Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ak reňk mejburylygyna degişli ýene bir talap güýje girizilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we global pandemiýanyň arasynda, Lebabyň häkimiýetleri ak reňk mejburylygyna degişli ýene bir talaby güýje girizmegi planlaşdyrýarlar. Türkmenabat we Farap şäherlerindäki köp we dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerindäki gapylary ak reňke çalyşmak hem-de fasadlary ak reňke boýamak talap edilýär. Ak reňkiň propagandasyna degişli bu talaby ýaşaýjylaryň hasabyna amal etmek göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatlaryna görä, şu günler bu talap barada ýaşaýyş jaý dolandyryş edaralaryna ýörite tabşyryklar gelip gowuşdy. Agzalýan edaralaryň işgärleri bu talap barada ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryny duýduryp başladylar.

"Karantin çäreleri gowşandan soň, bu talaby berjäý etmeli. Bize munuň ýaşaýjylaryň hasabyna amala aşyrylmalydygy duýduryldy. Biz bu barada ýaşaýjylara bidliriş edip başladyk" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Myrat diýlip tutylmagyny soran Türkmenabadyň ýaşaýyş jaý dolandyryş edaralarynyň birinde işleýän bir işgär aýtdy.

Bellesek, welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde aglabasy sowet ýa-da garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda gurlan köp we dört gatly jaýlaryň girelgeleri hem-de fasadlary gara, gyzyl ýa-da goňur ýaly reňklerdedir.

Habarçymyzyň sözlerine görä, bu barada habarly edilen ýaşaýjylaryň aglabasy bu talap bilen ylalaşmaýandyklaryny we oňa bermäne pullarynyň ýokdugyny aýdýarlar.

"Ykdysady kynçylyklar sebäpli öň hem ilatyň güzeran eklenji ýaramaz. Pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda işsizlik has-da möwjedi. Ilatyň durmuş şertleri has-da ýaramazlaşdy. Hökümet ilaty un, şeker, ýag ýaly esasy azyk önümleri bilen üpjün edip bilmeýär. Adamlar iýmäne çörek zordan tapýan wagty, bular [häkimiýetler] ak girelge we fasad isleýär. Olary hem ilatyň hasabyna etmek isleýär. Dokuň açdan habary ýok diýleni, şu bolsa gerek" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Döwran diýlip tutulmagyny soran ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Ýaşaýyş jaý edarasynyň işgäri Myradyň sözlerine görä, gapylary ak reňke çalyşmak we fasadlary ak reňke boýamak üçin pul goşmajak ýaşaýjylara derek telekeçilerden pul ýygnamak barada hem maslahat edilýär.

"Ýöne bu barada habarly edilen telekeçiler hem özleriniň pul goşup bilmejekdigini aýdýarlar. Ýolbaşçylarymyzyň bu usuly hem netije bermeýär" diýip, Myrat belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenabat we Farap şäherleriniň häkimiýetlerinden, ýaşaýyş jaý dolandyryş edaralaryndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenabatda ýaşaýyş jaýlary we olaryň girelgelerindäki gapylary ak reňke çalyşmak ýa-da boýamak çäreleri barada Azatlyk mundan ozalky ýyllarda hem habar beripdi.

Ýöne bu çäre diňe prezidentiň geçjek köçeleriniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynda amala aşyrylypdy. Şonda jaýlaryň diňe uly köçelere tarapy ak reňke boýalyp, beýleki tarapy reňklenmän, öňki reňkinde galdyrylypdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet derejesinde ak reňkiň propagandasy dowan edýär. Ýurtda ak reňk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň söýgüli reňki hasaplanýar. Berdimuhamedowyň doglan gününde we onuň sebitlere iş saparynyň dowamynda hökümet ýolbaşçylary oňa diňe ak reňkdäki gülleri sowgat berýärler.

Aşgabatda ähli binalar ak reňkde gurulýar, welaýatlarda "Ak öýler" bina edilýär we ozaldan bar bolan binalar ak reňke boýalýar ýa-da mermere çalymdaş ak plitalar bilen örtülýär. Soňky üç ýarym ýylyň dowamynda gara we goňur reňkli awtoulaglaryň ulanylmagy gadagan edildi, diňe ak we açyk reňkli awtoulaglara hereket etmäge rugsat berildi.

Lebapda ak reňk mejburylygyna degişli soňky talap ýurtda ýiti ykdysady krizisiň dowam edýän, işsizligiň, azyk gymmatçylygynyň we gytçylygynyň ýiti duýulýan, bankomatlarda nagt ýetmezçiliginiň saklanyp galýan wagtyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG