Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan telefonlarda bir programma ulanmak arkaly žurnalistleriň we aktiwistleriň yzyny çalmakda güman edilýär


Azerbaýjanly žurnalist Hatyja Ismaýilowa
Azerbaýjanly žurnalist Hatyja Ismaýilowa

Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň (OCCRP) täze hasabaty Azerbaýjanyň çylşyrymly bir telefon programmasyny ulanmak arkaly ýüzlerçe ýerli aktiwistiň we žurnalistiň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň yzyny çalandygyny öňe sürýär. Telefon programmasy hökümete yzarlanýanlaryň telefonlaryna girmäge mümkinçilik beripdir.

Azerbaýjan Ysraýylyň "NSO Group" kiber-gözegçilik kompaniýasyndan "Pegasus" içalyçylyk programmasyny satyn alan çemeli diýip, OCCRP 18-nji iýulda çap eden hasabatynda aýtdy. Hasabata görä, bu içalyçylyk programmasy telefon gepleşiklerini ýazgy edip bilýär, hatlary okaýar, telefondaky parollary we suratlary görüp bilýär, GPS maglumatlaryny yzarlaýar we telefonda ses hem-de wideo ýazgy edip bilýär.

Azerbaýjan barada çap edilen hasabat OCCRP we onuň dünýädäki 17 media hyzmatdaşynyň, şol sanda girdeji gazanmagy maksat edinmeýän “Forbidden Stories” žurnalistik guramasynyň we ynsan hukuklaryny goraýjy Amnesty International toparynyň "NSO group" babatynda geçiren içgin barlaglarynyň bir bölegidir. Barlaglar "NSO-nyň" müşderileri tarapyndan 2016-njy ýyldan bäri gyzyklanma bildirilýän adamlar hökmünde anyklanan adamlara degişli hasaplanýan 50 müň telefon belgisi boýunça syzdyrylan maglumatlary görkezýär.

Žurnalistler syzdyrylan sanawdaky telefon belgilerini geografik kategoriýalara bölmek arkaly "NSO Group" kompaniýasynyň on ýurtdaky, şol sanda Azerbaýjan, Bahreýn, Wengriýa, Hindistan, Indoneziýa, Gazagystan, Meksika, Marokko, Ruwanda, Saud Arabystany, Togo we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlardaky müşderilerini kesgitlediler.

OCCRP-niň Azerbaýjan boýunça gelen netijeleri “Pegasus” programmasy tarapyndan nyşana alynandyklaryna ynanylýan 50 müň telefon belgisiniň syzdyrylan sanawynda peýda bolan ýüzlerçe ýerli zurnalistiň, aktiwistiň we oppozisiýa agzalarynyň telefon belgilerine esaslanýar.

Bakuwyň “NSO Group" kiber-gözegçilik kompaniýasynyň müşderisidigi barada ýa-da syzydyrylan telefon belgileriniň nyşana alynmak üçin saýlanan adamlaryň telefon belgileridigi barada “anyk subutnama” ýok bolsa-da, OCCRP “agramly subutnamalaryň munuň şeýledigini görkezýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG