Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Türkiýeden, Russiýadan raýatlaryny getirmegini dowam etdirýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli wagtynda watanyna dolanyp bilmedik raýatlaryny yzyna getirmegini dowam etdirýär. Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirus bilen baglanyşykly “ähli çäreleriň görülýändigini” öňe sürseler-de, Azatlygyň ýerli habarçylary ölüm howply ýokanç bilen ilteşikli ýagdaýlaryň galagoply bolmagynda galýandygyny belleýärler.

“Ýekşenbe güni giçlik Moskwadan ýörite uçar Türkmenabada gondy. Onuň bilen 125 ýolagçy getirildi. Olara entek Russiýada wagty waksina sanjymy urlupdyr. Olaryň ählisi karantin zolaklaryna ýerleşdirildi.” diýip, 21-nji iýunda Azatlygyň Türkmenabadyň aeroportyndaky çeşmesi gürrüň berdi.

Bellesek, mundan öň daşary ýurtlardan getirilen waksina sanjymyny urduran raýatlar beýlekilerden tapawutlylykda karantinde üç hepde däl-de, bir hepde saklanan bolsalar, indi olaryň hem karantinde bolmaly möhleti 21 güne uzaldyldy.

“Ýekşenbe güni Türkmenabadyň karantin zolagyndan 14-nji maýda Russiýadan getirilen raýatlar öýlerine goýberildi we dessine olaryň ornuna soňky reýsde gelenler ýerleşdirildi” diýip, çeşmämiz nygtady.

Şol bir wagtda, munuň öňýany karantin zolagynda adamlaryň arasynda düşünişmezlikleriň ýüze çykandygy hem belli boldy.

“Ozalky reýsde Russiýadan getirilenleriň arasynda öňki tussaglar hem bardy. Olar karantinde wagty hem özlerini gaty gödek alyp bardylar. Karantin möhleti gutarandan soňra, ýaşaýan ýerine laýyklykda, adamlary şol bir uçarda ilki Aşgabada, soňra hem Daşogza ibermek planlaşdyrylypdy. Emma aşgabatly ýetginjekler muňa garşy çykdylar. Netijede, häkimiýetde tanyşy bolan aşgabatlylary şol ýerde galdyrdylar, beýlekileri hem Türkmenabadyň aeroportunda goýup gaýtdylar” diýip, 21-nji iýunda karantinde saklananlaryň biriniň hossary gürrüň berdi.

Ol karantinden aeroporta eltilen raýatlaryň aglabasynda bilet satyn almaga-da pullarynyň ýokdugyny, resmileriň hem olara hiç hilli hemaýat bermändigini sözüne goşdy.

Bu aralykda, Russiýada galan türkmenistanlylary yzyna gaýtarmak maksady bilen, mundan beýläk Moskwadan Türkmenistana aýda iki gezek ýörite uçar reýsiniň ýola goýuljakdygy barada maglumat gowuşdy. Bu ýagdaýlardan habarly türkmen resmisiniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, bu rus häkimiýetleriniň Türkmenistana 15-nji sentýabra çenli Russiýadaky raýatlaryny çykarmak baradaky duýduryşy esasynda amal edilýär.

Ýatlatsak, apreliň aýagynda Russiýanyň içeri işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Russiýadaky ýörite tussaghanalardan öz raýatlaryny äkitmek üçin ädim ätmändigini ‘gynanç’ bilen belläpdi. Aleksandr Gorowoý bu barada pandemiýa döwründe migrasiýa proseslerini düzgünleşdirmek boýunça GDA-nyň Mejlisara assambleýasynyň maslahatynyň dowamynda çykyş edipdi.

Türkmen häkimiýetleriniň adaty halkara gatnawlaryny çäklendirmeginiň arasynda, Moskwadan aýda iki gezek ýörite uçar reýsini gurnamagynyň rus tarapynyň basyşy netijesinde mümkin bolandygyny resmi taýdan tassyklatmak başartmady.

Bu aralykda, 15-nji iýunda Türkiýeden hem ýörite uçar Türkmenbaşy şäherine gondy. Azatlygyň ýerli habarçysy uçar bilen aglaba ozaldan saglyk meseleleri bolan raýatlaryň getirilendigini anyklamagy başardy.

“Türkiýeden gaýdýan uçarlara diňe agyr hassalar goýberilýär. Olarda lukmandan ýörite kepilnama bolmaly. Tanyşlarymyň biri 500 dollar para bermäge razy bolsa-da, uçara goýberilmedi” diýip, Stambulda ýaşaýan türkmenistanlylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen hökümeti häzirki güni çenli ýurtda koronawirus hadysasynyň bellige alynmandygyny öňe sürýär. Emma Azatlygyň we beýleki garaşsyz türkmen habar beriş serişdeleriniň habarçylary koronawirus ýokuşan adamlaryň-da, ondan ýogalan adamlaryň hem sanynyň köpdügini tassyklaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG