Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden 31-nji awgustda “Amerikanyň iň uzak urşunyň tamamlanýandygyny” aýtdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden

Prezident Jo Baýden Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky missiýasynyň 31-nji awgustda tamamlanjakdygyny yglan etdi. ABŞ-nyň 20 ýyla çeken söweşden çekilýän döwri, “Talybanyň” ýurduň barha köp sebitlerini öz gözegçiligine geçirmegi bilen, ýurtda graždançylyk urşunyň tutaşmagynyň mümkindigi barada howatyrlanmalar bildirilýär.

“Biz Owganystana ol ýerde bir döwleti gurmak üçin girmedik” diýip, Baýden 8-nji iýulda Ak Tamda çykyş etdi. “Biz Amerikanyň iň uzaga çeken urşuna soň berýäris” diýip, ol sözüne goşdy.

Baýden tankytçylaryň goşunlary çykarmak baradaky kararyna has köp düşündiriş bermek boýunça basyşlaryna, owgan halkynyň öz ýurtlarynyň nähili dolandyrmalydygy barada özleriniň karar bermelidigini aýtdy.

“Owgan liderleri jemlenişmeli we ýurdy geljege tarap alyp gitmeli” diýip, Baýden belledi.

“Owgan halky öz ýurtlarynyň geljegini we onuň nähili dolandyryljakdygyny özleri kesgitlemelidir, bu olaryň haky we borjudyr” diýip, Baýden nygtady.

Baýden owgan hökümetini we howpsuzlyk güýçlerini goldamagyny dowam etdirjekdigini aýtdy. Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň güýçlerine dilmaçlyk hyzmatlaryny beren müňlerçe owgan terjimeçisiniň ABŞ-da baş pena alyp biljekdigini hem aýtdy.

Baýden häzire çenli eýýäm 2 müň 500 owgana ýörite migrant wizasynyň berlendigini aýtdy.

“Eger-de siz saýlap alsaňyz, Birleşen Ştatlar siziň täze öýüňiz bolup biler” diýip, Baýden belledi. “Siz biziň ýanymyzda durandygyňyz üçin, biz hem siz bilendiris” diýip, Birleşen Ştatlaryň prezidenti nygtady.

XS
SM
MD
LG