Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň sudy aktiwisti gadagan edilen syýasy topar bilen baglanyşykda günäledi


Nurzhan Muhammedow we onuň aýaly sud jaýynda. Şimkent, 12-njy dekabr, 2019
Nurzhan Muhammedow we onuň aýaly sud jaýynda. Şimkent, 12-njy dekabr, 2019

Gazagystanyň günortasyndaky Şimkent şäheriniň sudy, bir aktiwisti gadagan edilen iki sany oppozisiýa topary bilen gatnaşykda aýyplap, şertli ýagdaýda azatlykdan mahrum etdi.

Karatau etrap sudy 15-nji iýunda 46 ýaşly Nuržan Muhammedowy Gazagystanda gadagan edilen "Demokratik Saýlawy" (DWK) atly hereketi we "Köşe" ("Köçe") partiýasy bilen arabaglanyşykda günäkärledi.

Şeýle hem kazyýet Muhammedowy ýol polisiýasyny kemsitmekde günäkärledi.

Oňa iki ýyl "azatlygyny çäklendirmek" we 140 sagat jemgyýetçilik işlerinde işlemek jezasy berildi. Şeýle hem aktiwiste üç ýyllap jemgyýetçilik we syýasy çärelere gatnaşmak gadagan edildi.

Muhammedow koronawirus çäklendirmeleri sebäpli sud diňlenişigine tussaghanadaky wideo arabaglanyşyk arkaly gatnaşdy. Aktiwist DWK ýa-da "Koşe" partiýasy bilen gatnaşygyny inkär etdi. Ýöne ol ýol polisiýasyny kemsidendigini boýun aldy we polisiýanyň özüniň erkin hereket etmäge konstitusiýa hukugyny bozmaga synanyşandygyny aýtdy.

Muhammedow ýanwar aýynda tussag edildi we 18-nji maýda sud edildi, höküm çykarylandan soň tussaglykdan boşadyldy.

Muhammetow tussaglykda saklanýan mahaly özüne bildirilýän ähli aýyplamalaryň ýatyrylmagyny talap edip, iki gezek açlyk yglan etdi.

Mundan öň oňa rugsat berilmedik ýörişlere gatnaşygy sebäpli bäş günden 15 güne çenli jerime salyndy we azatlykdan mahrum edildi. Gazagystandaky adam hukuklaryny goraýjy guramalar Muhammedowy syýasy tussag diýip ykrar etdiler.

Gazagystanyň kazyýetleri soňky ýyllarda DWK we "Koşe" partiýasyna goldaw berendigi ýa-da gatnaşandygy üçin birnäçe aktiwiste türme tussaglygy ýa-da şertli ýagdaýda azatlykdan mahrum etmek ýaly jeza berdi. Beýleki aktiwistler hem iki topar tarapyndan gurnalan rugsatsyz ýörişlere gatnaşandygy üçin türme tussaglygyny başdan geçirdiler.

DWK hereketine Gazagystanyň BTA bankynyň gaçgak öňki başlygy we Gazagystanyň hökümetini aç-açan tankytlaýan Muhtar Ablýazow ýolbaşçylyk edýär.

Gazagystanyň häkimiýetleri 2018-nji ýylyň mart aýynda DWK hereketini ekstremist topar hökmünde gadagan etdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar Gazagystanyň köpçülikleýin ýygnaklar baradaky kanunynyň halkara prinsiplerine ters gelýändigini aýdýarlar.

Kanun ýöriş gurnamak isleýän raýatlardan häkimiýetlerden öňünden rugsat almagy talap edýär. Şeýle hem, kanunda raýatlaryň erkin ýygnanyşmaga hukugynyň bardygyny kepil geçýän konstitusiýa garamazdan, rugsat berilmedik ýörişleri guraýanlary we oňa gatnaşýanlary jogapkärçilige çekmegi göz öňünde tutýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG