Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda "pnewmoniýa" köpelýär, Awazada dynç alanlar karantinde bolmaly boldular


Hususy lukmançylyk klinikasynyň howlusyndaky nobat. Aşgabat, 2021-nji ýylyň iýun aýy.

Awazada dynç alýanlar Aşgabada gaýdyp gelenlerinden soň üç hepdelik karantinde bolmaly edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky birnäçe çeşmesi habar berdi. Bu aralykda, COVID-19 karantin zolaklarynda adamlar elhenç ýagdaýda saklanýarlar, ýurtda bolsa keselçiligiň täze tolkuny döredi, keselleýänleriň köpüsine dümew we pnewmoniýa diýlip diagnoz goýulýar.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary Hazar deňziniň kenaryndaky milli dynç alyş zolagynda dynç alandan soň 21 gün izolýasiýada galmaga mejbur boldular. Azatlygyň birnäçe habarçysynyň we çeşmesiniň habar bermegine görä, bu talap dynç alýanlara koronawirusa garşy sanjym edilendigine garamazdan, Awazadaky we Türkmenbaşydaky dynç alyş öýlerine we şypahanalaryna baranlaryň hemmesine degişli bolup durýar.

Awazada dynç almak üçin öňünden koronawirusa garşy waksina etdirmek zerur şertdir. Awaza zolagynda tomus dynç almak üçin COVID-19 garşy hökmany waksina etdirmek talaby 14-nji maýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda geçiren hökümet maslahatynda öňe sürüldi.

Häzirki wagtda ýurduň häkimiýetleri raýatlary dynç alandan soň karantine salmak baradaky täze talabyny resmi taýdan düşündirmeýärler, täze talap COVID-19​ boýunça adatdan daşary ýagdaýlar boýunça toparyň 18-nji iýunda geçirilenmejlisinden soň ýüze çykdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, şol ýygnakda "ýurduň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek üçin ileri tutulýan meseleler kesgitlenildi". Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan koronawirus keseliniň ýekeje-de ýagdaýyny şu çaka çenli resmi derejede ykrar etmedi. Bu maslahatyň yzýany Aşgabatda karantin çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik güýçlendirildi.

Indi dynç alýanlar Awazadan Aşgabat şäherine gaýdyp gelenlerinde 21 günlük karantinde, şol sanda Çoganlydaky karantin zolagynda bolmaly boldy. Şol bir wagtyň özünde, dynç alýanlar saglyk işgärlerine para bermek bilen hökmany karantinden sypyp bilýärler diýip, saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeler Azatlygyň habarçylaryna gürrüň berdi.

"Dynç alýanlar indi näme üçin Awaza dynç almaga gidendiklerine ökünýärler. Pul tölendi, sanjym edildi. Indi bolsa 21 gün karantin edilýär" -diýip, täze talap bilen ýüzbe-ýüz bolan söhbetdeşlerden biri aýdýar.

Bir aý öň ýurduň häkimiýetleri raýatlaryň şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde dynç almagy üçin guramaçylykly kampaniýa alyp bardylar. Hususan-da, býujet işgärleri ýolbaşçylaryň basyşy astynda Awaza ýollanma satyn almaga mejbur boldular. Döwlet habar beriş serişdeleri maý aýynyň ahyryna çenli Awazada dynç almak üçin 2 257 ýollanma satandygyny habar berdiler.

Şol bir wagtyň özünde köpler ulag çäklendirmeleri bilen baglanyşykly kynçylyklara duçar boldular. Azatlygyň habarçylary Lebap welaýatynda uçarlaryň, otlularyň we awtobuslaryň ýetmezçiligi sebäpli Awazada dynç almak üçin ýollanma satyn alan ýaşaýjylaryň milli kurort zolagyna baryp bilmeýändiklerini habar berdiler.

Bu aralykda, Türkmenistanda karantin zolaklarynda elhenç şertler saklanýar. 21-nji iýunda Azatlyga Balkanabadyň golaýyndaky karantin zonasyndaky käbir ýagdaýlar mälim boldy. Bu ýere hususan-da 16-njy iýunda Türkiýeden Türkmenistana getirilen ýolagçylar ýerleşdirildi. Karantine salnan adamlara we olaryň garyndaşlaryna zolagyň ýerleşýän ýeri barada anyk maglumat berilmeýär.

"Ilki bilen asla iýmitlendirmediler, indi naharlaýarlar, ýöne ol nahary iýmek mümkin däl, içmek üçin berilýän suw ysly, içmek mümkin däl, ýuwunmak üçin hem suw ýok. Bu hakyky konslager" diýip, çeşmeleriň biri anonim şertde habar berdi. Onuň sözlerine görä, adamlar azyk we suw satyn almaga taýyn, ýöne olara beýle mümkinçilik berilmeýär.

Onýyllyklaryň dowamynda ýurduň hökümeti ilata ýurtdaky keselçilik barada umumy statistikany bermän gelýär. Ýurduň metbugaty saglyk problemalary beýan etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler ilatdan edýän talaplaryny yzygiderli güýçlendirýär, esasanam koronawirusyň dünýä ýaýramagynyň fonunda.

Garaşsyz Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, maý-iýun aýlarynda tomsuň yssy howasynyň gelmegi bilen türkmen lukmanlarynyň dümew ýa-da pnewmoniýa diýip görkezilýän diagnozlary goýulmagy Aşgabatda ýygy-ýygydan ýüze çykdy.

"Aslynda bu koronawirusyň üçünji tolkundan başga zat däl ýaly. Birinjisi geçen ýylyň tomsunyň başynda we ortasynda, ikinjisi dekabr aýyndan şu ýylyň fewral aýyna çenli ýüze çykdy" diýip, neşir öz maglumatynda belleýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG