Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň "ýokdugyny" tekrarlady


Ýüzi maskaly aýal maşgala. Aşgabat
Ýüzi maskaly aýal maşgala. Aşgabat

Türkmenistanyň prezidenti soňky 10 günüň dowamynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary bilen ikinji gezek maslahat geçirdi. Bu koronawirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň dünýäniň azyndan 85 ýurdunda ýüze çykarylmagynyň we bu sebäpli käbir döwletleriň öňüni alyş, şol sanda petiklenme çärelerini ýaňadandan ornaşdyrýan döwrüne gabat geldi. Şol bir wagtda, koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistan paýtagtda dezinfeksiýa işlerini güýçlendirdi.

27-nji iýunda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň maslahatyna gatnaşyjylar, şol sanda prezident Berdimuhamedow ýene bir gezek Türkmenistanda “ähli çäreleriň görülýändigini” gaýtalady, şeýle-de ýurt çäginde ölüm howply wirus bilen kesellenen ýagdaýyň ýüze çykarylmandygyny öňe sürdi.

Emma Berdimuhamedowyň bu baradaky dowamly çykyşlary bilen birlikde, Azatlygyň we beýleki garaşsyz türkmen neşirleriniň habarçylary koronawirus ýokuşan adamlaryň-da, ondan ýogalan adamlaryň hem sanynyň köpdügini tassyklaýarlar.

Adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen maslahatyň dowamynda “has netijeli” waksinalary satyn almak boýunça hem degişli karara gol goýuldy. Emma anyk haýsy waksina barada gürrüň edilýändigi we ‘has netijeli’ diýlip häsiýetlendirilen waksina haýsy sebäpden zerurlygyň ýüze çykandygy aýdyňlaşdyrylmady.

Mundan öň, hökümetçi internet neşirleri türkmen mediasyna salgylanyp, Türkmenistana Russiýada öndürilen “Sputnik V”, “EpiVacCorona”, Hytaýda öndürilen “CoronaVac”, şeýle-de iňlis-şwed kompaniýasynyň öndüren “AstraZeneca” sanjymlarynyň getirilendigini habar beripdi. Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan raýatlar häzir olara, esasan, diňe hytaý waksinasynyň urulýandygyny aýdýarlar.

Bellesek, aprelde Hytaýyň keselleriň öňüni alyş we profilaktikasy merkeziniň başlygy Gao Fu Hytaýda öndürilen waksinalaryň “koronawirusa garşy ýokary goragy üpjün etmeýändigini” boýun alypdy. Galyberse-de, Günbataryň ylmy jemgyýetinde hytaý waksinalarynyň synaglarynyň aýdyňlygy, şol sanda hytaýly lukmanlaryň çap edýän maglumatlarynda ýeterlik jikme-jikleriň ýoklugy barada soraglar döreýär.

Şol bir wagtda, “EpiVacCorona” waksinasyny dünýäde diňe Russiýanyň özi we Türkmenistan hasaba aldy. Şeýle-de, Türkmenistanyň ýanwarda Merkezi Aziýada ilkinji bolup Russiýanyň “Sputnik V” waksinasyny hasaba almagyndan soň, ilki bada adamlara rus sanjymy urulsa-da, ol soňy bilen diňe Aşgabadyň ýaşaýjylary bilen çäklendi, biraz wagtdan soňra-da, hytaý waksinasynyň ornuna “Sputnik V”-ni urdurmak üçin goşmaça pul, para soralyp başlandy.

Ýekşenbe güni geçirilen maslahatda Berdimuhamedow ýurtda waksinalaryň bar bolan gorunyň üstüne gor goşup, täze, has netijeli waksinalaryň 1,5 millionyndan ybarat ätiýaçlyk gorunyň döredilmelidigini aýtdy. Emma ozalky bar bolan waksinalaryň sany we ilatyň näçe bölegine eýýäm waksina sanjymynyň urlandygy barada maglumat berilmedi.

Galyberse-de, maslahatyň agramly bölegi “Awaza” syýahatçylyk zolagyndaky wirusyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere bagyşlandy. Berdimuhamedow zolaga girilýän ýerlerde we tutuş zolagyň çäginde, deňiz ýakasynda polisiýasynyň gözegçilik işleriniň yzygiderli ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. Mundan öň, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy ygtybarly çeşmelere salgylanyp, Berdimuhamedowyň 29-njy iýundaky öz doglan gününden soň “Awazada” dynç almagyna garaşylýandygyny habar beripdi.

27-nji iýunda Berdimuhamedow häzir dünýäde koronawirus ýokanjynyň “indi beýleki görnüşleri” bilen keselleýän adamlaryň sanynyň köpelýändigini aýdyp, onuň öňüni almak boýunça hem 'ähli çäreleriň görülýändigini' nygtady.

Bu aralykda, Aşgabatly habarçylarymyz, soňky günlerde paýtagtda karantin çäreleriniň berjaý edilişine gözegçiligiň güýçlendirilendigini habar berýärler.

“Geçen ýylyň tomsunda, pandemiýanyň möwjeýän döwri, bazarlar her on günden bir gezek dezinfeksiýa edilipdi. Ol soňy bile n aýda bir gezege çenli azaldyldy. Indi ýene-de gaýtadan her on günden dezinfeksiýa edilýär. Paýtagtdaky basseýnler hem köpçülikleýin ýapylýar. Muňa garamazdan, jokrama yssyda adamlar Gökdepedäki suw howdanyna gidip başlady. Resmi ýagdaýda ol ýapyk hem bolsa, 20 manat para berseň goýberýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri 28-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, häzirki wagt Aşgabatda 1967-1972-nji ýyllar aralygynda doglanlara köpçülikleýin waksina sanjymlary urulýar.

Koronawirusyň geçen ýylyň aýagynda ilkinji gezek Hindistanda ýüze çykarylan Delta görnüşi häzir köp ýurtda çalt ýaýraýar. Hünärmenler, öňki ştamlardan, kesel görnüşlerinden tapawutlylykda, COVID-19-yň bu görnüşi bilen baglylykda hassahana ýerleşdirilýänleriň arasynda çagalaryň hem köpelendigini tassyklaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG