Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Fransiýa Eýranyň Atom agentligi bilen baglaşylan wagtlaýyn şertnamanyň möhletini uzaltmaýandygyna alada bildirýärler


Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Wenadaky baş edarasy (arhiw suraty)
Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Wenadaky baş edarasy (arhiw suraty)

BMG-niň ýadro gözegçilik edarasy Eýrandan wagtlaýyn ýadro gözegçilik şertnamasynyň möhletini uzaltmak boýunça hiç hili jogabyň bolmandygyny aýtdy. Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bu barada 25-nji iýunda mälim etdi.

Mundan öň, ABŞ we Fransiýa şertnamanyň möhletiniň uzaldylmazlygy 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny dikeltmek baradaky alnyp barylýan gepleşiklere ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini duýdurdylar.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň we Eýranyň arasynda fewralda baglaşylan wagtlaýyn gözegçilik şertnamasynyň möhleti 24-nji iýunda tamamlandy. Bu şertnamanyň çäginde halkara jemgyýetçiligi Eýranyň ýadro programmasy babatyndaky özgerişlerden habarly bolupdy.

Atom agentliginiň başlygy Rafael Grossiniň 25-nji iýunda aýtmagyna görä, Eýran gözegçilik şertnamasynyň möhletini uzaltmaga meýillidigi barada hiç hili yşarat görkezmedi, şeýle-de ugradylan hatlara jogap bermedi.

“Bu mesele boýunça Eýranyň gyssagly jogaby gerek” diýip, Grossi aýtdy. Ol agentligiň Eýrandaky gözegçilik işlerini dowam etdirmeginiň “aşa möhümdigi” hem sözüne goşdy.

Eger-de ylalaşygyň möhleti uzaldylmasa, onda munuň 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasyny dikeltmek boýunça Wenada alty hepde bäri alnyp barylýan gepleşiklere howp abandyrmagy mümkin.

“Halkara atom agentligi baradaky mesele çynlakaý aladalary döredýär” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 25-nji iýunda Parižde özüniň fransuz kärdeşi bilen birlikde geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG