lapidi gutlady we "bu Britaniýa bilen Ysraýylyň hemmeler üçin parahatçylygy we abadançylygy ösdürmekde bilelikde işleşmegini dowam etdirmeginiň tolgundyryjy pursady" - diýdi.

Netanýahu bilen ýakyn gatnaşykda bolan Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi iwritde ýazan twitinde Benneti gutlady we "siziň bilen duşuşmaga we ýurtlarymyzyň arasyndaky strategiki gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýdi. Şeýle hem, Netanýahunyň ýolbaşçylygyny “çuňňur ykrar edýändigini” aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 13-nji iýunda Benneti gutlady we "konstruktiw" hyzmatdaşlyga umyt bildirdi.

Putin Kreml tarapyndan ýaýradylan hatynda "ýolbaşçylygyňyzdaky hökümetiň ähli ugurlar boýunça konstruktiw ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kömek eder diýip garaşýaryn" -diýdi.

Putin "Russiýanyň we Ysraýylyň hyzmatdaşlygynyň Ýakyn Gündogarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge kömek etjekdigini "aýtdy.

Emma Ysraýylyň esasy duşmany bolan Eýran, täze hökümetiň astynda Ysraýylyň daşary we howpsuzlyk syýasatynyň üýtgemegine garaşmaýandygyny mälim etdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh "Eýranyň duşmanlary gitdi, güýçli Eýran bolsa galdy. Ysraýylyň syýasaty täze hökümetiň gelmegi bilen üýtgär öýdemok" diýdi. Bu barada 14-nji iýunda ISNA agentligi habar berdi.

71 ýaşly Netanýahu Ysraýylyň 23-nji martda geçirilen saýlawlardan soňky iki ýylda dördünji gezek hökümeti düzüp bilmedi.

Netanýahu Likud partiýasynyň başlygy bolmagynda galýar.

Netanýahunyň kömekçisi Topaz Luk 14-nji iýunda Goşun radiosyna beren interwýusynda ozalky premýer-ministriň oppozisiýa lideri hökmünde “bu howply we aýylganç hökümete garşy göreşjekdigini” aýtdy.

Luk Netanýahu hakda aýdyp, "Onuň bu howply hökümeti gysga wagtda agdarmaga doly güýji bar" -diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG