Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Şaly ekilen meýdan köp, suw üstünde goh-galmagal turýar


Daşoguzda bir şaly meýdany. Arhiw suraty

Şaly ekip, gowy hasyl almak üçin ýeterlik mukdarda çykdajy etmeli, emma başlyklar daýhanlarda beýle serişdäniň ýokdugyny bilip, 'ýagşy gepleri' aýdyp, olaryň ýerlerini wagtlaýynça öz tanyşlaryna ýa para beren adamlara berýärler. Suw üçin, dökün üçin, tehnika üçin, ugran ugruňda para bermeli.

Şu günler Lebapda bugdaýy orlan ýerler sürlüp, şaly, mäş ýaly azyk ekinleri ekilýär, suwuň üsti uly dawa, şaly eken adamlar ýarygijeden başlap suwa gözegçilik edýär, bir-birine ýakyn ýerde şaly eken daýhanlaryň arasynda suw üstünde uruş-galmagal hem turýar diýip, ýerli habarçy habar berýär.

Bu habar Türkmenistanda ýene bir ak öý binasynyň we üç müň orunlyk sadaka jaýynyň açylýan wagtyna gabat geldi. Ýerli hünärmenler ýurduň suw desgalarynyň onlarça ýyllap idegsiz galandygyny, netijesiz taslamalara goýberilýän serişdeleriň oba hojalygyny we daýhanlary halas etmäge gönükdirilmelidigini uzak wagt bäri aýdyp gelýärler.

Türkmenistanda bu ýyl gaty gurak geldi we derýalardaky, suw howdanlaryndaky suwuň azlygynyň üstesine, kärendeçileriň sorujy, nasos, mineral dökün, tehnika ýetmezçiligi, korrupsiýa kynçylyklary hem saklanyp galýar.

Aprel aýynda ekilen giçki gowaça gowy boý aldy, oňa iki gezek mineral dökün berlip, iki gezek suw tutuldy, adatça, ýygyma çenli gowaça dört dökün berilýär, emma üçünji döküni bermediler, bu ýyl howa yssy bolansoň, iki dökün ýeterlik bolar diýdiler diýip, kärendeçi aýtdy.

Suw, dökün we tehnika kynçylyklarynyň üstesine, daýhanlar giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa, para-peşgeş praktikasyndan has kän ejir çekýäne meňzeýär.

Häzirki wagtda ekin ýerlerinde bugdaý eken daýhanlaryň ählisine şaly eker ýer bölünip berilmeýär, ýa-da ýeriň bolanda hem, şaly ekip, hasyl almak üçin arkaňda güýçli howandaryň bolmaly diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri ýerine bugdaý eken daýhanlaryň bir toparynyň ýerleriniň orakdan soň wagtlaýynça başga adamlara berilýändigini hem gürrüň berdiler.

Şaly ekip, gowy hasyl almak üçin ýeterlik mukdarda çykdajy etmeli, emma başlyklar daýhanlarda beýle serişdäniň ýokdugyny bilip, 'ýagşy gepleri' aýdyp, olaryň ýerlerini wagtlaýynça öz tanyşlaryna ýa para beren adamlara berýärler.

Has anygy, şaly ekmek üçin ýer alýan adamlaryň arkasynda täsirli, pully adamlar durýar, bu ýagdaý olary üznüksiz suw, derman we tehnika bilen üpjün edýär. Olar suwuna, dökünine seredip, şaly ýetişensoň, girdejini öz arkasynda duran adamlar bilen paýlaşýar diýip, ençeme ýyl bäri ýiti azyk kynçylygyny çekýän ýurtda şalynyň töweregindäki korrupsiýany bir-birinden habarsyz birnäçe hünärmen tassyk etdi.

Lebapda häzir şaly ekilen meýdan köp, suw bolsa ýetenok, suwuň üsti uly dawa, şaly eken adamlar ýarygijeden başlap suwa gözegçilik edýär we bir-birine ýakyn ýerde ekin eken adamlaryň arasynda suw üstünde goh-galmagal hem turýar diýip, habarçy bu hili wakalaryň Çärjew etrabynyň Ýasydepe obasynda hem bolýandygyny belledi.

Kimiň arkasynda uly wezipede oturan howandary bolsa, onuň şaly meýdanynyň suwy kesilmeýär, emma arkasyz adamlar hem az däl, olaryň şalysy aşa yssy howada suwsuz gurap başlapdyr diýip, şaly meýdanlaryna aýlanyp gelen we birnäçe kärendeçi bilen söhbetdeş bolan habarçy gürrüňini dowam etdirdi.

Kärendeçileriň sözlerine görä, şalynyň horlugy diňe suw, dökün ýetmezçiligi bilen hem tamam bolmaýar, ony gowy ýetişdireniňden soň, ormak hem görgi, sebäbi ýene-de korrupsiýa, para; eger kimde-kim başlyklara 100 dollar para berse, ol kärendeçä derrew kombaýn berýärler, indi bu ýyl şol paranyň möçberiniň 200 dollara çykandygy aýdylýar.

Eger-de daýhan başlyga para berip, wagtynda şalysyny orup ýygnamasa, oktýabr aýyna galan şalyny sowuk ursa, şaly arassalananda bürünç döwük çykýar we beýle tüwini hiç kim satyn almaýar.

"Ýer aljak bolsaňam para, suw aljak bolsaňam para, kombaýn üçinem para, bar zat üçin para bermeli" diýip, Azatlyk bilen gürleşen daýhan aýtdy.

Şu aralykda, 13-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda prezident wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň hasabatyny diňläp, obasenagat toplumynyň düzümlerinde işleri kämilleşdirmek ugrunda mundan beýläk-de yzygiderli tagalla edilmelidigini aýtdy. Ýöne mejlisde, adatça bolşy ýaly, oba hojalygyndaky agyr ýagdaýlar, giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa, suw ýetmezligi barada hiç bir zat aýdylmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG