Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Gyrgyzystana iň uly möçberde pomidorlary eksport etdi


Türkmenistanyň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilýän pomidorlar. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanyň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilýän pomidorlar. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-aprel aralygynda Gyrgyzystana pomidorlary iň uly möçberde eksport etdi. Bu barada Tazabek gyrgyz neşiri Statistika boýunça milli komitetiň sanlaryna salgylanyp habar berdi.

Maglumata görä, 2021-nji ýylyň dört aýynyň dowamynda Türkmenistan Gyrgyzystana umumy bahasy 3,15 million dollara deň bolan, 2956,4 tonna pomidory eksport edipdir. Türkmen pomidorlary ýanwar-aprel aralygynda Gyrgyzystana import edilen pomidorlaryň 55%-ni düzdi.

Bu aralykda, 7-nji iýunda Gazagystan Türkmenistandan import edilýän pomidorlarda we burçlarda karantin gurluşlaryň barha köp ýüze çykarylyp başlanmagy bilen, olara wagtlaýyn gadagançylyk girizdi.

Mundan öň, Russiýa eksport edilýän türkmen pomidorlarynda hem gürrüňi edilýän karantin gurluşlary tapylypdy. Rosshelnadzor bu ýagdaýlar dowam etse, onda türkmen pomidorlarynyň importyny çäklendirip biljekdigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG