Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki türkmenler bilim, medeniýet we ýardam guramasyny döretdiler


Illýustrasiýa suraty 
Illýustrasiýa suraty 

Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň aktiwligi has-da ösdi we olar türkmen häkimiýetleriniň esasan, syýasy, sosial-ykdysady syýasatlaryny tankytlaýarlar we il bähbitli reformalary durmuşa geçirmegi talap edýärler. Golaýda Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlarynyň hususan, sosial problemalarynyň çözülmegine kömek bermegi maksat edýändigi aýdylýan “Oguzboýy” bilim, medeni we ýardam beriji resmi däl jemgyýet Türkiýäniň Stambul şäherinde döredildi.

Jemgyýeti esaslandyryjylaryň biri Nurmuhammet Annaýewiň Azatlyk Radosy bilen söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, Türkiýede şeýle jemgyýete zerurlyk we islegler bar.

“Türkiýede birgiden türkmenistnly raýatlarlarymyz bar. Olaryň ählisi hem kömege, ýardama mätäç. Biz şeýle zerurlyklar üçin bir gurama bolsun diýip, hukuk taýdan zemini berk, kömek almakda, bermekde bir düzgüni esasa borçlanyp şeýle guramany döretdik. Muňa-da halkyň isleg bildirýändigini bizi begendirýar ” diýip aktiwist aýdýar,

Annaýew jemgiýetiň esasy maksady Türkiýedäki türkmen raýatlaryna hukuk goldawyny bermek, medeni, bilim ugrundan dürli işleri gurnamak diýýär.

- Biziň maksadymyz barada aýdylsa, halkymyz 30 ýyllap agzybirlikden, jebislikden daşlaşdy. Sebabi, Türkmenistanyň syýasaty halky her kimiň öz gününi özi görmeli ýaly düzgüne getirdi. Şonuň üçinde, Türkiýede hem gününi görüp ýörenler bar. Emma, gynansagam, olaryň arasynda kömek eli uzadylmaýan, kösenýän maşgalalar, migrantlar, türk raýatyna durmuşa çykan zenanlar we iki raýatlyk alan ildeşlerimiz bar. Bularyň ählisine kömegiň zerurdygyna göz ýetirdik. Ine,şolar üçin hukuk taýdan bir gurama bolsa, kem bolmaz diýip şu ýola girdik.

Olara hukuk taýdan kömek etmek, birek-birege goldaw bermek, ýardam etmek, belki konferensiýalary geçirmek, milli, medeni baýramçylyklarymyzy gurnamak isleýäris” diýip, “Oguzboýy” jemgyýetini esaslandyryjylaryň biri Annaýew aýdýar.

Annaýew ýakyn geljekde türkmen raýatlarynyň bir ýere jemlenmegi üçin dürli medeni çäreleri guramagy, Gurbanlyk baýramynda milli däp-dessurlara laýyk toplanmagy, jemgyýetiň türkmen we türk dillerinde internet sahypasyny açmagy göz öňünde tutýandyklaryny hem Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde habar berdi.

Ýöne, bu täze guramanyň açylmagy we oňa haýsyda bir goldawyň beriljekdigi barasynda türkmen resmilerinden pikir alyp bolmady.

Şol bir wagtda, Türkiýede ýaşaýan raýatlar mundan owal hem käbir resmi däl toparyň döredilendigini, olaryň zähmet migrantlaryndan maddy kömek ýygnandygyny we soňunda känbir netijeli iş etmändigini aýdýarlar.

Şeýlede 2018-nji ýylda Türkiýede okaýan we studentleriň raýdaşlyk guramasyny döreden 26 ýaşly Ömruzak Omarkulyýew parlament saýlawlaryna synçy bol diýip, türkmen resmileriniň aldawy netijesinde Aşgabada getirildi we yzyna goýberilmedi.

Azatlyk Radiosyna gowşan maglumata görä, Omarkulyýew "watana dönüklikde" aýyplanypdyr. Soňra bolsa, türkmen häkimiýetleri Omarkulyýewiň goşun gullugyna çagyrylandygyny öňe sürdüler, ýöne üç ýyl geçendigine garamazdan, onuň ykbaly barada hiç zat mälim däl. Ömruzak Omarkulyýewiň şu ýyl 28 ýaşy dolmaly, ol 2018-nji ýylyň mart aýynyň başynda ýitirim bolupdy.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda resmi däl guramalary döretmäge ýurdyň kanunçylygynyň rugsat edýändigine garamazdan, islendik raýatyň şeýle topary döretmäge mümkinçilikleri örän çäkli. Çünki, häkimiýetleriň olara dürli päsgelçilikleri hatda, haýbat atmak ýaly bikanun hereketlerden hem heder etmeýändiklerini adam hukuklary boýunça halkara guramalarz öz hasabatlarynda yzygiderli belleýärler.

Emma, türkmen resmileri halkara ýygnaklarda şeýle maglumatlary ret edýärler we adam hukuklarynyň ýurduň Baş kanunynda kepillendirilýändigini tekrarlaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG