Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talybanyň" basyşy astynda onlarça owgan esgeri Pakistana gaçdy


Pakistan-Owganystan serhediniň Pakistan tarapy, Çaman, 17-nji iýul, 2021.
Pakistan-Owganystan serhediniň Pakistan tarapy, Çaman, 17-nji iýul, 2021.

Pakistanyň goşuny 46 owgan esgeriniň serhetden geçendigini we olaryň "Talyban" söweşijileriniň basyşy astynda öz pozisiýalaryny ýitirenden soň goňşy ýurda gaçmaga mejbur bolandygyny aýtdy.

Pakistan goşunynyň beýanatyna görä, owgan harby serkerdesi demirgazykdaky Çitral serhet geçelgesinde gaçybatalga sorapdyr. Çitral Owganystanyň Kunar, Badahşan we Nuristan welaýatlary bilen serhetdeş.

"Bu owgan esgerleri düýn agşam Çitralyň Arundu sektoryna geldi. Owgan häkimiýetleri bilen aragatnaşyga girişip, zerur harby proseduralardan soň bäş ofiser bilen 46 esger Pakistanda gaçybatalga aldy we howpsuz ýere geçdi" diýlip, beýanatda aýdylýar we "owgan esgerlerine bellenen harby kadalara laýyklykda azyk, başpena we zerur lukmançylyk kömegi berildi" diýilýär.

Pakistan gaçybatalga soran esgerleriň zerur düzgünleriň berjaý edilmeginden soň, Owganystana gaýtaryljakdygyny aýtdy. Pakistan iýul aýynyň başynda hem 35 owgan esgerini ýurduna gaýtarypdy.

Bu ädim Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanan pursatyna gabat geldi. Kabul şu aýyň başynda Pakistanyň paýtagtynda gysga wagtlyk gyzy alnyp gaçylan ilçisini yzyna çagyrdy.

Ýüzlerçe owgan esgeri we raýat wekilleri soňky hepdelerde serhetýaka sebitlerde "Talybanyň" hüjümleri sebäpli goňşy Täjigistana, Eýrana we Pakistana gaçdy.

XS
SM
MD
LG