Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaz üçin bergili lebaplylaryň gazy we azyk paýy kesilýär


Döwlet dükanda satylýan çörek. Türkmenistan (arhiw suraty)
Döwlet dükanda satylýan çörek. Türkmenistan (arhiw suraty)

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary, gaz bergileri sebäpli azyk paýyndan mahrum edilýärler. Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, welaýat häkimiýetleri häzirki wagtda ilat tarapyndan gaz üçin alty aýlyk tölegleriniň netijelerini barlaýarlar. Bergili maşgalalar azyk paýyny ýitirýärler we gaz üpjünçiliginden kesilýärler, şeýle-de suda çagyrylýarlar.

Habarçylaryň sözlerine görä, häzirki wagtda birnäçe etrapda, şol sanda Farap we Darganata etraplarynda, karzy üzmek üçin hasaplaşyklar edilýär. Gaz üpjünçiligi üçin hasap her aýyň 10-na çenli ýöredilýär, soňra her 6 aýda ýarym ýyllyk balans jemlenýär, indi şonuň esasynda azyk paýyny bermek karar edilýär.

Gaz üçin tölegleri nagt tölemeli bolýar. Häzirki wagtda köp obalarda ilatyň aglaba köplüginiň karzy üzmäge asla puly ýok.

Azatlygyň habarçysynyň ýerli administrasiýa salgylanyp habar berşi ýaly, bu ýagdaý oba ýaşaýjylarynyň gazsyz galjakdygyny, şeýle hem un, ýag we şeker ýaly esasy azygy subsidirlenen bahadan satyn almak mümkinçiligini ýitirjegini aňladýar.

Mundan başga-da, bergidarlar suda çagyrylýarlar. Häkimiýetler bergili ýaşaýjylardan puly sud üsti bilen talap edýärler.

Darganata etrabynda 1 310 hojalygyň işi kazyýete berildi. Ondan öň bergidarlaryň jaýlary gaz üpjünçiliginden kesildi. Indi olara emläginiň konfiskasiýa edilmedi abanýar. Farapda ýagdaý has ganymat hasaplanýar, bu etrapda 600 töweregi maşgala bergidar çykdy. Gaz üçin bergili maşgalalaryň ählisi indi azyksyz we gazsyz galar.

Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň habar bermegine görä, bergidarlaryň sanawy pes girdejili maşgalalardan, şol sanda maýyplardan düzülýär. Işsizlik, azyk we derman ýetmezçiligi we gymmatçylygy, şeýle-de nagt pul ýetmezçiligi, aýlyklaryň we pensiýalaryň gijikdirilmegi köpleri agyr güne salýar.

"Örän garyplykda ýaşaýan, girdeji çeşmesi ýok diýen maşgala köp. Häkimiýetler olary diňlemeýär. Indi olar azykdan hem mahrum boldular. Nädip ýaşajakdygyny göz öňüne getirmek mümkin däl" -diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik lebaply ýaşaýjy aýdýar.

Birnäçe ýyl bäri azyk paýy adam başyna we maşgaladaky adam sany boýunça hasaplanyp satylýar. Ýylyň başyndan bäri döwlet tarapyndan ilata subsidirlenen nyrhdan satylýan azygyň möçberi azaldy, bahasy bolsa ýokarlandy.

Ýanwar aýynda unuň mukdary käbir regionlarda adam başyna 5 kilogramdan maşgala üçin 5 kilograma çenli azaldy. Käbir sebitlerde şeker ýaly beýleki subsidirlenen azyk önümleri her bir adam üçin däl-de, bir öý hojalygy, ýagny bir öýde ýaşaýan maşgala üçin hasaplandy. Bäş adamlyk maşgala üçin 1,5 litr ösümlik ýagy we 5 kg un satyldy.

Subsidirlenen bahalarda iýmit kartoçkalar ýa-da maşgala düzümi baradaky resminamalar esasynda satylýar.

Esasy azyk önümleriniň ýetmezçiligi we bazar bahalarynyň ýokarlanmagy dört ýyl bäri dowam edýär. Häkimiýetler krizisiň bardygyny resmi taýdan boýun almadyk wagtynda, ýurtda jemgyýetçilik nägileligi artýar. Oba adamlary azyk krizisini çözmek üçin ýerli häkimiýetlere köpçülikleýin ýüz tutýarlar.

Geçmişde azyk ýetmezçiligi güýçlenende, ýurduň häkimiýetleri nobatlaryň ýok edilmegi üçin çäre görýärler. Adamlar azyk satyn almak üçin gijelerine nobata durmaly bolupdy, dükanlaryň howlusynda ýolda görünmeýän ýerde gizlenipdi.

Maý aýynda paýtagt häkimiýetleri azyk nobatlaryny ýok etmek üçin subsidirlenen önümleri öýe eltip bermek tejribesini ulanyp başlady. Aşgabatdaky habarçylaryň maglumatlaryna görä, bu usul bilen köp adam döwlet dükanlarynda azyk satyn almak mümkinçiliginden mahrum boldy. Ençemesiniň öýüne azyk asla eltilmedi.

Правительство Туркменистана прячет продуктовые очереди для сохранения своего имиджа
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:40 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG