Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan COVID-19 waksinasyny hökmany edensoň, ilata sanjym edilmegini wagtlaýyn togtadyp, mugallymlara waksina berýär


Türkmen saglyk işgärleri Russiýanyň COVID-19 keseline garşy "Sputnik V" sanjymyna seredýär. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Altyn Asyr” telekanalynyň görkezen pursady. 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwary
Türkmen saglyk işgärleri Russiýanyň COVID-19 keseline garşy "Sputnik V" sanjymyna seredýär. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Altyn Asyr” telekanalynyň görkezen pursady. 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwary

Dünýäde kornawirusa garşy waksinany hökmany eden sanlyja ýurduň biri bolan Türkmenistan býujet işgärlerine sanjym etmek işini güýçlendirdi, emma ýurduň käbir sebitlerinde adaty ilata waksina edilmegi togtadyldy. Häkimiýetler ilatyň COVID-19 keselinden ejir çekip, keseli anyklamakda we onuň täsirlerinden saplanmakda kynçylyk çekýän wagtynda ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürmegini dowam etdirýärler.

Türkmenistanyň gündogarynda bilim edaralarynyň işgärleriniň COVID-19-a garşy uçdantutma waksinasiýasy güýçlendi. Azatlygyň ýerli habarçylarynyň aýtmagyna görä, mugallymlaryň ählisine waksina berilýänçä ýerli ilata sanjym etmek işi wagtlaýynça bes edilipdir.

Soňky aýlarda waksinasiýa gartaşan adamlaryň arasynda geçirilipdi.

7-nji iýulda Türkmenistan koronawirusa garşy waksinany hökmany diýip yglan etdi, şeýlelik bilen dünýäde öz ilatyny COVID-19 sanjymyny urdurmaga mejbur edýän az sanly ýurtlaryň birine öwrüldi. Bu, ýurtda koronawirus alamatly keselçiligiň köpelen we häkimiýetleriň ýurtda COVID-19 ýoklugy barada nobatdaky resmi beýanatynyň edilen wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanyň ýolbaşçysy ýurtda koronawirusyň ýokdugy barada soňky gezek 29-njy uýunda çykyş etdi. Şonda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19 garşysyna has täsirli sanjym satyn almagy talap etdi, ýöne ýurtda COVID-19 keseliniň hasaba alynmandygyny ýene bir gezek öňe sürdi. Resmi neşirler prezidentiň haýsy waksinany netijeli diýip talap endigini anyklaşdyrmady.

Bu aralykda, syrkawlap, koronawirusdan gutulan adamlar özlerini bejermegiň, netijelerini anyklamagyň we soňra saglygyny dikeltmegiň usullaryny özbaşdak gözlemäge mejbur bolýarlar. Köplenç ýurtda koronawirus bilen kesellänlere pnewmoniýa diagnozy goýulýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri hakyky diagnozyň goýulmazlygyň bejergini kynlaşdyrýandygyny we koronawirus keselini başdan geçirenlere, şol sanda olara waksina edilmeginde saglyk üçin töwekgelçilikleri döredýändigini belleýärler.

"Joram adamsy bilen bilelikde koronawirusy başdan geçirdi we öýünde bejergi aldy. Keseli adamsy agyr, onuň özi has ýeňil geçirdi we wagtal-wagtal kompýuter tomografiýa barlagyndan geçdi. Soňky netijeler onuň adamsynyň ýagdaýynyň gowudygyny, ýöne öz ýagdaýynyň gowy däldigini görkezdi. Tejribeli pulmonolog antitela ýagny bedeniň kabul etmeýänini anyklamak üçin gan barlagyny geçirmegi maslahat berdi. Şeýle barlaglar Jemgyýetçilik saglygy we iýmitleniş merkeziniň milli barlaghanasynda, wirus bölüminde geçirilýär. Ýöne ol ýerde oňa bu barlagy geçirmekden ýüz öwürdiler we şular ýaly synaglaryň diňe daşary ýurtlular üçin geçirilýändigi we dollarda töleg edilýändigini aýtdylýar "-diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna 8-nji iýunda gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary hem koronawirus keseliniň başdan geçirilendigini görkezýän bu gan barlagyny Aşgabatda etdirmegiň aňsat däldigini aýdýarlar. Jemgyýetçilik saglygy we iýmitleniş merkeziniň milli barlaghanasyndan başga-da, bu analiz Çoganlydaky Ýokanç keseller hassahanasynda geçirilýär. Paýtagtyň saglyk öýlerinde we saglyk merkezlerinde bu synaglar geçirilmeýär.

Bu aralykda, garaşsyz “Turkmen.news” neşiri koronawirus bilen bagly ýagdaýyň agyrlygy sebäpli Türkmenabatdaky hassahanalaryň iş tertibiniň üýtgändigini habar berýär.

Neşir Türkmenabatda hassalar üçin boş ýerleriň ýoklugy sebäpli, "Uçpunkt" diýlip atlandyrylýan keselhananyň diňe COVID-19 bilen kesellänleri kabul edýändigini habar berýär. Şäheriň daşynda Mary şäherine barýan ýolda ugrunda ýerleşýän ýerli ýokanç keseller hassahanasy hassalardan hyryn-dykyn, täze köpugurly welaýat hassahanasy bolsa, Lebap welaýatynyň etraplaryndan näsaglary kabul etmegi bes edipdir.

Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaýyň agyrdygy Türkmenabadyň agzalan hassahanalarynyň birinde 7-nji iýulda geçirilen ýygnakda mälim edilipdir.

Türkmenistan öz ilatyna şu ýylyň fewral aýynda waksina edip başlady. Ýanwarda ýurtda birbada Russiýada öndürilen iki waksina hasaba alyndy we sanjym ediljek raýatlaryň sanawlaryny düzmek prosesi başlandy, sanawlara oňa döwlet edaralarynyň işgärleri, şol sanda lukmanlar, polisiýa işgärleri we saglyk ýagdaýy sebäpli töwekgelçilik toparyna degişli raýatlar girdi. Waksinasiýa rus sanjymy bilen başlandy, emma tiz wagtdan ilatyň aglaba bölegine hytaý waksinalary edildi. Şonda hytaý waksinasynyň ýurtda hasaba alynandygy barada resmi taýdan habar berilmedi.

2021-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi COVID-19 keseline garşy waksinanyň 18 ýaşdan uly ähli raýatlar üçin hökmanydygyny yglan etdi. Mundan birnäçe gün öň şuňa meňzeş karar Täjigistan tarapyndan yglan edildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG