Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýa belarus oppozisiýasy üçin resmi wekilhanany döretmäge razylyk bildirdi


Swetlana Tsihanouskaýa
Swetlana Tsihanouskaýa

Çehiýa, Belarusda awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenkanyň ýolbaşçylygyndaky rehimsizlige garşy göreşýän belarus oppozisiýasy üçin Pragada resmi ofis açmaga razy boldy.

Daşary işler ministri Ýukub Kulhanek oppozisiýa lideri Swýatlana Tsihanouskaýanyň Praga eden saparyndan birnäçe hepde soň yglan eden karary barada ýazan twitinde "Belarus oppozisiýasy Çehiýanyň biragyzdan goldawyny alar we goldanar" -diýdi.

Belarus oppozisiýasynyň Litwada we Polşada eýýäm şuňa meňzeş wekilhanalary bar.

"Bu 1920-njy ýyllarda demokratik ruslaryň Pragada howpsuz ýer tapan döwri baradaky gowy ýatlama" diýip, Pragadaky Ýewropada howpsuzlyk syýasaty merkeziniň müdiri Ýakub Ýanda twitinde ýazdy.

Lukaşenkanyň režimi, 2020-nji ýylyň awgust aýynda çekeleşikli saýlawlardan soň syýasy oppozisiýa we garaşsyz metbugata rehimsizlik bilen basyş edeninden bäri halkara basyşlaryna sezewar boldy.

Demonstrantlar saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny we oppozisiýa dalaşgärleriniň ýeňiji bolandygyny aýtdylar.

ÝB, ABŞ we beýleki ýurtlar ses berişligiň resmi netijelerini ykrar etmekden ýüz öwürdiler we Lukaşenkany ýurduň kanuny lideri hasaplamaýarlar.

XS
SM
MD
LG