Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda hereket çäklendirmeleriniň gerimi güýçlendirilýär, ilata köpçülikleýin sanjym edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-yň bardygyny ykrar etmeýärler, ýöne keseliň ýaýramagyna garşy hereket çäklendirmeleriniň gerimini güýçlendirýärler. Farap etrabyna barjak we ondan gaýtjak raýatlardan COVID-19 testiniň negatiw netijesini görkezmek talap edilýär. Şeýle-de, raýatlaryň etraba diňe pyýada girip-çykmagyna rugsat berilýär. Bu aralykda, Türkmenabatda koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjym etmek işleri güýçlendirildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebapdan we Marydan maglumat berýärler.

Farap etrabyny Türkmenabat bilen birleşdirýän ýollar, köprüler ýapyldy. 13-nji iýulda Farap bilen Türkmenabadyň arasyndaky täze köpriniň golaýynda gurlan aýlawda 15 sany polisiýa işgäri ýerleşdirildi.

"Bu işgärler Faraba barýan raýatlaryň pasportda ýazga duran ýerini barlaýarlar. Türkmenabatdan Faraba barýan raýatlaryň diňe pyýada etraba girmegine rugsat berilýär. Farapdan Türkmenabada gaýtjak raýatlardan COVID-19 testiniň negatiw netijesi talap edilýär" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Geldi diýip tutulmagyny soran ýagdaýdan habarly bir lebaply gürrüň berdi.

Ýatlatsak, 12-nji iýulda Azatlygyň habarçysy Farap etrabyny Türkmenabat bilen birleşdirýän ýollaryň ýapylandygyny, muňa etrapda keseliň ojagynyň tapylmagynyň sebäp bolandygyny aýdypdy.

"Farap etrabynyň köçelerinde hlor sepmek çäresi güýçlendirildi. Maska režimine gözegçilik hem uçdantutma berkedi" diýip, lebaply ýaşaýjy belledi.

Habarçymyz ýagdaýdan habarly çeşmelere salgylanyp, Saýat etraby bilen Türkmenabat şäherini birleşdirýän ýoluň ýapylmak ähtimallygy barada planlaryň hem bardygyny aýtdy.

Mary-Türkmenabat ýolunda hem hereket çäklendirildi. Ýoluň Türkmenabat şäherinden çykan ýerindäki barlag postunda onlarça awtoulagdan ybarat ulag kerweni emele geldi.

"13-nji iýulda Mary welaýatyna gitjek raýatlardan hem, COVID-19 testiniň negatiw netijesini görkezmek talap edilip başlandy" diýip, lebaply ýaşaýjy belledi.

Türkmenistan şu ýylyň aprel aýynda ilatyň ýurduň içindäki hereketine çäklendirmelerini ýeňilleşdiripdi. Bu çäklendirmeler geçen tomusda ýurtda koronawirus alamatly keselçiligiň köpelen we ilatyň arasynda ölüm derejesiniň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanan döwründe girizilipdi.

Şeýle-de, 13-nji iýuldan başlap Türkmenabatda koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjym etmek işleri güýçlendirildi. Şäheriň ähli Saglyk öýlerinde ilata hytaý waksinasy edilýär.

"Hiç ýerde işlemeýän, öýde oturan raýatlara hem waksina edilip başlandy. Ýöne entek Saglyk öýlerinde nobat az. Maşgala lukmanlary öýme-öý aýlanyp, ilaty sanjym etdirmäge çagyrýar" diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Lebapda ilata köpçülikleýin sanjym etmek işleriniň güýçlendirilendigi barada garaşsyz turkmen.news neşiri hem habar berýär.

"Ýerli ýaşaýjylar 12-nji iýula çenli raýatlaryň sanjym üçin Saglyk öýlerine çagyrylandygyny aýdýarlar. Indi shema üýtgedi. Lukmanlaryň bir topary mikroawtobusda köp gatly jaýlaryň ýerleşýän ýerine gelýärler. Olar ähli jaýlara aýlanyp, ýaşaýjylaryň atlaryny, ýaşyny we jynsyny ýazyp alýarlar. Soňra-da hytaý sanjymyny edýärler" diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.

7-nji iýulda Türkmenistan koronawirusa garşy waksinany hökmany diýip yglan etdi, şeýlelik bilen dünýäde öz ilatyny COVID-19 sanjymyny urdurmaga mejbur edýän az sanly ýurtlaryň birine öwrüldi. Bu, ýurtda koronawirus alamatly keselçiligiň köpelen we häkimiýetleriň ýurtda COVID-19 ýoklugy barada nobatdaky resmi beýanatynyň edilen wagtyna gabat geldi.

Bu aralykda, faraply mugallymlar ilkibada mugt edilmelidigi aýdylan hytaý sanjymlary üçin 150 manat tölemäge mejbur edilýär.

"Mugallymlara "biowak" we "koronawak" sanjymlary iki doza esasynda edilýär. Olardan bu sanjymyň her bir dozasy üçin 148 manat 50 teňňe tölemek talap edilýär. Mugallymlar işden kowulmajak bolup, soralan puly berýärler" diýip, adynyň efirde üýtgedilip Sona diýip tutulmagyny soran bir faraply býujet işgäri aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Lebap welaýat we Farap etrap saglyk müdirliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlar, çäklendirmeleriň möhleti barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG