Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýaly serb partiýalary genosidi inkär etmegi gadagan edýän döwlet edaralaryny boýkot etdiler


Bosniýa boýunça ýokary wekil Walentin Inzko: "Jenaýat ykrar edilmezden we jogapkärçiliksiz ylalaşyk bolmaz". (arhiw suraty)

Bosniýaly serbleriniň syýasy wekilleri BMG-nyň işden gidýän ýokary wekiliniň Bosniýa genosidiň inkär edilmegini gadagan etmek baradaky karary bilen baglylykda Bosniýa-Gersegowinadaky ähli esasy guramalary boýkot etdiler.

Bu barada Serb Respublikasynda bosniýaly serbleriň oppozisiýa liderlerinden Branislaw Borenowiç 26-njy iýulda geçirlen metbugat ýygnagynda aýtdy. Ol yglan eden kararynyň 27-nji iýulda güýje girjekdigini we Bosniýanyň bilelikdäki prezidentligine, mejlise we hökümete täsir etjekdigini aýtdy.

Respublika Srpskanyň Milli Assambleýasynyň prezidenti Nedeljko Kubrilowiç, partiýalaryň wekilleriniň bu mesele çözülýänçä edaralaryň işine gatnaşmajakdygyny ýa-da karar bermejekdigini aýtdy.

Serb syýasatçylarynyň bu ädimi, Bosniýanyň 1992-95-nji ýyllardaky söweşini bes eden 1995-nji ýylyň Daýton şertnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän iň ýokary halkara wekili Walentin Inzkonyň Bosniýanyň Jenaýat kodeksine 23-nji iýulda girizen üýtgetmelerine jogap boldy.

Düzedişler genosidi inkär etmegi, adamzada garşy jenaýatlary we uruş jenaýatlaryny gadagan edýär we türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Bu karar dessine bosniýaly serbleriniň lideri Milorad Dodigiň gaharyny getirdi we ol 1995-nji ýyldaky Srebrenisa genosidiniň "bolmandygyny" gaýtalady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG