Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan suw meselesini çözmän, 82 müň tonna şaly öndürmegi karar etdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda öňki ýyllardan gelýän azyk krizisiniň barha çuňlaşmagy bilen, Türkmenistan ýene-de bir gezek 82 müň 400 tonna şaly hasylyny öndürmek kararyna geldi.

TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtdaky azyk garaşsyzlygyny berkitmek, azyk önümleriniň köpdürlüligini üpjün etmek, importyň ornuny tutýan azyk önümçiligini ösdürmek talaplaryna “ünsi çekendigini” habar berýär.

Şol bir wagtda, hökümet mejlisinde ýurduň çar künjeginden eşidilýän nägilelikler, azyk nobatlary, obasenagat toplumynda dörän agyr ýagdaý hakynda anyk gürrüň edilmedi we soňky ýagdaýlar bilen bagly önüm öndürijileri goldamak üçin görülmeli anyk çäreler agzalmady.


Resmi maglumata görä, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu ýylam ýurtda 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekiler.

Emma ýurtda sowet ýyllaryndan gelýän tejribeden çen tutulsa, hasyllylygyň pesligi hakykatda ekin ekilýän ýerleriň möçberiniň kagyz ýüzündäkiden has köpeldilmegine, has köp suw zerurlygyna alyp gelýär.

"Bu ýagdaý her ýylda uly suw ýetmezçiligini döredýär, suw desgalary bolsa indi onlarça ýyl bäri idegsiz" diýip, ýerli synçylar habar berýär.

Ýöne muňa garamazdan, prezidentiň gol çeken kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna, Lebap welaýatynda 10 müň 200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak plany ýylyň ýylyna gaýtadan tassyklanýar.

Türkmenistanda köplenç planlaşdyrylýan pagta, bugdaý we şaly hasyllarynyň artykmajy bilen öldürilýändigi habar berilýär.

Mysal üçin, geçen ýyl TDH Daşoguzda planlaşdyrylan şaly hasylynyň – 35 müň tonna tüwiniň öndürilendigini habar berdi.


Emma ýurtda ösümlik ýagyny öndürmek üçin pagta çigidiniň, ýerli unuň, arpa-bugdaý ýa-da pagta ýeterlik öndürilse bol bolýan mal iýmleriniň gytçylygy dowam edýär, tüwi bolçulygy we arzançylygy bolsa arzuw bolmagynda galýar

Pagtaçylar, bugdaý ekýän kärendeçiler ýaly, türkmen şalyçylary hem ýurduň talaplaryny üpjün edip bilmeýärler.

“Ýerli ilatyň sarp etjek tüwi önümleriniň aglaba bölegi daşary ýurtlardan, hususan-da Orsýetden, Gazagystandan, Pakistandan we Hindistandan import edilýär” diýip, ýerli bazaryň ýagdaýyny öwrenen aşgabatly synçy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.


Türkmen prezidentiniň importy azaldyp, eksporty köpeltmek syýasatyny yglan edendigine garamazdan, şaly ekýän daýhanlaryň iş şertleriniň gowulanmazlygy her ýylda daşardan azyndan 15 million dollar möçberinde tüwi önümleriniň satyn alynmagyna sebäp bolýar diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran synçy sözüniň üstüni ýetirdi.

17-nji aprelde geçirilen hökümet mejlisinde hasabat beren wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň sözlerine görä, ýurduň oba hojalyk işlerinde hiç bir kynçylyk ýok.

Eger-de öňki ýyllardaky tejribä we häzir ýurtdaky azyk ýagdaýyna, çörek, ýag nobatlaryna seredilse, resmileriň ähli işi kadaly edip görkezýän hasabatlary-da, prezidentiň berýän “birnäçe tabşyryklary-da” ýagdaýyň gowulyga üýtgemegine täsir ýetirmeýär.

Ýerli synçylar Türkmenistanyň oba hojalygyndaky ýagdaýy üýtgetmek üçin ozaly suw desgalary bilen bagly meseläniň çözülmelidigini, bu iş üçin uly döwlet serişdeleriniň bölünmelidigini, gymmat we netijesiz taslamalardan el çekmelidigini aýdýarlar.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy geçen ýylyň oktýabrynda Kerki we Amyderýa etraplarynyň şaly öndürýän kärendeçilerine salgylanyp, bu sebitdäki ýaplarda we zeý kanallarynda soňky gezek 80-nji ýyllaryň aýagynda arassalaýyş işleriniň geçirilendigini habar berdi.

Elbetde, şaly önümçiliginiň beýleki ekinlere garanda hem has köp mukdarda suw talap etmegi kärendeçileri has kyn ýagdaýa salýar.


Suw ýetmezçiliginden, ýerleriň aşa şorlugyndan we arryklygyndan başga, soňky ýyllarda şalyçylar bu pudagyň hökümetdäki “täsirli adamlaryň kontrollygyna geçmeginden” hem şikaýat edýärler.

“S.Nyýazow etrabyndaky daýhan birleşikleriniň onusynda, her dürli bahanalar bilen, kärendeçileriň şaly ekinlerine suw goýbermediler. Käbir kärendeçileriň şaly meýdanlary elinden alyndy” diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy 2018-nji ýylyň noýabrynda habar berdi. Emma häkimiýetler bu ýagdaýy ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Şol ýylyň awgust aýynda bolsa, ýurduň demirgazyk welaýatynyň häkimiýetleriň suw problemasyny onlarça kilometre uzaýan ekerançylyk ýaplarynyň boýunda garawul goýmak arkaly çözmäge synanyşdy.

Türkmenistanda şaly Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy, Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda ösdürilip ýetişdiriýär.

Azatlyk bilen gürleşen kärendeçileriň tassyklamagyna görä, suw üpjünçiligi we beýleki şertler gowulansa, kärendeçilere gowy gazanç etmek mümkinçilikleri döredilse, azyk nobatlary-da, hökümet mejlisindäki netijesiz azyk howpsuzlygy gürrüňleri-de bolmazdy.

XS
SM
MD
LG