Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Psihiatrlaryň aýlygy kemeldilip, pandemiýa garşy göreşýän lukmanlara goşmaça hak tölenýär


Döwlet telewideniýesinden alnan surat.
Döwlet telewideniýesinden alnan surat.

Türkmenistanda pandemiýa garşy göreşýän lukmanlara wada berilen 15 % goşmaça aýlyk haky iýun aýynyň başlarynda bölekleýin tölenip başlandy. Ýöne, şu aralykda, ruhy näsaglara seredýän lukmanlaryň aýlyk haklary 12 % kemeldi. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlara gije nobatçylyk üçin tölenýän goşmaça aýlyk haky hem kesildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Azatlyk Radiosy mundan ozal fewral, aprel we maý aýlarynda birnäçe gezek lukmanlaryň aýlyklarynyň kemeldilmegi barada habar berdi.

Ýatlasak, 2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň hökümeti ýokanç kesellere garşy göreşýän lukmanlara goşmaça töleg tölemegi kararlaşdyrdy.

Ýöne aýlyklaryň köpelmegine derek, fewral aýynda saglygy saklaýyş ulgamynyň işgärleri täze ýyla geçip, fewralyň başlarynda öz aýlyk haklarynyň 20 % kemeldilendigini aýtdylar.

Hökümet ýokanç kesellere garşy göreşýän lukmanlaryň aýlyklaryny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ýurtda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, umuman 10 % ýokarlandyrýandygyny yglan etdi.

Muňa garamazdan, saglygy saklaýyş pudagynda işleýänleriň ortaça aýlygy 2020-nji ýylyň başynda 1,800 manat bolan bolsa, 2021-nji ýylyň ýanwarynda, aýlyklaryň 10% göterilmeginden hem soň, bu ortaça 1,440 manat boldy.

Ýöne habarçy bilen adynyň efirde tutulmazlygyny haýyş edip, gürrüňdeş bolan bir psihiatryň sözlerine görä, täze ýyldan öň onuň alýan aýlygy 2,200 manada barabar ekeni, ýöne häzir ol 1,800 manat aýlyk alýar.

1800 manat walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça 515 dollara, gara bazaryň nyrhy boýunça 50-55 dollara barabar bolýar.

“Bu pul gymmatçylykda nämä ýetýär?” diýip, psihiatr sorag berdi.

Galyberse-de, ruhy näsaglara garşy göreşýän lukman diňe ýokanç kesellere garşy göreşýän lukmanlaryň aýlyklarynyň artdyrylmagyny adalatsyz hasaplaýar. “Biz hem näsag bejerdik” diýip, lukman aýdýar.

Ýöne hünärmenlere görä, ruhy keseller ýokanç kesel hasaplanmaýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, 15 göterim goşmaça aýlyk haky diňe ýokanç kesellere garşy göreşýän lukmanlara tölenýär.

Onda-da, bu goşmaça töleg ýokanç kesellere garşy göreşen ähli lukmanlara däl, eýsem, oktýabr-maý aýlary aralygynda 14 gün karantinde bolan lukmanlara we şepagat uýalaryna tölenýär.

“Aeroportuň işgärleri, keselleriň ýaýramagynyň we öňüni alyş bölüminiň işgärleri, Tiz kömek lukmanlary, sürüjiler pandemiýa döwri iş alyp bardylar. Olara-da 15 göterim goşmaça aýlyk tölenmeli” diýip, habarçy bilen gürrüňdeş bolan lukman aýdýar.

“Pandemiýa döwri köp saglyk işgäri pandemiýa garşy göreşdi. Biziň öňden gelýän 12 göterim goşmaçamyzy aýyrmadyk bolsalar gowy bolardy. Biz razy bolartyk” diýip, başga bir lukman Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Hökümet geçen sentýabrda lukmanlara tölenmeli goşmaça aýlyk haklarynyň çeşmesini aýdyňlaşdyrmady. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe lukmanyň sözlerine görä, hökümet ýokanç kesellere garşy göreşýän lukmanlara goşmaça töleýän aýlyk töleglerini, beýleki saglyk işgärleriň aýlygyndan kesmek arkaly maliýeleşdirýär.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Sadalaşdyrsak, Türkmenistanda geçen güýz ýokanç kesellere garşy göreşýän lukmanlara wada berilen goşmaça aýlyk haky bölekleýin tölenip başlandy. Bu diňe karantin merkezlerinde bolan lukmanlara we şepagat uýalaryna tölenýär. Ýöne ruhy näsaglara garşy göreşýän lukmanlaryň aýlyk haky we beýleki goşmaçalar 12 göterim azaldyldy.

Bu aralykda, Türkmenistan ýurtda resmi taýdan hasaba alnan koronawirus hadysasy barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG