Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran ýadro desgasynyň “tehniki näsazlyk” sebäpli ýapylandygyny aýdýar


Eýranyň atom energiýa stansiýasy, Buşehr

Eýranyň atom energiýasy boýunça guramasy ýurduň ýeke-täk ýadro elektrik stansiýasynyň "tehniki näsazlyk" sebäpli wagtlaýyn ýapylandygyny aýdýar.

"Buşehr elektrik stansiýasy tehniki näsazlyk we Energetika ministrliginiň eden bir günlük duýduryşyndan soň wagtlaýyn ýapyldy we elektrik torundan aýryldy" -diýip Eýranyň Atom energiýasy boýunça guramasy geçen gije öz web sahypasynda ýazdy.

Agentlik ýurduň günortasyndaky port şäheri Buşehrdäki elektrik stansiýasynyň bu mesele çözülenden soň "ýakyn günlerde" milli elektrik ulgamyna birikdiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Döwlet elektrik kompaniýasynyň wekili Tawanir Golamali Rahşanimehriň aýtmagyna görä, desga "üç-dört gün" ýapyk bolar we bu aralykda elektrik togunyň kesilip durmagy ähtimal.

Tawanir öz beýanatynda ýadro desgasynyň abatlanýandygyny aýtdy we abatlaýyş işleriniň 25-nji iýuna çenli dowam etjekdigini habar berdi. Emma jikme-jikleri mälim etmedi.

Bu Eýranyň 2011-nji ýylda işe girizilen Buşehr zawodynyň gyssagly ýapylmagy barada ilkinji gezek habar bermegidir.

Russiýa desganyň gurluşygyny birnäçe ýyllap gijikdirenden soň tamamlapdy we onuň ýeke-täk reaktory 1000 megawat energiýa öndürýär.

2016-njy ýylda rus we eýran kompaniýalary bu ýerde goşmaça iki reaktor gurup başladylar. Olaryň gurluşygyna 10 ýyl töweregi wagt gerek bolar diýlip garaşylypdy.

Buşehr Russiýada öndürilen uran ýangyjy bilen işleýär we Tähran ýadro serişdelerini ýaýratmazlyk çäresi hökmünde ulanylan ýangyç önümlerini Russiýa ibermäge borçly bolýar.

Bu desga Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara atom energiýasy agentligi gözegçilik edýär. Bu gurama zawod baradaky maglumatlardan habarlydygyny boýun aldy, ýöne düşündiriş bermekden saklandy.

Bu desgada näsazlyklar şu ýylyň maý aýynda döräp başlady. Munuň öňüsyrasynda birnäçe şäher elektrik togunyň kesilmegine duçar bolupdy. Häkimiýetler munuň sebäbini düşündirip, gurakçylygyň gidroelektrik energiýasyna täsir edendigini we elektrik energiýasyna islegiň ýokarlanandygyny öňe sürdüler.

Buşehr welaýaty aprel aýynda ýer titremeden ejir çekdi. Eýranyň häkimiýetleriniň habar bermegine görä, bäş adam ýaralanypdyr, emma ýadro toplumyna "hiç hili zyýan" ýetmändir.

Şeýle hem aprel aýynda Eýran desgadaky partlamadan soň Natanz urany baýlaşdyryş zawodyna edilen hüjümde Ysraýyly günäkärledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG