Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny ýitirdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, sagdyn durmuş ýörelgesiniň we welosiped sürmegiň esasy hemaýatçysy.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriljegi planlaşdyrylan tigir sürmek boýunça dünýä çempionaty Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçiriler. Bu barada 3-nji iýunda Halkara welosiped birleşigi (UCI) yglan etdi. UCI guramasynyň web sahypasynda ýerleşdirilen habara görä, çempionatiň ilkinji görnüşde geçirilmegi guramaçylaryň haýyşy boýunça ýatyrylypdyr "[gatnaşyjylaryň] saglygyny goramak baradaky aladalar we Covid-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler ýaryşyň bu ýurtda geçirlmegine ýol bermeýändigi" aýdylypdyr. Çempionatyň esasy guramaçysy bolan UCI-niň beýanynda haýsy guramaçylaryň Aşgabatdaky ýaryşy ýatyrmak isländigi görkezilmeýär.

Tigir sürmek boýunça dünýä çempionaty 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda geçirilmelidi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, esasanam Türkmenistanda welosiped sürmegiň ösüşiniň ideýasynyň esasy hemaýatçysy hökmünde ýetip gelýän sport çäresine uly ähmiýet berdi. Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny almakda türkmen liderine Türkmenistanyň energiýa pudagy bilen işleşýän rus oligarhy Igor Makarow kömek etdi. ARETI kompaniýalar toparynyň eýesi UCI ýetiriji komitetiniň agzasy, şeýle hem Türkmenistanyň prezidentiniň nebit we gaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýolbaşçysy.

2019-njy ýylda Aşgabatda ýaryşyň geçirilmegi yglan edileli bäri, adam hukuklaryny goraýjylar we aktiwistler awtoritar Berdimuhamedowyň režimi tarapyndan dolandyrylýan ýurtda halkara sport çäresiniň geçirilmegine alada bildirdiler.

Bellemeli ýeri, çempionatyň Glazgoga geçiriljegi barada habar ilkinji gezek UCI-iň twitter hasaby arkaly mälim edildi, emma bu habar gysga wagtda öçürildi.

“Täze ýerde geçiriler! 2021-nji ýylda Tissot tarapyndan maliýeleşdirilýän welotrek boýunça dünýä çempionaty Glazgoda geçiriler. Jikme-jiklikler dowam eder# Glazgow 2021"-diýlip, Cycling News neşiri öçürlen maglumaty sitirleýär.

3-nji iýunda Aşgabatda dünýä çempionaty ýatyrylan güni Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda köpçülikleýin welosiped sürüşleri geçirildi. 50 gradus yssyda we koronawirus pandemiýasynyň agyrlaşýan ýagdaýynda, tutuş ýurt boýunça müňlerçe býujet işgäri zor bilen welosiped sürmäge äkidildi.

Bu, guramaçylaryň awtoritar ýurtlarda geçirilmeli welosiped sürmek boýunça uly çempionatlaryny bir hepdäniň içinde ikinji gezek ýatyrmagydyr. 27-nji maýda Tigir sürmek boýunça Ýewropanyň Bileleşigi (UEC) Belarusda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň ýatyrylandygyny habar berdi. Bu, Belarus režiminiň Ryanair uçaryny Minskde zor bilen gonduryp, oppozisiýa žurnalisti Roman Protasewiçi tussag edeninden soň boldy.

Geçen ýyl, 2-nji iýunda, Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda, Halkara welosiped birleşigi Berdimuhamedowa ozal hiç kimiň almadyk iň ýokary baýragyny gowşurdy.

Soňra UCI-iň bu ädimi "ahlak meselesi we Aşgabat bilen gatnaşyklardaky bähbit gapma-garşylyklary bilen baglygy" sebäpli tankyt edildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda döredilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda welosiped ýadygärligi guruldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG