Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazanyň azaby: çäkli transport gatnawlary sebäpli dynç alyşa ýollanma alanlaryň ýollanmalary köýýär


Awazanyň kenary. Arhiw suraty. Sentýabr, 2019 ý.
Awazanyň kenary. Arhiw suraty. Sentýabr, 2019 ý.

Awazada dynç almak üçin mejbury ýollanma alan Lebap raýatlarynyň ýollanmalary çäklendirilen transport gatnawlary sebäpli köýýär. Üstesine, dynç alyş üçin talap edilýän şertler köpleri köseýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysyna görä, ýollanma alan adamlar ýeterlik uçar, otly we awtobus gatnawlarynyň ýokdugy sebäpli Awaza gidip bilmeýärler.

Tomus aýlarynyň gelmegi bilen dynç alyş möwsümi başlady. Ýöne pandemiýa bilen bagly çäklendirmeler adamlaryň syýahat mümkinçiliklerini çäklendirýär.

Nobatdaky dynç alyş möwsüminde Awazada dynç almagyň tertibi prezidentiň 14-nji maýda Balkanda geçiren göçme mejlisinde yglan edildi. Täze talaba görä, raýatlar dynç alşa gitmezlerinden öň welaýatlarda we Aşgabat şäherinde COVID-19-a garşy sanjym almaly.

Döwlet mediasy maýyň aýagyna çenli ýurt boýunça 2257 adama Awazada dynç almak üçin ýollanma resmileşdirilendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli resmiler öz ýollanmalaryny “mejbury” atlandyrýarlar.

Farap häkimliginiň bir zenan işgäri çäkli gatnawlar sebäpli ýollanma alan adamlaryň Awaza gidip bilmeýändiklerini we eden çykdajylarynyň köýýändigini gürrüň berdi.

Ol dynç alyş möwsüminde häkimiýetleriň Awaza goşmaça transport gatnawlaryny girizmegi wada berendiklerini, ýöne bu wadalaryň iş ýüzünde amal edilmeýändigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysynyň maglumatlaryna görä, adamlar tölegli sanjym kabul etmek üçin hem-de özleriniň koronawirusa garşy sanjym kabul edendikleri barada tassyknama almak üçin Awazadan otel bronlaýarlar.

Birinji habarçy Awazada dynç almaga mejbur edilýän adamlardan hökmany suratda Awaza barmagyň talap edilýändigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, Lebapda ýollanma alan adamlar özleriniň Awazadaky Lebap myhmanhanasynda dynç alandyklaryny tassyklaýan kepilnamany işleýän edarasyna tabşyrmaly.

“Eger şeýle kepilnamany tabşyrmasalar, olaryň işden kowuljakdygy aýdyldy. Döwlet tarapyndan goýlan ýörite awtobuslar bolmansoň, döwlet işinde işleýän adamlar taksi üçin goşmaça çykdajy edýärler” diýip, bir döwlet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne habarçylaryň we çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Awaza baransoňam adamlar dürli çäkldendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“Dynç alýan adamlara deňize girmek gadagan edilýän ýaly. Diňe howuzda ýüzmäge rugsat berilýär, ol hem diňe agşam 9-a çenli” diýip, bir ýaşaýjy habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýöne habarçy Awazada adamlaryň deňize girmegi bilen bagly düzgünleriň töweregindäki beýleki ýagdaýlarY öwrendi. Käbir maglumatlara görä, doly güýjünde deňiz gadagançylygy ýok, bu düzgüni kesgitlemek her myhmanhananyň öz ygtyýarynda.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Awazada myhmanhana işgärleriniň ählisi koronawirusa garşy sanjym kabul edipdirler, şol bir wagtyň özünde Türkmenbaşyda 75 ýaşdan ýokary adamlara wirusa garşy mugt sanjym edilipdir.

Ýöne Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary deňiz kenarlaryndaky bellenen dynç alyş zolaklarynda deňize girmek üçin koronawirusa garşy saglyk barlagyndan geçmeli we sanjym kabul eden bolmaly.

Galyberse-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, welaýatlardan ýa-da Aşgabat şäherinden Awaza gitjek adamlar Migrasiýa gullugyndan hat almaly.

“Meniň üçin iň gyzykly ýeri, dynç alyşa gitmek üçin Migrasiýa gullugyndan ýörite hatyň talap edilmegi” diýip, bir türkmenistanly aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG