Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda ogurlyk we adamlaryň öldürilmegi bilen bagly hadysalar köpelýär


Aşgabadyň köçelerinde aýal-gyzlaryň we çagalaryň talanmagy bilen bagly wakalar köpelýär.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we bazarlardaky gymmatçylygyň fonunda, Aşgabat şäherinde talaňçylyk we ogurlyk hadysalary köpelýär. Bu hadysalarda adamlaryň öldürilmegi bilen bagly wakalar hem ýüze çykýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar polisiýanyň bu meselä çemeleşinden nägile bolýar.

Habarçymyz soňky wagtlarda şäheriň köçelerinde aýal-gyzlaryň we çagalaryň talanmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigini aýdýar. Talaňçylyk wakalarynda raýatlaryň mobil telefonlary, gyzyl şaý-sepleri we sumkalary gaňrylyp alynýar.

"Aýal-gyzlara we çagalara hüjüm edilip, olaryň goşlary zor bilen alnanda, olara köplenç şikes hem ýetýär" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Maýsa diýip tutulmagyny soran bir aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Talaňçylyk we ogurlyk hadysalary diňe paýtagtyň köçeleri bilen çäklenmeýär. Raýatlaryň öýlerine hem hüjüm edilip, olaryň goşlary talanýar. Bu hadysalarda raýatlaryň öldürilmegi bilen bagly wakalar hem ýüze çykýar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, soňky hepdelerde adamlaryň öz jaýynda talanmagy we öldürilmegi bilen bagly birnäçe waka boldy. Olaryň biri paýtagtyň 9-njy etrapçasyndaky, beýlekisi Görogly köçesindäki jaýlarda ýüze çykdy.

"Talaňçylar özlerini elektrik, suw ýa-da gaz edarasynyň işgärleri diýip tanyşdyrýarlar. Raýatlar ynanyp gapylaryny açýarlar. Ogurlyk wakalary köplenç şu görnüşde amala aşyrylýar. Talaňçylara garşylyk görkezen raýatlar ýaralanýar ýa-da öldürilýär" diýip, aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Bellesek, soňky bir ýarym ýyl çemesi wagt bäri elektrik, suw we gaz edarasynyň işgärleri öýlere aýlanyp, ýaşaýjylardan hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini alýarlar. Habarçy ogrularyň köplenç bu usuldan peýdalanýandygyny aýdýar.

Soňky döwürde ogrulyk we adam öldürmek hadysalarynyň köpelmegi bilen, ýaşaýjylar öz dogan-garyndaşlaryna we tanyş-bilişlerine jaň edýärler. Olar öz goňşy-golamlarynda bolan wakany gürrüň berip, olara gapylary tanamaýan adamlaryna açmazlygy tabşyrýarlar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar ogurlyk hadysalary bilen bagly ýerli polisiýa bölümlerine arz edýändiklerini, ýöne polisiýanyň bu hadysalara biparh çemeleşýändigini aýdýarlar.

"Polisiýa para bermeseň, olar ogurlyk ýa talaňçylyk wakalaryny doly derňemeýärler. Bu tejribe giňden ýaýran" diýip, aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ogurlyk wakalarynyň köpelmegi we munuň bilen bagly ölüm hadysalary barada Aşgabat şäheriniň polisiýa bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar ogurlyk we jenaýat hadysalaryna ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, gün-güzeran aladalarynyň barha kynlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olar bu wakalaryň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky günä geçişliginden soň has-da köpelendigini belleýär.

Ýatlatsak, maý aýynyň başynda döwlet baştutany Gadyr gijesine gabatlap, müňden gowrak tussagyň günäsini geçdi. Berdimuhamedow, ozalky günä geçişlerde bolşy ýaly, bu gezek hem günäsi geçilenleriň iş bilen üpjün edilmegini tabşyrdy.

Türkmenistanda ýiti ykdysady kynçylyklaryň fonunda, işsizlik diňe öňki tussaglar babatda däl, türmä basylmadyk adamlar üçin hem uly problema bolmagynda galýar. Diňe geçen ýylyň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde onlarça iş ýeriniň ýapylmagy netijesinde ýüzlerçe adam işsiz galdy. Munuň bilen bir wagtda, bazarlarda azyk önümleriniň gymmatçylygy we döwlet dükanlarynda gytçylygy saklanyp galýar.

Bu ykdysady problemalar sosial meseleleri güýçlendirýär, ýurduň dürli sebitlerinde ogurlyk we jenaýat hadysalary hem-de dilegçilik köpelýär. Bular barada Azatlyk yzygiderli habar berýär.

Geçen ýylyň maýynda Aşgabadyň Aba Annaýew köçesiniň gabatlarynda 60 ýaşly bir gartaň aýal ýol üstünde pyçaklanyp, öldürildi we onuň şaý-sepleri talandy.

Türkmen hökümeti hem-de media serişdeleri ykdysady problemalary boýun almaýar we ýurt raýatlarynyň durmuş kynçylyklary, köpelýän ogurlyk hadysalaryny hem agzamaýar.

Prezident Halk Maslahatynyň soňky mejlisinde "amala aşyran işlerimiziň netijesinde, raýatlarymyz dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edildi" diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG