Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak reňk mejburlygy. Türkmenistanda awtoulaglara degişli nobatdaky talaplar peýda boldy


Türkmenistan
Türkmenistan

Türkmenistanda awtoulaglaryň daşky görnüşine degişli ýene täze talaplar peýda boldy. Hususan-da, döwlet edaralaryna degişli awtoulaglaryň daşky detallarynyň ähli bölekleriniň, şol sanda öndüriji tarapyndan başga reňkde göz öňünde tutulan şaýlarynyň indi ak reňkde bolmagy talap edilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynda awtoulaglara degişli täze talaplaryň aprel aýynda döwlet edaralarynyň balansyndaky ulaglaryň hökmany tehniki barlagdan geçmeginiň möwsüminde belli bolandygyny aýdýarlar.

Hususan-da, öňki ýyllardan tapawutlylykda bu ýyl awtoulaglaryň tehniki guratlygynyň gözegçiligi ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar. Mundan başga-da, indi döwlet ulaglarynyň daşky ähli detallary diňe ak reňkde bolmaly. Habarçylar ozal bu talabyň esasan hususy ulaglara degişlidigini belleýärler.

Indi awtobuslar, mikroawtobuslar, ýeňil awtoulaglar, poçta ulaglary ýaly döwlet edaralarynyň transport serişdeleriniň ählisi tutuşlygyna ak bolmaly. Ulaglaryň daşky bölekleri, şol sanda zawod tarapyndan başga reňkde öndürilen detallary ak reňkde bolmasa, ulagyň tehniki taýdan doly abat bolmagyna garamazdan, guratlygy hakynda şahadatnama berilmeýär.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, hususan-da, "Türkmennebit" edaralarynda, ulagyň tehniki guratlygy gözegçiliginden geçendigini tassyklaýan möhürli kagyzyň bolmadyk ýagdaýynda ulag sürüjilerine bellenen benzin normasy berilmeýär.

Bu aralykda, gündogar welaýatdaky döwlet edaralarynyň transport serişdeleriniň tehniki ýagdaýy ýaramazlaşýar. Hatda saglyk edaralarynda awtoulaglary bejermek üçin maddy-tehniki üpjünçilik kadaly berjaý edilmeýär.

Azatlygyň ýerli habarçylary Farap, Danew we Darganata etraplarynda tiz kömek ulaglarynyň 80%-niň işlemän garažlarda durandygyny aýdýarlar. Esasy problema transportyň näsazlygy, tekerleriň könelişip, sandan çykmagy we ätiýaçlyk şaýlarynyň bolmazlygy.

"Maşynlar uzak wagtlap garažlarda, kepderiler we guşlar üçin ketek bolup dur. Üç etrap üçin bary-ýogy 3 sany tiz kömek ulagy işleýär. Döwlet galanlaryny bejermek üçin pul bölüp bermeýär. Bular 2006-njy ýylda alnan awtoulaglar" diýip, ýerli çeşme Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Turkmen.news garaşsyz neşri awtoulaglaryň daşky detallaryny ak reňke boýamak boýunça talaplaryň sanawynyň ýene artjakdygyny habar berýär.

Neşriň Aşgabatdaky ýol polisiýa gullugyndaky çeşmelerine salgylanyp, ýazmagyna görä, ýakyn wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda ak reňke reňklenmeli awtoulag bölekleriniň sanawyna awtoulagyň tigirleriniň gapdalyndaky palçykdan goraýan detallar goşular. Olar adatça gara bolýar. Indi bu detallaryň hem ak bolmagynyň sebepleri "ýokardan edilen buýruk" bilen düşündirilýär. Talabyň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda atoulagyň guratlygy hakyndaky şahadatnama berilmez. Şeýle-de, bu talabyň ýerine ýetirmänligi üçin sürüji jerime tölemeli bolar we awtoulag jerime duralgasyna ýerleşdiriler diýip neşir ýazýar.

Türkmenistanda awtoulaglaryň guratlygynyň gözegçiligi iki ýylda bir gezek geçirilýär.

Turkmen.news tehniki guratlyk barlagynyň resmi nyrhynyň 50 manat çemesi düşýändigini, barlagyň özi we dürli görnüşli resminamalaryň nusgalary üçin köp töleg etmeli bolýandygyny haber berýär. Mundan başga-da, 100 manatdan ybarat resmi bolmadyk çykdajylaryň hem bardygyny belleýär.

Polisiýa işgärleri täze talapyň sebäbini resmi taýdan düşündirmeýärler.

Ilkinji gezek awtoulaglary ak reňke reňklemek talaby ýurtda 2017-nji ýylyň dekabrynda peýda boldy. Goýy reňkli ulaglaryň sürüjilerine jerime salyndy we olar ulaglary aga boýamaga mejbur boldy. Aşgabadyň köçelerinden goýy reňkli ulaglar köpçülikleýin ewakuasiýa edildi. 2019-njy ýylyň tomsunda hususy ulaglaryň reňkine degişli bu talap birneme gowşady.

2020-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabadyň polisiýasy awtoulaglaryň daşyndaky gara detallar üçin jerime salyp başlady, adatça awtoulagyň öňündäki gara reňkli örtük bölekleriniň awtoulagyň reňkine boýalmagyny talap etdi.

Ondan öň türkmen awtoulag eýelerinden awtoulaglaryň öňdäki we yzky bamperlerini ak reňke boýamak talap edilýärdi. Geçen ýylyň mart aýynda Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasy awtoulag eýelerinden LED çykaraly we beýleki goşmaça yşyklary öçürmegi ýa-da doly aýyrmagy talap edipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG