Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” Demirgazyk Owganystanda öz çägini giňeldýär, owgan harbylaryny Täjigistana gaçmaga mejbur edýär


"Talyban" bilen söweşiň yz ýany, täjik serhedine bosan owgan esgerleri we ýerli milisiýa güýçleri.

Hepdäniň ahyrynda Demirgazyk Owganystanda “Talybanyň” hüjümleri ýygjamlaşdy. Gozgalaňçylar has köp etrapda gözegçiligi ele geçirip, bir welaýat merkeziniň daşyny gurşady, owgan hökümetiniň ýüzlerçe harbysyny Täjigistana gaçmaga mejbur etdi.

Täjigistanyň serhet goraýjylary 5-nji iýulda 1037 owgan harbysynyň gijäniň dowamynda serhetden geçendigini, ondan bir gün öň 4-nji iýulda ýene 94-siniň gaçyp gelendigini habar berdiler.

"Talyban" tarapyndan ýakynda ele salnan ýerleriň köpüsi Badahşanda ýerleşýär, demirgazyk-gündogar welaýatyň 27 etrabynyň 16-sy häzir "Talybana" degişli. Bu barada owgan resmileri 4-nji iýulda aýtdylar.

Etraplaryň köpüsi howpsuzlyk güýçleri tarapyndan garşylyk görkezilmezden terk edilene meňzeýär, harbylar ruhy peslikden ejir çekýär, olaryň köplenç sanlary az we üpjünçilikleriniň ýagdaýy gowşak.

"Gynansak-da, etraplaryň aglabasy "Talybana" hiç hili uruşsyz terk edildi" diýip, bir welaýat geňeşiniň agzasy Mohibul Rahman aýtdy.

Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň maslahatçysy 5-nji iýulda hökümet güýçleriniň demirgazyk sebitlerde jeňçileriň gözegçiligi ele geçiren ýerlerini yzyna almak üçin garşy hüjüm meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Rus resmileri bilen gepleşik geçirmek üçin Moskwa sapar eden milli howpsuzlyk maslahatçysy Hamdullah Mohib hökümet güýçleriniň “Talybanyň” hüjüm etmegine garaşmandyklaryny, ýöne “hökmany suratda” garşy hüjüm amala aşyrjakdyklaryny aýtdy.

"Talybanyň" söweşijileri indi Badahşanyň sebit paýtagty Faizabadyň daşynda ýerleşýär we şäheri gabawa alyp, howa menziline howp salýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy habar berýär.

Ýerli resmiler “Talybanyň” şähere girmejekdigini aýdýarlar. 3-nji iýulda Kabuldaky Içeri işler ministrligi söweş meýdanyndaky bökdençlikleriň wagtlaýyndygyny ynandyrmaga synanyşdy, ýöne hökümetiň gözegçiligi nädip gaýtadan ele geçirjekdigi aýdyň däl.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden aprel aýynda ABŞ-nyň goşunynyň yza çekiljekdigini yglan edeli bäri, "Talyban" çalt hüjüme geçdi we häzirki wagtda ýurduň 421 etrabynyň we etrap merkeziniň üçden birini öz gözegçiligine geçirdi.

Waşingtonyň öňümizdäki hepdelerde ýurdy terk etmegi meýilleşdirmegi bilen, Kabuldaky günbatar goldawly hökümetiň synjakdygy barada aladalar barha artýar.

2-nji iýulda halkara goşunlar ABŞ-nyň Owganystandaky iň uly harby bazasyny, “Bagram” howa bazasyny doly terk etdi.

“Talybanyň” käbir iň möhüm ilerlemeleri Demirgazyk Owganystanda bolup geçdi. Jeňçiler Özbegistanyň we Täjigistanyň serhet ýakalarynda birnäçe etraby basyp aldy.

Täjik serhetçileri 22-nji iýundan bäri 1600 töweregi owgan esgeriniň Täjigistandan bosgunlyk sorandygyny habar berdi.

"Ynsanperwerçilik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda owgan esgerleriniň Täjigistana girmeklerine rugsat berildi” diýip, 4-nji iýulda Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komiteti aýtdy.

“Döwlet serhediniň kesgitlenen bölegindäki kyn ýagdaý göz öňünde tutulanda, Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümet güýçleriniň harby işgärleriniň Täjigistanyň çägine mundan beýläk hem geçişleriniň dowam etmegi ähtimal” diýip, Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komiteti aýtdy.

Bu aralykda, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon serhetdäki “howsalaly” ýagdaýlar boýunça owgan kärdeşi Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip, Täjigistanyň döwlet mediasy habar berýär.

“Talybanyň” demirgazyk sebitlerde gözegçiligi ele geçirmegi möhümdir, sebäbi bu sebitler Merkezi Aziýanyň girelgesidir we topar 90-njy ýyllarda ýurdy dolandyran ýyllarynda bu sebite gözegçilik edip bilmedi. Şol döwürlerde bu sebitler 2001-nji yýlda yslamçy toparyň agdarylmagyna ýardam beren ABŞ goldawly Demirgazyk ýaranlygyň berkitmesi bolupdy.

Düýbi Kabulda ýerleşýän “Owganystanyň analitikler torunyň” soňky çap eden synyna görä, “Talybanyň” demirgazyk sebitlerdäki strategiýasy “demirgazykdaky oppozisiýanyň guramalaşmagynyň öňüni almak üçin öňüni alyş hüjümi ýaly bolup görünýär”

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG