Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran, ýadro desgasyndaky hadysada Ysraýyly günäläp, ar almak haýbatyny atdy


Eýranyň Yspyhanda Natanz ýadro desgasyny görkezýän emeli hemra suraty, 2020-nji ýylyň 21-nji oktýabry.

Eýran, Natanzdaky esasy ýadro desgasynda sabotaž bolmakda güman edilýän ýagdaý üçin "ar aljakdygyna" söz berdi we öz duşmany Ysraýyly günäkärledi. Bu ýagdaýyň ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp tarapyndan ret edilen 2015-nji ýylyň ýadro şertnamasyny dikeltmek babatyndaky diplomatik tagallalaryna kölege salmagy mümkin.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEO) başlygy Ali Akbar Salehi, "ýadro terrorçylygy" hereketiniň 11-nji aprelde Natanz ýadro desgasynda elektrik energiýasynyň näsazlygyna sebäp bolandygyny aýty. Ýurduň günortasynda ýerleşýän urany baýlaşdyryş desgasyndaky näsazlyk Tährandan günorta tarapda urany baýlaşdyryjy täze gurallaryň açylmagynyň ertesi ýüze çykdy.

Ýerasty Natanz desgasynyň Eýranyň urany baýlaşdyrmak maksatnamasy üçin uly ähmiýeti bar. BMG-nyň ýadro gözegçilik guramasy bolan Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) inspektorlary oňa gözegçilik edýär. Bu gurama hadysadan habarlydygyny aýtdy, ýöne düşündiriş bermekden saklandy.

Döwlet telewideniýesi 12-nji aprelde Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň bu wakada Ysraýylyň günäkärdigini aýdýandygyny we ýurduň ar almak isleýändigini habar berdi.

“Olar muňa ýol bermejekdiklerini köpçülik öňünde aýtdylar. Emma biz sionistlerden ar alarys” diýip, Zarif aýtdy, emma ol Ysraýylyň bu hadysa gatnaşygyna hiç hili subutnama bermedi.

Ysraýylyň köp sanly habar beriş serişdesi ady agzalmadyk habar çeşmelerine salgylanyp, ýurduň "Mossad" gizlin gullugynyň Natanzda üstünlikli sabotaž edendigini we munuň urany baýlaşdyryş işlerini birnäçe aý yza tesdirip biljekdigini habar berdiler.

Ysraýyl bu hadysadaky roluny kommentirlemedi we adatça gizlin operasiýalary agzamaýar, emma premýer-ministr Benjamin Netanýahu öz çykyşlarynda gaýta-gaýta Eýrany ýurdunyň esasy howpy diýip atlandyrýar.

"New York Times", ABŞ-nyň we Ysraýylyň aňtaw gulluklarynyň işgärlerine salgylanyp, Natanzda urany baýlaşdyrýan ýerasty sentrifugalary üpjün edýän içerki elektrik ulgamyny ýok eden “uly partlamada” Ysraýylyň rolunyň bardygyny habar berdi.

Aňtaw gullugynyň işgärleri elektrik ulgamyna ýetirilen zyýanyň Natanzda urany baýlaşdyrmak işleriniň azyndan dokuz aýlap yza çekilmegi üçin ýeterlikdigini aýtdy.

Eýranyň ýokary milli howpsuzlyk geňeşine ýakyn hasaplanýan "Nournews", aňtaw ministrliginiň ady agzalmadyk bir wekiline salgylanyp, elektrik togunyň kesilmegine sebäp bolan adamyň kesgitlenendigini we şol adamy tussag etmek üçin çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh hadysanyň ýüze çykan ýerinde "ýokançlygyň we adam ýitgisiniň" bolmandygyny aýtdy.

Ysraýyl geçmişde Eýrana garşy kiber hüjümleri amala aşyrmakda we ýadro alymlarynyň janyna kast etmekde güman edilýär.

Geçen ýylda Natanz ýadro desgasynyň ýokarky böleginde ýangyn döredi. Hökümet onuň Eýranyň ýadro programmasyny bozmak synanyşygy bolandygyny aýtdy. Noýabr aýynda Eýranyň ýokary derejeli ýadro alymy Mohsen Fahrizadeh Tähranyň golaýynda awtoulagyna edilen hüjümde öldürildi. Bu hüjümde Eýran Ysraýyly günäkärledi.

Ysraýyl Eýrana garşy uzak wagtlap dowam edýän kölegeli söweşini güýçlendirdi. Siriýada ýerleşýän eýran güýçlerine garşy howa zarbalary köpeltdi we şu aýyň başynda Ýemeniň kenarynda Yslam Rewolýusiýa Sakçylary tarapyndan ulanylýan gämä minaly hüjüm edildi.

Habar berlişine görä, Natanzdaky elektrik problemasy bu ýerde urany baýlaşdyrmagy çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýän täze güýçli sentrifugalaryň işe girizilmeginiň ertesi bolupdyr. Täze gurallaryň işe girizilmegi Tähranyň dünýä güýçleri bilen 2015-nji ýylda baglaşan ýadro şertnamasynyň şertlerini bozýar.

Bu waka Wenada ýadro şertnamasyny dikeltmek boýunça alnyp barylýan tagallalary sorag astyna goýýar. Ysraýyl ylalaşyga uzak wagtlap garşylyk görkezýär.

Eýranyň döwlet habar gullugy IRNA-nyň maglumatyna görä, daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Tähranyň Natanzdaky wakanyň diskussiýa täsir etmegine ýol bermejekdigini aýdypdyr.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ABŞ-nyň Eýran bilen halkara ýadro ylalaşygyna gaýtadan dolanmaga taýýardygyny aýtdy. ABŞ-nyň öňki prezidenti ylalaşykdan çykyp, Tährana garşy sanksiýalary girizdi. Eýran ABŞ-nyň 2018-nji ýylda şertnamadan çykmagyna ýadro çäklendirmeleriniň köpüsini kem-kemden bozmak bilen jogap berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG