Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan owgan serhedinde söweşjeň taýýarlygy güýçlendirýär, ilat öz howpsuzlygyny alada edýär


Türkmenistan geçirilen harby tälim-türgenleşikden bir pursat. Arhiw suraty.
  • Türkmenistan bilen serhetleşýän Demirgazyk Owganystanda “Talyban” öz çägini giňeldip, owgan hökümet güýçleriniň we bosgunlaryň goňşy ýurtlara gaçýandygy baradaky habarlaryň arasynda, şu günler türkmen-owgan serhediniň türkmen tarapynda Türkmenistanyň ýaragly güýçleri söweşjeň taýýarlygy güýçlendirýär.
  • Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan türkmen-owgan serhedinde ýerleşýän Serhetabat (öňki Guşgy) etrabyna harby tehnika ýerleşdirmek işlerini dowam etdirýär.
  • Howpsuzlyk aladalarynyň fonunda, Maryda gulluk edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri maşgala agzalaryny başga welaýatlara ugradýarlar. Muny gören köp sanly mary ýaşaýjylary, sebitde howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagyndan gorkup, özleriniň hem başga welaýatlara wagtlaýyn göçmek isleýändiklerini aýdýarlar.

Bular barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Marynyň Oguzhan etrabynda ýerleşýän harby ammarlardan ok-ýaraglar we harby çadyrlar harby ulaglarda Serhetabada äkidilýär. “KrAZ” we “Kamaz” ýaly harby ýük ulaglarynyň kerweni serhede ugradylýar. Ulag kerwenleriniň öňünde we yzynda harby ýol gözegçilik gullugynyň awtoulaglary hereket edýär.

Şeýle-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, türkmen-owgan serhedine harby serkerdeler we çagyryş boýunça harby gullugyň esgerleri çekilýär. Harby serkerdelere çagyryş boýunça harby gullukçylar bilen tälim-türgenleşik geçmek, olara ok atmagy, ýarag tutmagy öwretmek tabşyrylýar.

Şu günler Mary şäheriniň üstünden dik uçarlar Serhetabat, Tagtabazar tarapyna köp gatnaýar diýip, bir şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleriniň ýurduň günorta-gündogar serhet ýakalarynda söweşjeň taýýarlygy güýçlendirmegi, Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýan wagtlaryna, “Talyban” jeňçileriniň Demirgazyk Owganystanda has köp etraby öz gözegçiligine geçirýän wagtlaryna gabat gelýär.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara harby goşunlaryň 1-nji maýda Owganystandan çekilmäge başlaly bäri, Türkmenistanyň günorta-gündogar goňşusynda howpsuzlyk şertleri ýaramazlaşdy. Owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda 2020-nji ýylyň sentýabrynda başlanan parahatçylyk gepleşiklerinde möhüm öňe gidişlik gazanylmansoň, ýurt boýunça “Talyban” hüjümleri, ýowuzlyklar güýçlendi.

“Talyban” jeňçileri ýurduň demirgazyk sebitlerinde öz çägini giňeltmegi bilen, owgan güýçleriniň harbylary, galyberse-de ýerli ýaşaýjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerine gaçyp başlady.

Bu habarlaryň fonunda, Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, beýleki welaýatlardan baryp, Mary welaýatynda işleýän Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri, prokuratura işgärleri, harbylar we polisiýa işgärleri öz maşgala agzalaryny, aýallaryny we çagalaryny beýleki welaýatlara, özleriniň hemişelik ýaşaýan ýerlerine iberip başladylar.

“Marydan çagalary gaçyrmaly” diýip, bir hukuk goraýjy işgär Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Muny gören ýerli ýaşaýjylar hem howpsuzlykdan howatyr edip, başga welaýatlara wagtlaýyn göçmek isleýär. Bu barada ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýärler.

“Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň örän howsala düşüp, çagalaryny, aýallaryny Marydan çykarýandyklaryny görýän ýerli ýaşaýjylar hem howsala düşýär” diýip, bir mary ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Köp sanly maryly ýaşaýjylaryň arasynda çagalaryny ýanlary bilen alyp, Aşgabatdan hem aňry, bolsa Balkan welaýatyna gitmek isleýänler bar. Emma hiç bir adam welaýatdan beýleki welaýata goýberilmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ilat Owganystanda ýaramazlaşýan howpsuzlygyň Türkmenistana täsir etmeginden, söweşijileriň Mary welaýatyna aralaşmagyndan howatyr edýär.

Geçen hepde Türkmenistan serhetdäki howsalaly ýagdaýyň fonunda “Talyban” wekillerini Aşgabada çagyryp, Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirdi. Ýöne gepleşikleriň jikme-jikligi aýdylmaýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri serhetdäki howsalaly ýagdaýlar barada habar bermeýär.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar serhetdäki ýagdaýlar boýunça özleriniň bihabar galmagyndan alada galýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG