Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ömruzak Omarkulyýewiň dereksiz ýitirim edilenine üç ýyl bolsa-da, ondan habar ýok


Ömruzak Omarkulyýew

Şu günlerde Ömruzak Omarkulyýewiň Aşgabatda dereksiz ýitirim bolanyna üç ýyl dolýar. Türkiýede okap ýören türkmen jemgyýetçilik aktiwistini aldaw ýoly bilen Türkmenistana çagyryp, ony 20 ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Azatlyk Radiosyna gowşan maglumata görä, Omarkulyýew "watana dönüklikde" aýyplanypdyr. Soňra bolsa türkmen häkimiýetleri Omarkulyýewiň goşun gullugyna çagyrylandygyny öňe sürdüler, ýöne üç ýyl geçendigine garamazdan, onuň ykbaly barada hiç zat mälim däl.

Ömruzak Omarkulyýewiň şu ýyl 28 ýaşy dolmaly, ol 2018-nji ýylyň mart aýynyň başynda ýitirim boldy. Şol döwürde Azatlyk Radiosynyň we beýleki garaşsyz neşirleriň beren maglumatyna görä, ony Aşgabatdan Türkiýä goýbermändirler. Şeýle hem onuň ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna kömek sorap ýüz tutandygy mälim.

Ýitirim bolmazyndan sähel wagt öň, 2018-nji ýylyň 11-nji martynda Omarkulyýew Azatlyk bilen habarlaşyp, şol ýylyň fewral aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň özüne ýurda dolanmagy we türkmen ýaşlarynyň wekili hökmünde, türkmen parlamentine saýlawlaryň öň ýanyndaky çärelere gatnaşmagy teklip edendiklerini aýtdy. Şeýle hem oňa Türkmenistanyň mejlisinde çykyş etmek teklip edilipdir, ýöne bu amala aşmady. Ol çäreleriň birine gatnaşandan soň, elinde belli senä bellenen biletiň bardygy üçin, Türkiýä gaýtmak kararyna geldi.

«Men şol çärä 21-nji fewralynda gatnaşdym. Ertesi güni, 22-nji fewralda, irden sagat 7:30, Aşgabat-Stambul uçary bilen yzyma dolanmalydym. Emma migrasiýa gullugy maňa geçmäge rugsat bermedi. Sebäbini soranymda, "pasporty okap bolmaýar" diýdiler. Şol günüň özünde pasportymy barlamak üçin, migrasiýa gullugyna bardym, ýöne ol ýerde hiç hili kemçilik tapmadylar. Munuň sebäbini anyklamak kararyna gelip, migrasiýa gullugynyň başlygy bilen duşuşdym. Ol hem munuň sebäbini düşündirmän, indi ýurtdan çykyp bilmejekdigimi aýtdy» diýip, Omarkulyýew şol gezek Azatlygyň žurnalisti bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şol söhbetdeşlikde Omarkulyýew Baş prokuratura, Içeri işler we Daşary işler ministrligine okuwa gaýdyp barmaga kömek berilmegini haýyş edip, ýüz tutandygyny aýtdy. Ol 22-nji fewraldan 1-nji marta çenli Aşgabat aeroportunda ýatyp-turup, Türkiýä uçmaga synanyşdy.

«Soňra 9-njy martda men ýene bir gezek Aşgabat aeroportundan uçmaga synanyşdym, meni ýene yzyma gaýtardylar. Maňa okuwymy dowam etdirmek üçin gidip bilmejekdigimi aýtdylar. Indi näme etjegimi bilemok. Aýalym Türkiýede, onuň ýagdaýy agyr. Belki, meniň ýagdaýym baradaky habarlar halkara radiosynda efire berlensoň, ony ynjalyga goýýan däldir. Komitetçileriň – howpsuzlyk işgärleriniň maňa näme etjegini bilemok. Men hormatly prezidentimize ýüzlenmek isleýärin. Maňa Türkiýede okuwyma gaýdyp barmaga rugsat beriň. Aýalym alada galýar. Ol garaşýar» diýip, Omarkulyýew ýitirim bolmazyndan öňinçä beren soňky interwýusynda aýtdy.

Şol söhbetdeşlikden soň Ömruzagyň derrew öz ýagdaýy barada, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna kömek sorap ýüz tutandygyny Azatlyk aýdypdy. Şondan soň onuň bilen aragatnaşyk ýitdi. Azatlygyň žurnalisti hem beýleki neşirleriň žurnalistleri, şeýle-de Amerikanyň ilçihanasynyň işgärleri Omarkulyýewi tä 2018-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan tussag edilendigi anyklanýança, iki aýlap tapmaga synanyşdylar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlary 2018-nji ýylyň iýun aýynda tassyklamagy başardy. Birnäçe çeşmäniň aýtmagyna görä, Ömruzak Omarkulyýewiň maý aýynda ýapyk sudda "watana dönüklik" aýyplamasy bilen 20 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini habar berdi.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, bir sagatdan hem az wagt dowam eden kazyýet mejlisine onuň hossarlaryndan hiç biri çagyrylmandyr. Çeşmeler diňe hökümiň bir nusgasynyň ene-atasyna gowşurylandygyny aýtdylar. Azatlyga gowşan habara görä, Ömruzagyň düşen ýagdaýy onuň kakasyna güýçli urgy bolupdyr. 50 ýaşly Şirinbaý Omarkulyýew şondan birnäçe gün soň, ýerli keselhanada aradan çykdy.

Ahyrky netijede Omarkulyýewiň ykbaly barada daşary ýurt diplomatlarynyň soraglaryndan soň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýaş ýigidiň goşuna çagyrylandygyny aýtdy. Şol maglumat türkmen häkimiýetlerine ýakyn aktiwistler tarapyndan öňe sürüldi. Emma iki ýyldan soň, gulluk möhleti tamamlansa-da, Omarkulyýewden habar ýok.

Azatlyk Radiosynda Ömruzagyň özi tarapyndan ýazyldy diýilýän hatyň nusgasy bar, ýazmagyna görä, onuň “Dünýä Türkmenleri” programmasyna interwýu berendigi üçin, şeýle kynçylyklara duçar bolandygyny käbir adamlar düşündiripdir. Onuň aldaw ýoly bilen Türkmenistana iberilmeginden birnäçe hepde öň Omarkulyýew Azatlyk bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Ömruzagyň ýitirim bolanyndan bir ýarym ýyl soň, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda, Türkmenistanyň alyp barýan režimi baradaky çykyşlary bilen tanalýan türkmen žurnalisti Döwletmyrat Ýazgulyýew YouTube-de çykyş edip, Omarkulyýewi harby eşikde görkezýän wideosyny ýaýratdy hem hamana onuň gulluk borjuny ýerine ýetirýändigini aýtdy. Azatlyk Radiosynyň öňki žurnalisti hem türkmen häkimiýetleriniň basyşy astynda öz gatnaşygyny bes eden D. Ýazgulyýew Ömruzagyň kakasy Şirinbaý Omarkulyýewiň diridigini öňe sürdi. Wideoda hakykatdanam Şirinbaý Omarkulyýewe gaty meňzeş bir adam görkezildi, ýöne näme üçindir Ömruzagyň ejesi Gyzlargül görünmedi.

Mundan başga-da, Azatlyk Radiosynyň öňki žurnalisti tarapyndan düşürilen wideonyň köp jikme-jiklikleri onuň aýdýanlarynyň dogrulygyna şübhe döretdi.

Geçen ýyl özüni Omarkulyýew diýip atlandyrýan bir adam daşary ýurtdaky türkmen aktiwistleri bilen habarlaşdy. Hakykatdanam aktiwistleriň onuň Omarkulyýewdigine ynanmaga esaslary bolsa-da, onuň bilen gaýtadan habarlaşmak başartmady. Azatlyk Radiosy soňky üç ýylda Ömruzagyň hossarlary bilen habarlaşmaga birnäçe gezek synanyşdy, ýöne bize mälim telefonlaryň hiç biri-de jogap bermedi.

Geçen ýyl Azatlygyň çeşmelerinden biri onuň Marydaky türme keselhanasynda bolýandygyny öňe sürdi, ýöne bu maglumaty beýleki çeşmeler tarapyndan tassyklatmak entek mümkin bolmady.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Freedom Now” adam hukuklary guramasy 15-nji martda Omarkulyýewiň takmynan üç ýyl ozal ýitirim bolandygyny ýatlatdy.

«Takmynan üç ýyl ozal Ömruzak Omarkulyýew ýitirim boldy. Daşary ýurtda okaýan ýaş talybyň aldaw ýoly bilen Türkmenistana getirilip, 20 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi aýdylýar. Biz onuň haýal etmezden we şert goýulmazdan boşadylmagyna çagyryş edýäris» diýip, Freedom Now öz Twitter sahypasynda ýazýar.

Omarkulyýewiň ýitirim bolanyndan bäri geçen üç ýylyň dowamynda, türkmen häkimiýetlerinden, ony derrew azatlyga çykarmak barada, halkara guramalary, ABŞ-nyň täsirli senatorlary we syýasatçylary çagyryş edip gelýärler. 2020-nji ýylyň iýulynda ABŞ-nyň prezidentligine öňki kandidat Mitt Romney bilen birlikde Birleşen Ştatlaryň 12 senatory Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderlerine ýüzlenip, syýasy tussaglary, şol sanda Ömruzak Omarkulyýew bilen Gulgeldi Annanyýazowy azatlyga goýbermek barada çagyryş etdiler.

Şeýle hem geçen ýylyň iýun aýynda ABŞ-nyň OSCE-däki ilçisi Jeýms S. Gilmour Türkmenistandaky adam hukuklary meselesi maslahat edilende, eger Omarkulyýew goşuna çagyrylaýan bolsa-da, «şu wagta çenli ol harby gullugyny tamamlamaly we okuwyny dowam etdirmegini başarmalydy» diýdi.

“Olary diri görkeziň!” halkara kampaniýasy Ömruzak Omarkulyýewi Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilenleriň ýüzlerçesinden biri hasaplaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG