Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Garaşsyzlyk" seýilgähinde ýaşyl meýdançalar we gymmatbaha arçalar idegsizlikden guraýar


Seýilgähiň guran bölekleriniň biri we suwaryş ulgamynyň ýokarky bölegine ýerleşdirilen plastmassa boklaşka.

Aşgabatda millionlarça amerikan dollary harçlanyp gurlan "Garaşsyzlyk" seýilgähinde şu günler ýaşyl meýdançalar we gymmatbaha arçalar idegsizlikden guraýar. Seýilgähe ideg edýän işçiler muňa suwaryş ulgamlarynyň hatardan çykmagynyň we olary abatlamak üçin häkimiýetler tarapyndan serişde goýberilmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, soňky döwürde seýilgähdäki ähli zatlaryň, şol sanda suw çüwdürimleriniň, oturgyçlaryň we käbir ýanýodalaryň idege mätäçdigini, ýaşyl meýdançalaryň we gymmatbaha arçalaryň bölekleýin guraýandygyny görse bolýar.

"Suw çüwdürimleriniň käbirindäki näsazlyklar uzak wagt bäri düzedilmeýär. Olaryň käbir böleginde suw çüwse, beýleki bölegi işlemeýär. Ýaşyl meýdançalary suwarmak üçin niýetlenen damjalaýyn suwaryş ulgamy hem uzak wagt bäri kadaly işlemeýär" diýip, adynyň efirde üýtgedilip Resul diýip tutulmagyny soran seýilgähe ideg edýän işçileriň biri aýtdy.

Işledilmeýän ýa-da hatardan çykan suw çüwdürimleri.
Işledilmeýän ýa-da hatardan çykan suw çüwdürimleri.

Ol seýilgähiň diňe uly ýollaryň gyralaryndaky damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň bejerilýändigini, merkezi bölekleriniň ünsden düşürilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

"Sebäbi seýilgähiň Türkmenbaşy şaýoly, 10 ýyl abadançylyk we Nurmuhammet Andalib köçeleri tarapyndan ýokary derejeli resmiler geçýär. Şol sebäpli ýolbaşçylarymyz seýilgähiň diňe şol böleklerindäki näsazlyklaryň bejerilmegine serişde goýberýärler" diýip, işçi aýtdy.

Bellesek, 2000-nji ýyllaryň başynda aglaba bölegi Türkiýäniň "Polimeks" kompaniýasy tarapyndan gurlan bu seýilgäh bir döwür Aşgabadyň iň ýaşyl sebitleriniň we häkimiýetleriň üns merkezindäki desgalarynyň biridi. Bu ýerde uly syýasy we medeni çäreler her aý diýen ýaly geçirilýärdi.

"Polimeksiň" resmi web-saýtynda seýilgähdäki 26 müň çemesi agajy suwarmak üçin awtomatlaşdyrylan suwaryş ulgamynyň gurlandygy aýdylýar.

"Bu giň meýdany suwarmak üçin uzynlygy 200 kilometre barabar bolan birnäçe guýydan, suw howdanyndan we damjalaýyn suwaryş ulgamyndan peýdalanylýar" diýlip, maglumatda bellenilýär.

Suwaryş ulgamynyň ýokarky bölegine ýerleşdirilen plastmassa boklaşka.
Suwaryş ulgamynyň ýokarky bölegine ýerleşdirilen plastmassa boklaşka.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan işçiler 880000 inedördül metrden ybarat ýaşyl meýdanda ýerleşýän seýilgähe türk kompaniýasy tarapyndan gözegçilik edilýän mahaly ähli zadyň talaba laýyk işländigini aýdýarlar.

Ýöne olar seýilgähiň gözegçiliginiň türkmen tarapyna geçirilmegi bilen, hususan-da soňky ýyllarda ähli näsazlyklaryň başlandygyny belleýärler.

"Türkmen häkimiýetleri hatardan çykan enjamlar üçin serişde goýbermeýärler. Işçileriň bu babatda edýän ýüzlenmeleri netijesiz galýar. Ýolbaşçylar "pul ýok" diýmek bilen çäklenýärler" diýip, seýilgähiň işçisi aýtdy.

Işçileriň sözüne görä, seýilgähde suwaryş ulgamynyň kadaly işlemezligi bilen bir hatarda, şu günler ýurtda dowam edýän aşa yssy howa şertleri hem ýaşyl meýdançalara we arçalara uly zyýan ýetirýär. Şol sebäpli işçiler seýilgähiň boldugyndan köp bölegini suwarmak üçin özleriçe çykalga tapmaga synanyşýarlar.

"Käbir suwaryş ulgamlarynyň ýokarky bölegi hatardan çykandygy sebäpli, olar töwerek-daşa suw pürküp, damjalaýyn suwaryp bilmeýär. Şol sebäpli biz plastmassa boklaşkalary kesip, olaryň gyralaryny deşip, suwaryş ulgamlarynyň ýokarsyna ýerleşdirýäris. Şondan soň bir salym suw daş-töwerege pürkýär we meýdançalar az bolsa-da suwarylýar. Ýöne 5 minut geçip-geçmänkä, suwaryş ulgamlarynyň ýokarsyndaky boklaşkalar uçup gidýär" diýip, işçi aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar dogrusynda Aşgabat şäher häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Bellesek, Türkmenistanda millionlarça serişde harçlanyp gurlan seýilgähleriň ýa-da desgalaryň soňy bilen ünsden düşürilýändigi, myhmanhanalaryň, Medeniýet öýleriniň, sport desgalarynyň boş durýandygy barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar berdi.

Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, barha çuňlaşýan azyk krizisiniň we işsizligiň arasynda millionlarça dollar serişde harçlap, täze desgalary gurmagy dowam etdirýärler.

Prezident Berdimuhamedow 29-njy iýunda, has takygy öz doglan gününde Aşgabatda “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyşyna gatnaşdy.

Resmi habarlarda kaşaň myhmanhananyň 14 gatdan ybaratdygy we beýikliginiň 77 metr töweregidigi aýdylsa-da, onuň gurluşygy üçin döwlet býujetinden sarp edilen maliýe serişdeleriniň möçberi mälim edilmedi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar ýiti ykdysady çökgünligiň arasynda "ilata peýdasy degmeýän" desgalara millionlarça dollar serişde harçlanmagyň ýerlikliligini sorag astyna alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG