Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki türkmen sportçysy Tokio olimpiadasynda ýaryşdan çykdy


Tokio Olimpiýa oýunlaryndaky türkmen türgeni
Tokio Olimpiýa oýunlaryndaky türkmen türgeni

Türkmen dzýudoçysy Gülbadam Babamyradowa Tokioda geçýän Olimpiýa oýunlarynda 52 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşdan çykdy.

“Orient” ýarym resmi onlaýn neşiriniň habaryna görä, türkmen dzýudoçysynyň çykyşy oýunlarda ilkinji we iň soňky ýaryşy bolup, ol 1/16 finalda Ysraýylyň çempiony Gili Kohenden ýeňildi.

Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça Ysraýylyň çempiony Gili Kohenden ýeňildi.
Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça Ysraýylyň çempiony Gili Kohenden ýeňildi.

Sportsmenleriň arasynda 25-nji iýulda bolan duşuşyk türgenleriň bir-biri bilen ikinji söweşidir diýlip, maglumatda bellenýär we olaryň mundan öň, 2019-njy ýylda Tbiliside geçirilen halkara Gran-pri ýaryşynda duşuşandygy, onda hem Koheniň ýeňiş gazanandygy aýdylýar. Tokiodaky häzirki ýaryş türkmenistanly Gülbadam Babamyradowanyň karýerasyndaky ikinji Olimpiadadyr. Neşiriň habaryna görä, Rio-2016-da geçirilen soňky Olimpiýa oýunlarynda Gülbadam 17-nji boldy.

Türkmenistandan ýene iki türgen Merdan Ataew we Darýa Semenowa Tokioda üstünlik gazanyp bilmedi. 25-nji iýulda türkmen ýüzüjileri 34-nji we 39-njy orny eýelediler. Merdan Ataew 28-nji iýulda hem çykyş eder.

8-nji awgusta çenli dowam etjek oýunlara dört sport görnüşi - ýüzmek, dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika boýunça 9 türkmen türgeni gatnaşýar. Hojamuhammet Toýçiýew, Öwez Owezow, Rejepbaý Rejepow, Polina Guryýewa we Kristina Ermetowa agyr atletika boýunça ýaryşlarda, Mergen Mamedow ýeňil atletikada, Gülbadam Babamyradowa dzýudoda, Merdan Ataew we Darýa Semenowa ýüzmek boýunça ýaryşlarda çykyş edýär.

Türkmen türgenleriniň gatnaşmagyndaky ýaryşlar 25-nji iýulda başlandy. Iň soňky türkmen sportçysy 4-nji awgustda ýaryşa gatnaşar.

Garaşsyz habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Olimpiýa oýunlaryna türkmen delegasiýasyna Türkmenistanyň prezidentiniň ogly, premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlary 8-nji awgusta çenli dowam eder.

Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän türkmen türgenleri ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk taryhynda hiç wagt medal gazanyp bilmedi. Geçmişde türkmen türgenleri Türkmenistan Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolanda SSSR üçin bäsleşipdi Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanypdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG