Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kubada hökümete garşy seýrek protest geçýär


Hawanada hökümete garşy protest geçýär. 11-nji iýul, 2021 ý.
Hawanada hökümete garşy protest geçýär. 11-nji iýul, 2021 ý.

Kubada müňlerçe adam Karib adasyndaky bu ýurduň kommunistik hökümetine garşy seýrek protesti geçirýärler.

Köçelere çykan ýaş adamlar “Diktatorlyk ýok bolsun!” we “Azatlyk!” diýen şygarlary gygyrdylar.

Kommunistleriň dolandyrýan adasynda soňky onlarça ýylyň dowamynda hökümete garşy geçirilen iň iri protestleriň arasynda, 11-nji iýulda prezident Miguel Diaz-Kanel öz goldawçylaryny paýtagt Hawanada demonstrantlar bilen “göreşmäge” çagyrdy.

Kuba, özüniň iň esasy ýarany Sowet Soýuzy dargandan bäri, iň ýiti ykdysady çökgünligini başdan geçirýär. Mundan başga-da, Kubada koronawirusyň ýagdaýlary gürelýär, adamlar günübirin zerur harytlaryň ýetmezçiligine, raýat azatlyklarynyň çäklendirilmegine we häkimiýetleriň pandemiýa babatyndaky çärelerine gahar bildirýärler.

AFP habar gullugynyň žurnalistleri polisiýanyň protestçileri dargatmak üçin göz ýaşyrdyjy gazy ulanandygyny habar berýärler. Käbir şaýatlar polisiýanyň demonstrantlary rezin dürbeler bilen urandygyny hem belleýärler.

Reuters gullugy Hawanada howpsuzlyk güýçleriniň, şol sanda raýat eşigindäki adamlaryň onlarça demonstranty saklandygy baradaky şaýatlaryň maglumatlaryny çap etdi.

Hawanadan 30 km günorta-günbatarda ýerleşýän San Antonio de los Banos şäherinde hem müňlerçe adam köçelere çykdy.

XS
SM
MD
LG