Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýada gurakçylyk: görülmedik yssy, suw ýetmezçiligi hem hasylyň pesligi


Türkmenistandaky galla meýdany. Hasyly orlan ýerlere-de mallary goýbermäge rugsat edilmeýär, boş meýdana malyny goýberenlere jerime salynýar. Şol wagtyň özünde sebitdäki mallar hem adamlaram gurakçylyk sebäpli suw ýetmezçiligi bilen gallanyň azlygyndan ejir çekýär.

Rekord ýokary derejedäki temperatura Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine agyr zyýan ýetirýär. Ýokary akymlarda ýerleşýän Gyrgyzystan bilen Täjigistan ýaly ýurtlar suw ýetmezçiliginden kösenip, suwy özleri üçin saklap galmaga çalyşýarlar. Aşakdaky akymlarda ýerleşýän Özbegistan bilen Gazagystan suw ätiýaçlygyny köpeltmek üçin, dürli teklipleri hem ylalaşyklary öňe sürýärler.

YSSY

Özbegistanda Uzgidromet stansiýasy iýun aýynyň başynda, howanyň yssylygynyň adaty ýagdaýdan 7-10 dereje ýokarlanmagyna garaşylýandygyna duýduryş etdi, bu bolsa güýçli yssynyň başlanmagyny aňladýar. 6-njy iýunda Daşkendiň temperaturasy 42,6 dereje boldy.

Uzgidrometiň maglumatyna görä, Daşkentde iň ýokary temperatura 1997-nji ýylyň 18-nji iýulynda bolup, yssy 44,6 gradusa ýetipdir.

Gyrgyzystan, Oş. Görülmedik yssyda ýaşlar suwa düşýärler.
Gyrgyzystan, Oş. Görülmedik yssyda ýaşlar suwa düşýärler.

Täjigistan Meteorologiýa merkeziniň müdiri Jamilýa Baýdulloýewa Azatlyk Radiosynyň Täjik redaksiýasyna beren interwýusynda, iýun aýynyň başky hepdesinde paýtagt Duşenbede we Hatlon welaýatynyň günorta böleginde howanyň gyzgynlygynyň 45 gradusa ýetendigini, munuň soňky onýyllykda iýun aýy üçin iň ýokary dereje bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda iýun aýynda temperatura 45 gradusa ýetdi. Tomus ýaňy başlaýar. Adatça sebitde ýylyň iň yssy aýlary iýul we awgust aýlarydyr.

GURAKÇYLYK

Soňky aýlarda Merkezi Aziýa güýçli gurakçylygyň aralaşýandygy mälim bolýar. Muňa aýdyň görkeziji hökmünde mydama Gyrgyzystandaky Toktogul suw howdanynyň derejesi hasaplanýar.

Gyrgyzystanyň resmileri baryp 2021-nji ýylyň martynda howdandaky suwuň derejesiniň gaty pesdigini, 8,7 milliard kub metrdigini, ýagny ammaryň mukdarynyň 19,5 milliard kub metr bolmalysyndan, has aşakdadygyny duýdurdylar.

Ol howdan Naryn derýasyndan suw alýar. Naryn derýasy ahyrynda Syrderýa goşulýar, ol bolsa Merkezi Aziýanyň iň uzyn derýasydyr, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň içinden akyp geçýär.

Toktogul, şeýle hem Gyrgyzystanyň elektrik energiýasynyň 40%-ni üpjün edýän iň uly gidroelektrik stansiýasynyň (GES) ýerleşýän ýeridir.

Gyrgyzystanda gatlalary ýapmak arkaly suw howdanynyň möçberini dikeldilmek barada gepleşik boldy, ýöne 16-njy iýunda ýurduň energiýa ministri Doskul Bekmurzaýew suwuň derejesiniň 10,9 milliard kub metre çenli ýokarlandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň Toktoguldaky suw desgalarynyň ýapylmagyna Özbegistan bilen Gazagystanyň garşy boljakdygy aýdyňdyr.

Gyrgyzystanyň resmileri baryp 2021-nji ýylyň martynda suw howdanyndaky suwuň derejesiniň gaty pesdigini, 8,7 milliard kub metrdigini, ýagny ammaryň mukdarynyň 19,5 milliard kub metr bolmalysyndan has pesdigini duýdurdylar.
Gyrgyzystanyň resmileri baryp 2021-nji ýylyň martynda suw howdanyndaky suwuň derejesiniň gaty pesdigini, 8,7 milliard kub metrdigini, ýagny ammaryň mukdarynyň 19,5 milliard kub metr bolmalysyndan has pesdigini duýdurdylar.

Bu ýurtlar häzirki wagtda Gyrgyzystanyň suw baýlygynyň deregine elektrik üpjünçiligi barada gepleşik geçirýärler. Soňra Gyrgyzystan Toktoguldan suw akymyna bökdençlik girizmez, Gazagystan bilen Özbegistan bolsa Toktogul GES-ne garaşlylygy wagtlaýyn azaltmak üçin, Gyrgyzystany elektrik bilen üpjün eder.

Gazagystan üçin Syrderýanyň suwuň zerurlygy äşgärdir. Kazgidromet ýurduň 14 sebitiniň altysynda güýçli guraklygyň boljagyny çaklaýar.

Suwuň köp bölegini Syrderýadan alýan Gyzylorda oblastynyň ýerli häkimiýetleri şu ýyl şalynyň ekin çägini gysgaltdylar, şeýle-de bolsa, mal iýmitiniň ýagdaýy agyr bolmagynda galýar, yssy mallara ýaramaz täsir edýär.

Şeýle ýagdaý ýurduň günbatarynda – Mangystau sebitinde-de bar. Gazagystanyň häkimiýetleri Gyzylorda we Mangystau sebitlerinde suw we iýmit ýetmezçiligi sebäpli iki müňden gowrak gara malyň, aýratynam ýabylaryň ölendigini boýun aldy.

Şeýle ýagdaýyň Täjigistanyň Hatlon welaýatynda hem bardygyny, sygyr çopany Abroriddin Haýdarow Azatlygyň Täjik gullugyna gürrüň berdi.

«Ot gaty az, mallar agşama çenli otlap, garyn ýazyp bilmeýärler. Agşam oba gaýdýaryn, adamlar menden närazy, men näme edeýin, ot ýok, howa aşa yssy, gün ýakyp barýar. Bar zat guraýar. Sygyrlary ol-bu ýere alyp barýaryn, ýöne ýeterlik däl» diýip, sygyr çopany aýdýar.

Gyrgyzystanda ekin ýerleri üçin suw ýetmezçiligi ýüze çykdy. Iň ýiti ýagdaý ýurduň Çuý sebitinde bolup, daýhanlar bar hasylyň ýitmeginden alada edýärler.
Gyrgyzystanda ekin ýerleri üçin suw ýetmezçiligi ýüze çykdy. Iň ýiti ýagdaý ýurduň Çuý sebitinde bolup, daýhanlar bar hasylyň ýitmeginden alada edýärler.

Gazagystanyň häkimiýetleri oba ýaşaýjylaryna ýurduň beýleki sebitlerinden ot we suw getirmegi wada berdiler, Mangystau sebitinde has köp guýy gazyljakdygyny aýtdylar. Ol ýerli ýaşaýjylaryň düýeleri hem ýylkylaryny gaty kagyz bilen iýmitlendirmäge mejbur bolýan wideolary görenler haýran galdylar.

Gazagystanyň we Özbegistanyň mallar üçin bede satyn almak islegi Gyrgyzystana-da täsir edýär, ýogsa bu ýerde-de käbir sebitlerde gurakçylyk bar. Bedäniň bahasy iýun aýynda Gyrgyzystanda käbir sebitlerde 50%-e çenli ýokarlandy.

HASYLYŇ PESLIGI

Gyrgyzystanyň Çuý oblastynyň käbir daýhanlary şu ýyl ekinleriň doly ýitmeginden alada galýarlar. Suw ýetmezçiligi sebäpli köne suwaryş desgalary täzelenmäge mätäç. Käbir ekin meýdanlarynyň çalt guraýandygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Suw baýlyklary döwlet gullugynyň müdiri Almazbek Sokeýew sebitdäki köp sanly suw howdanlarynda hem derýalarda suwuň derejesiniň adaty çäginiň ýarysyndan hem azdygyny aýtdy.

«Käbir birleşikleriň suwy adalatsyz paýlamagy ýa-da suw bölüji gatlalary düýbünden döwmegi we güýç bilen alyp, aşak akymdakylara asla suwuň ýetmeýän halatlary-da bar. Kanuna görä, oba geňeşleri bu işe goşulyp ýa-da oňa gözegçilik edip bilmeýärler. Ýöne ýerlere gidip, gapma-garşylykly meseleleri öz üstünde çözmeli» diýip, Almazbek Sokeýew aýdýar. Elbetde, munuň üçin oňa "suwaryş meselesi bilen baglanyşykly" käýinç berildi.

Çuý welaýatynyň daýhanlary Bişkekde hökümet binasynyň alnyna ýygnanyp, döwletden hasyly halas etmek üçin çäre görmegini talap etdiler.

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Ulukbek Maripow daýhanlara kömek etjekdigini wada berdi. Şeýle hem, Gyrgyzystanyň maliýe serişde ýetmezçiligini başdan geçirýändigini aýdyp, esasanam sebitde azyk krizisiniň ýüze çykmak howpy göz öňünde tutulanda, daýhanlara ýardam bermek üçin, puly nireden tapmagyň kyndygyny mälim etdi.

Gurakçylyk Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda oba hojalygyna agyr zyýan ýetirýär we daýhanlaryň köpüsi hasylyň pes boljakdygyny çaklaýarlar.

Emma Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet ýygnagynda "bol hasyl" boljakdygyny öňünden aýdyp, resmilere daýhanlara zerur tohumy, dökünleri, döwrebap enjamlary we suw üpjünçiligini döretmeli diýýär.

Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky daýhanlary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gowaça ekinleriniň eýýäm “guraýandygyny” aýtdy.

«Ekilen ýerlerimiz ilkibaşdan suwsuz hem dökünsiz galdy, indi yssy sebäpli gowaça gurap başlaýar, ol ýaňy ýaşyl öwsüp başlapdy, gowaçanyň şeýle köp gül dökýändigini ilkinji gezek görýäs» diýip, bir daýhan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Marynyň daýhanlary hasylyň ýitmeginden alada galýarlar, Türkmenistanyň prezidenti bolsa bol hasyla garaşýar.
Marynyň daýhanlary hasylyň ýitmeginden alada galýarlar, Türkmenistanyň prezidenti bolsa bol hasyla garaşýar.

Ýerlerdäki suw howdanlarynyň boşap galandygyny, häkimiýetleriň bu meseläni nädip çözmelidigini bilmeýändigini daýhanlar Azatlyga aýtdylar.

Türkmenistanda, hatda Aşgabadyň etraplarynda-da suw ýetmezçiligi bar. Paýtagtyň ýaşaýjylary käwagt 45 gradusa ýetýän yssyda suwsuz galýarlar. Paýtagt ýaşaýjylary Azatlyk Radiosyna suwuň gaty pes basyş bilen bolsa-da, birinji gatdaky kwartiralara berilýändigini, üçünji we dördünji gata suw çykmaýandygyny aýdýarlar. Suw ýokarky gatlara diňe irden we agşam berilýär, beýleki wagtlarda adamlar her dürli gaplarda we wannada ýygnan suwuny ulanýarlar.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly obasynda ýerli häkimiýetler hasyl ýygnalandan soň, galla meýdanynda galan samanyň ýakylmagyny talap edipdir. Daýhanlar ýerde galan samanyň mallar üçin ot-iým bolýandygyny aýdyp, muňa garşy çykýarlar.

Daýhanlar bilen oba geňeşliginiň wekilleriniň arasynda bolan gürrüňdeşlik barada, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

“Ýaňy bir bugdaý ýygnalandan soň, mallarymyzy eňňerede bakyp, olara ot iýdirip başlapdyk. Ýaňy bir ‘mallarymyz indi iýmden kösenmez’ diýip begendik. Siz bolsa galan samany otlaýarsyňyz!” diýip, bir daýhan oba geňeşliginde ýerli häkimiýetleriň öňünde aýdypdyr. Resmi bu buýrugyň ýokardan gelýändigini aýdypdyr.

NETIJELER

Merkezi Aziýanyň köp ýerinde möwsümleýin gök-bakja önümlerini goşmak bilen azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar.

2020-nji ýylyň başyndan bu sebitiň duçar bolan koronawirus pandemiýasy üpjünçilik ulgamyna ýaramaz täsir etdi, gurakçylyk bolsa Merkezi Aziýadaky azyk ýetmezçiligini onuň üstüne "goşdy".

Türkmenabatdaky walýuta bazarynda dollar 33 manat 80 teňňeden satyn alynýar. Emma azyk önümleriniň bahasy ýokary bolmagynda galýar. Etiň bir kilogramy 65 manat, bäş litrlik ösümlik ýagy 250 manat.
Türkmenabatdaky walýuta bazarynda dollar 33 manat 80 teňňeden satyn alynýar. Emma azyk önümleriniň bahasy ýokary bolmagynda galýar. Etiň bir kilogramy 65 manat, bäş litrlik ösümlik ýagy 250 manat.

Soňky alty aýyň dowamynda Gyrgyzystanda ösümlik ýagynyň bahasy iki esse ýokarlandy, ýumurtga we et bolsa birneme arzanlady. Emma iň uly geň ýagdaý käşir bilen bagly. "Nastoýaşeýe wremýa" kanalynyň bahalaryň ýokarlanmagy baradaky reportažyna görä, bary-ýogy iki hepdäniň dowamynda käşiriň bahasy dört esse ýokarlanyp, onuň kilosy öň 25 sent bolanlygyndan, bir dollardan hem gowrak bolupdyr. Şeýle hem Gazagystanyň Söwda ministri Bahyt Soltanowyň "kartoşka hem käşir üçin" Daşkende gidýändigi habar berildi.

Türkmenistanda bir kilogram etiň bahasy 65 manada ýa-da resmi nyrh boýunça 20 dollara bardy, ösümlik ýagy hem şeýle gymmatlady.

Täjigistanyň iň uly we 250 müň ilaty bolan Dagly-Badahşan awtonom sebitinde ilatyň köpüsi Russiýa gidip işleýär. Sebitdäki garyplyk derejesi takmynan 40%, beýleki sebitlerde bolsa 20-30%. Adamlar bu ýerdäki bahalaryň Moskwa bilen deňdigini aýdýarlar.

Dagly-Badahşanyň ýaşaýjylary möhüm azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyndan zeýrenýärler. Adamlar: «Öň aýlyk haklary pesdi, ýöne azyk önümleri arzandy, biz iň bolmanda aram-aram et we beýleki zerur önümleri satyn alyp bilýärdik, ýöne indi welin aýdan-aýa ýetirinmek mümkin däl» diýýärler.
Dagly-Badahşanyň ýaşaýjylary möhüm azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyndan zeýrenýärler. Adamlar: «Öň aýlyk haklary pesdi, ýöne azyk önümleri arzandy, biz iň bolmanda aram-aram et we beýleki zerur önümleri satyn alyp bilýärdik, ýöne indi welin aýdan-aýa ýetirinmek mümkin däl» diýýärler.

Problemalara garamazdan, häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň arasyndaky gatnaşyklar gowy bolmagynda galýar. Görnüşinden, Özbegistan goňşularyny azyk, suw we elektrik bilen üpjün etmekde möhüm rol oýnaýana meňzeýär. Şeýle-de bolsa, özbek metbugatynda Özbegistanda şuňa meňzeş problemalaryň bardygy hakda habar bermeýändigi geň.

Bäş ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň kyn ýagdaýlarda näçe wagtlap dowam edip biljekdigi örän möhüm mesele, şol bir wagtyň özünde-de hökümetleriniň halka kömek etmek üçin has köp iş etmelidigini duýýandygy hem halkyň muňa garaşýandygy sabyrlylygy aňladýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG