Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň ýene bir tapgyryny yzyna getirdi


Türkmenistanyň häkimiýetleri we resmi mediasy daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna getirmegiň tertibini we möhletlerini öňünden yglan etmeýärler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we resmi mediasy daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna getirmegiň tertibini we möhletlerini öňünden yglan etmeýärler.

Türkmenistan koronawirus çäklendirmeleri sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna getirmegini dowam etdirýär. Türkmen häkimiýetleriniň COVID-19 aladalary sebäpli halkara uçuş gatnawlaryny wagtlaýyn togtatmagy bilen, ýüzlerçe raýat watanyna dolanyp bilmän, ýurduň daşynda kösençlik çekýär.

Azatlyk Radiosyna gowşan soňky maglumatlara görä, 27-nji aprelde ýörite uçar bilen Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alan 50 töweregi student Türkmenabada getirilip, soňy bilen-de şäheriň Ýokanç keseller hassahanasynyň çäginde esaslandyrylan karantin zolagyna ýerleşdirilipdir.

Mundan başga-da, Lebabyň çägindäki Farap gümrük nokadynda esaslandyrylan beýleki karantin sebitine Özbegistanda geçirilen agyr atletika boýunça çempionatdan gelen 23 türgen ýerleşdirilipdir.

Maglumat üçin aýtsak, 18-25-nji aprel aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkente geçirilen Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri iki kümüş we iki bürünç medaly almagy başarypdylar.

26-njy aprelde “Türkmenhowoýallary” gullugy Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň paýtagty Kazandan hem ýörite uçuşy amala aşyrdy. Emma ozal daşary ýurtlardan gelen uçarlaryň ählisi Türkmenabadyň aeroportunda gondurylan bolsa, Russiýadan gelen howa gämisi Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde gondy.

Azatlygyň habarçylary bu uçarda gelen raýatlaryň Russiýada koronawirusa garşy waksina sanjymyny etdirdeniklerini, şol sebäpli-de beýlekilerden tapawutlylykda karantinde has az möhlet saklanjakdyklaryny anyklamagy başardylar.

“Daşary ýurtlardan getirilýän raýatlar 21 gün möhlet bilen karantinde saklanmaly. Eger-de olar COVID-19-a garşy sanjym etdirip, degişli sertifikaty hem alan bolsalar, olar karantinde diňe ýedi gün geçirmeli” diýip, türkmenbaşyly saglyk işgäri Azatlygyň habarçysyna 3-nji maýda gürrüň berdi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran lukman 6-njy aprelde hem Kazandan Türkmenbaşa ýörite uçaryň gelendigini, ol bilen gelen raýatlaryň hem ozaldan waksina sanjymyny etdirendiklerini we karantinde bir hepde saklanyp goýberilendiklerini sözüne goşdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we resmi mediasy daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna getirmegiň tertibini we möhletlerini öňünden yglan etmeýärler, umuman, bu meseläni düýbünden agzamaýarlar.

Şol bir wagtda, serhetleriň ýapylmagy bilen daşary ýurtlardan wagtynda dolanyp bilmedik türkmenistanlylar pulsuzlykdan kösenýändiklerini, türkmen wekilhanalarynyň hem hemaýat bermeýändiklerini aýdýarlar. Galyberse-de, gurnalýan ýörite uçar gatnawlary bilen Türkmenistana getirilýänleriň sanawyna düşmek üçin para soralýandygy hem bellenilýär.

Mundan iki hepde ozal, pandemiýa döwründe migrasiýa proseslerini düzgünleşdirmek meselesine GDA-nyň Mejlisara assambleýasynyň maslahatynyň dowamynda, Russiýanyň içeri işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Russiýadaky ýörite tussaghanalardan öz raýatlaryny äkitmek üçin ädim ätmändigini aýdyp, bu ýagdaýy ‘gynanç’ bilen nygtapdy.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary Lebapda koronawirusa garşy edilýän waksina sanjymlarynyň depgininiň haýallandygyny aýdýarlar.

“Martda welaýat boýunça birinji töwekgelçilik toparyna girýän saglyk işgärleriniň diňe 3%-ne iki tapgyr waksina sanjymy edildi. Şondan bäri, medisina işgärlerine sanjym edilmedi” diýip, türkmenabatly lukman 3-nji maýda ýerli habarçylarymyzyň birine gürrüň berdi.

Mundan başga-da, häzir harby gulluga çagyryş möwsüminiň çäginde ýaş ýigitler ilki harby komissarlyga çagyrylyp, koronawirus testi geçirilip, diňe oňaýsyz netije bolsa, nobatdaky gün degişli harby berkitmelerine ýollanýar.

Türkmen häkimiýetleri koronawirusa dünýä boýunça 150 milliondan hem aşa adamyň ýolugandygyna, ol sebäpli 3 million 200 müň töweregi adamyň hem ölendigine garamazdan, ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýyny-da resmi taýdan hasaba almadylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG