Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ol ýitenden bir aý soň... Erdogan Orhan Inandynyň Türkiýä getirilendigini mälim edýär


Rejep Taýyp Erdoganyň teleýüzlenmesinden bir görnüş
Rejep Taýyp Erdoganyň teleýüzlenmesinden bir görnüş

Türkiýe Respublikasynyň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Orhan Inandynyň Türkiýä getirilendigini habar berdi. Ol muny 5-nji iýulda halka ýüzlenmesinde aýtdy.

Erdoganyň sözüne görä, Türkiýäniň ýörite gulluklarynyň wekilleri Orhan Inandyny ýurda getiripdirler. Erdogan ony FETO-nyň Merkezi Aziýadaky dolandyryjysy atlandyryp, jogapkärçilige çekilmelidigini aýtdy. “Ol FETO-nyň ýokary ýolbaşçy toparyna girýär we guramanyň hapa pullaryny Merkezi Aziýa iberdi. Biz FETO bilen göreşimizi, şol sanda beýleki terrorçylyk guramalary bilen göreşi-de dowam etdireris" diýip, öz ýüzlenmesinde aýtdy.

Erdogan öz çykyşynda ozal FETO bilen gatnaşygy bolan 100-den gowrak Türkiýe Respublikasynyň graždanlarynyň yzyna getirilendigini sözüniň üstüne goşdy. Hususan-da, Selahadin Güleniň, Ahmet Ýigidiň we Ysmaýyl Okkalynyň Demirgazyk Kiprden, Guýurbu Sewilaýyň we Tamer Awžynyň Özbegistandan, Ýasin Inanyň Ukrainadan, Hasan Hüseýin Günakanyň bolsa Kosowadan getirilendigini mälim etdi.

2018-nji ýylda Mongoliýada hem Türkiýäniň graždanlarynyň garşysyna ýörite operasiýa geçirilipdi. Türk häkimiýetleriniň aýtmaklaryna görä, olar FETO bilen aragatnaşykda bolupdyrlar. Türkiýäniň ýörite gulluklarynyň işgärleri Ulan Batordaky liseýleriň müdiri Weýsel Akçaýy tussag etdiler. Ýöne ony alyp çykmaga synanyşyk bolanda, Mongoliýanyň häkimiýetleri uçaryň Türkiýä gitmegine rugsat bermändi.

Erdoganyň çykyşyndan soň, türk metbugaty Orhan Inandynyň Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan "terroristler" toparynyň agzasy hökmünde gözlenýändigini ýazdy.

"Sapat" halkara bilim edarasynyň prezidenti Orhan Inandy 1-nji iýunda gije Bişkekde ýitirim boldy. Gyrgyzystanyň Içeri işler bölümi GR-nyň Jenaýat kodeksiniň 170-nji maddasy ("Adam ogurlamak") boýunça iş açdy. Soň bolsa ol Interpol tarapyndan halkara gözlegleriň sanawyna girizildi. Bu mesele Žogorku Keneşde-de gozgaldy hem-de 2019-njy ýylda Gyrgyzystanyň Orhan Inandyny Türkiýä ekstradisiýa etmekden ýüz öwrendigi mälim boldy. Deputatlar onuň ýitirim bolmagyny ”syýasy operasiýa" atlandyrdylar hem "adamyň ýöne ýerden ýitirim bolmaýandygyny” bellediler.

Şol bir wagtyň özünde, Bişkek şäher içeri işler bölümi Orhan Inandynyň Gyrgyzystan Respublikasynyň döwlet serhedinden resmi taýdan çykmandygyny mälim etdi. Milli howpsuzlyk baradaky döwlet komiteti bolsa “Sapatyň” prezidentine adam alyp gaçmak howpy barada duýduryş berendigini aýtdy. Orhan Inandynyň aýaly Reýhan Inandy bolsa sosial ulgamlar arkaly adamsynyň “Türkiýäniň Gyrgyzystandaky ilçihanasynda zor bilen saklanýandygy" barada habar alandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat sekretary Erbol Soltanbaýew Sadyr Žaparowyň Türkiýä sapary wagtynda, Rejep Taýyp Erdogandan Orhan Inandynyň Gyrgyzystanda dereksiz ýitirim bolandygy hakda sorandygyny habar berdi. "Erdogan ony tanamaýandygyny, bu aýdylýanlar barada özünde hiç bir maglumatyň ýokdugyny we aslynda FETO tarapdarlary barada hiç zat eşitmek islemeýändigini aýtdy" diýip, Soltanbaew belläpdi.

Orhan Inandy ýitirim bolan gününden soňra Bişkekde, Türkiýäniň ilçihanasynyň öňünde, "Ak tamyň" alnynda hem hökümet binasynyň ýanynda, onuň tapylmagyny we nirede saklanýanyny talap edýän birnäçe çäre geçirildi. "Sapat" bilim edarasy onuň nirededigi barada maglumat üçin sylag yglan etdi.

Orhan Inandynyň aýaly Reýhan Inandy 5-nji iýulda Bişkekiň merkezinde ýekelikde pikete çykdy.

Sosial ulgamlarda ýaýradylan suratlarda we wideolarda Gyrgyzystanyň hökümet binasynyň öňünde, şeýle hem Žogorku Keneşiň alnynda ol aýalyň "Orhan Inandy nirede?" diýen soragly ýazgyny göterip, ýeke durandygyny görmek bolýar. Onuň aklawçysy Taalaýgül Toktakunowa öz Facebook websahypasynda, ýekelikde geçirilen ol wideolary hem suratlary ýerleşdirdi.

Reýhan Inandy öz adamsyny türk telewideniýesinde görenden soň, özüni ýaramaz duýandygyny, onuň üçin Tiz kömek gullugynyň çagyrylandygyny Toktakunowa köpçülige aýtdy. Aklawçy halkara kanun aktlaryna laýyklykda, Gyrgyzystanyň graždanynyň yzyna gaýtarylmagyny talap edýär.

Resmi Bişkek Orhan Inandynyň Türkiýä alnyp gidilmegi barada entek resmi teswir berenok. Kaktus.media neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, Daşary işler ministrliginiň Gyrgyzystanyň graždany Orhan Inandynyň tussag edilmegi bilen baglanyşykly prezident Rejep Taýyp Erdoganyň aýdanlaryny takyklamak haýyşy bilen nota gowşurmak üçin, Türkiýäniň ilçisini çagyrmak isleýändigini habar berdi.

Sosial ulgamlaryň Gyrgyzystan bölegi Orhan Inandynyň Türkiýä eksport edilmegine ýiti reaksiýa bildirdi. Ine, käbir ulanyjylaryň pikirlerini mysal getirýäris:

Asly Türkiýeden bolan Orhan Inandy 1995-nji ýylda Gyrgyzystana gelipdi, ol 2012-nji ýylda Gyrgyzystan Respublikasynyň graždanlygyny aldy. Halkara "Sapat" (öňki ady "Sebat") bilim edarasy 16 sany liseýi özüne birleşdirýär, oňa Orhan Inandy ýolbaşçylyk edip geldi. Ol bilim pudagy "Ala-Too" halkara uniwersiteti, UWIS halkara mekdebi we 4 sany doly däl orta mekdebi öz içine alýar. Olarda 10 müňden gowrak mekdep okuwçysy we student okaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG