Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda etraplaryň arasynda hereket çäklendirildi, Aşgabatda eýran waksinasyna garaşylýar


Türkmenabadyň demirýol köprüsi (illýustrasiýa suraty)
Türkmenabadyň demirýol köprüsi (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň gündogarynda ilatyň hereketine çäklendirmeler ýene-de güýçlendirildi. 12-nji iýulda Farap etrabynyň ilatyna sebitden Türkmenabat şäherine gitmek gadagan edildi. Türkmenabatda bolsa, seýilgähler ýapyldy. Bu aralykda Aşgabatda eýran waksinasyna garaşylýar we daşary ýurtlardan türkmen raýatlaryny getirjek uçara garaşylýar.

12-nji iýulda Farap etrabyny Türkmenabat bilen birleşdirýän ýollar, şol sanda Türkmenabat şäherine barýan köpri, Hojakenepsi-Seýdi köprüsi we Hojambaz-Farap ýoly ýapyldy. Ulaglar we pyýadalar yzyna ugradyldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ilatyň Farap etrabyndan Türkmenabat şäherine gitmegine girizilen çäklendirme ýerli häkimiýetleriň COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak synanyşygy bilen baglanyşykly. Habarçylar bilen gürleşen çeşmeler Farapda keseliň ojagynyň tapylandygyny aýdýarlar. Hususan-da, azyndan iki maşgalada COVID-19 keseli anyklanypdyr.

Häzirki wagtda Farapda toý-üýşmeleňler gadagan edildi, ýerli toý mekanlaryny 15-nji iýulda ýapmak tabşyryldy.

Ýerli häkimiýetler we Lebap welaýatynyň häkimiýetleri bu ýagdaý barada resmi düşündiriş bermeýärler. Sebitiň ilaty çäklendirmeleriň möhletinden bihabar galýarlar.

Bu aralykda, çäklendirmeler Türkmenabatda-da girizildi. 10-njy iýulda şäher seýilgähleri we çagalar üçin dynç alyş merkezleri ýapyldy. Ilatyň maska dakynmagyna gözegçilik edýän şäher polisiýasy aktiwleşdi.

Lebap welaýatynda esasy karantin zolaklary ýerleşýär. Olaryň biri Farapda, koronawirusyň ýaýramagynyň ýene bir tolkunyny başdan geçirýän Özbegistan bilen serhetde ýerleşýär.

Bu aralykda, Farap sebitiniň işleýän ilatynyň ep-esli bölegi Türkmenabatda zähmet çekýär. Bular býujet işgärleri we hususy kärhanalaryň işgärleri bolup, 12-nji iýunda olaryň köpüsi iş ýerine baryp bilmedi.

Türkmenistan şu ýylyň aprel aýynda ilatyň ýurduň içindäki hereketine çäklendirmeleri ýeňilleşdiripdi. Bu çäklendirmeler geçen tomusda ýurtda koronawirus alamatly keselçiligiň köpelen wagtynda we ilatyň arasynda ölüm derejesiniň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanan döwründe girizilipdi.

Ýurduň häkimiýetleri şol döwürde-de, häzirki wagtda-da ýurtda COVID-19-yň bardygyny ykrar etmediler, ýöne keseliň ýaýramagyna garşy talaplaryň birnäçesini girizdiler.

Türkmenistanda koronawirus testleri ýurduň içinde hereket etmek üçin hem hökmanydyr.

Lebap welaýatynyň ilaty Türkmenabat şäherine barmak üçin şäherde ýerleşýän iş ýerinden rugsat, şeýle hem soňky 72 sagatda geçirilen koronawirus testini görkezmeli.

Bu, ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň COVID-19 garşy waksinasyny hökmany eden wagtynda bolup geçýär.

Şu günler paýtagtda, käbir keselhanalarda näsaglara Eýranda öndürlen waksinanyň ediljekdigi habar berildi. Lukmanlar munuň sebäbini hytaý sanjymlarynyň ýetmezçiligi bilen düşündirýärler. Bu barada 13-nji iýulda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berdi.

Türkmenistanda girizilen hökmany waksinasiýa talabynyň ýurda gelýänlere nähili täsir edip-etmejekdigi entek belli däl. Bu barada resmi düşündiriş bolmady. Bu aralykda türkmen raýatlarynyň ýene bir toparynyň Orsýetden getirilmegine garaşylýar. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 15-nji iýulda Gazandan ýene bir uçara garaşylýar. Biletler öňünden düzülen sanawlara görä satylýar, biletiň bahasy 6000 manat, ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy bilen 1714 dollara barabar bolýar.

Ýurduň raýatlaryny, daşary ýurtlulary we ýükleri daşary ýurtlardan getirýän uçarlar Türkmenabatdaky halkara aeroportuna gelmegini dowam etdirýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG