Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen türgenleri Tokiodaky koronawirus aladalarynyň arasynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar


Türkmen türgenlerini Tokio 2020 Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy. Aşgabat. TDH-nyň suraty.

Koronawirus aladalarynyň arasynda 23-nji iýulda Tokioda tomusky Olimpiýa oýunlary başlanýar. 8-nji awgustda çenli dowam etjek Oýunlara dokuz türkmenistanly türgen gatnaşýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, 16-njy iýulda Aşgabadyň “Sport” myhmanhanasynda türkmen türgenlerini halkara sport bäsleşigine ugratmak dabarasy geçirildi. Bu dabara türkmen sportçylary, ýokary derejeli sport resmileri bilen bir hatarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň habar bermegine görä, 22-nji iýulda “Türkmenhowaýollarynyň” Boing 777-200LR kysymly uçary ýapon paýtagtyna gondy. Neşiriň ýazmagyna görä, bu uçar bilen Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa barandygy çak edilýär.

Has ozal, “Turkmen.news” neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, kiçi Berdimuhamedowyň Oýunlarda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etjekdigini habar berdi.

Tokioda koronawirus sebäpli nobatdaky gezek yglan edilen adatdan daşary ýagdaýyň arasynda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna tomaşaçy gadagançylygy sebäpli bary-ýogy 950 adamyň, şol sanda 15 töweregi dünýä lideriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, türkmen türgenleri sportyň dört görnüşi – suwda ýüzmek, dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler.

Oýunlarda Hojamuhammet Toýçyýew, Öwez Öwezow, Rejepbaý Rejepow, Polina Gurýewa, Kristina Şermetowa dagylar agyr atletika boýunça, Mergen Mämmedow ýeňil atletika boýunça, Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça, şeýle-de, Merdan Ataýew hem-de Darýa Semýonowa dagylar suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler.

Hökümetçi “Turkmenportal.com” neşiriniň habaryna görä, türkmen türgenleriniň gatnaşýan sport bäsleşikleri 25-nji iýulda başlanýar. Iň soňky türkmen sportçysy 4-nji awgustda geçiriljek ýaryşlarda bäsleşer. Tokio 2020 Olimpiýa oýunlary 8-nji awgusta çenli dowam edýär.

Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş edýän türkmen sportçylary ýurduň 30 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda hiç haçan medal gazanyp bilmedi.

16-njy iýulda prezident Berdimuhamedow Oýunlara gatnaşýan türkmen wekiliýetine iberen gutlagynda olara Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi arzuw etdi.

Tokioda geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy 23-nji iýulda Aşgabat wagty bilen öýlän sagat 5-de başlanýar.

Resmi habarlarda aýdylmagyna görä, türkmen türgenleri Oýunlarda “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary bilen çykyş edýärler.

Ýekeje-de olimpiýa medaly bolmadyk Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda sporta aýratyn üns berilýändigini aýdýarlar, wagtal-wagtal ilaty köpçülikleýin tigir ýörişlerine çykarmak ýaly mejbury sport çärelerini geçirýärler.

Global pandemiýa sebäpli wagty gijikdirilen Tokio 2020 tomusky Olimpiýa oýunlary 23-nji iýulda başlanýança onuň birnäçe guramaçylyk işgäri, Reuters habar agentliginiň toplan maglumatlaryna görä, dürli sebäpler bilen işden çekildi ýa-da çetledildi.

22-nji iýulda, Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyndan bir gün öň, dabaranyň direktory Kentaro Kobaýaşi 1998-nji ýylda Holokost barada aýdan ýaňsyly sözleri sebäpli işden boşadyldy.

19-njy iýulda açylyş dabarasynyň kompozitory Keigo Oýamada 90-njy ýyllarda beren bir interwýusynda aýdan kemsidiji sözleri sebäpli işden çekildi.

18-nji martda Tokio Oýunlarynyň döredijilik boýunça başlygy Hiroşi Sasaki bir aýal oýunça aýdan paýyş sözleri sebäpli öz arzasy bilen işden çykdy.

12-nji fewralda Tokio 2020 Oýunlarynyň prezidenti Ýoşiro Mori jynsparaz bellikleri sebäpli işden çekilmäge mejbur edildi.

Türkmen türgenleri Türkmenistan heniz Sowet Soýuzynyň düzüminde wagty gatnaşan Olimpiýa oýunlarynda SSSR-e altyn medallaryny gazanyp berdiler.

Tokioda mundan ozal 1964-nji ýylda Olimpiýa oýunlary geçirildi.

2022 Gyşky Olimpiýa oýunlary Hytaýyň paýtagty Pekinde geçiriler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG