Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki häkimi pnewmoniýa bilen aradan çykan Farapda COVID-19 alamatly keselçilik güýçlenýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenabat.

Gündogar Lebap welaýaty COVID-19 alamatly keselçiligiň güýçli tolkuny bilen ýüzbe-ýüz galýan mahaly, daşy baglanan Farap etrabynda ýerli hassahanalar näsaglary kabul edip ýetişip bilmeýär.Bu barada Azatlyk Radiosy 26-njy iýulda habar berdi. Biziň habarçymyzyň soňky maglumatlaryna görä, şu günler Farapda bir iri sport toplumynyň sport zaly koronawirus näsaglary üçin krowatlar we hassahana enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.

Türkmenistanyň hökümeti şu wagta çenli öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny tekrarlap gelýär.

Ýöne iki hepdeden gowrak wagt mundan ozal, häkimiýetler Lebap welaýatynyň gündogarynda ýerleşýän Farap etrabynda birden ýokarlanan infeksiýalar sebäpli etrabyň daşyny baglady we raýatlaryň bu etraba girip-çykmagyny çäklendirdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, şu günler Farap etrabynyň bir iri sport toplumy koronawirus hassahanasyna öwrülýär we toplumyň sport zalyna bir topar krowat we beýleki hassahana enjamlary ýerleşdirilýär.

Azatlygyň habarçylary ýokançlyklaryň depgini boýunça Farap etrabynyň “gyzyl zolaga” öwrülendigini habar berýärler.

Şol bir wagtyň özünde, ýurduň beýleki sebitlerinden Faraba şepagat uýalary we lukmanlar iş saparyna ugradylýar. Habarçymyz Farapda ýiti kadr we lukman ýetmezçiliginiň duýulýandygyny habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, koronawirus näsaglary üçin niýetlenýän sport desgasy Farabyň etrap merkezinde, Farap şäherinde ýerleşýär.

Biziň habarçymyz bu sport toplumyny öňümizdäki 10-15 günüň dowamynda kislorod we dem alyş enjamlary bilen enjamlaşdyrmak işlerini doly tamamlamagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň saglyk edaralary ýurtda koronawirus epidemiýasynyň hakyky gerimi barada statistiki maglumatlary hödürlemeýär. Muňa derek, hökümet wirusyň ýurduň çäginde asla ýüze çykarylmandygyny gaýtalaýar.

Ýöne häkimiýetler maska düzgüni, welaýatlaryň arasyndaky hereket çäklendirmeleri ýaly öňüni alyş çärelerini güýçlendirýärler.

Azatlyk Radiosy epidemiýanyň ilkinji aýlarynda Farapda koronawirus alamatly kesel bilen aradan çykan bir ýokary derejeli resmi barada habar berdi. Azatlygyň çeşmeleri Farap etrabynyň öňki häkimi Hasan Metkulyýewiň mundan bir ýyl töweregi ozal, 2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda pnewmoniýa bilen aradan çykandygyny habar berdiler. Aradan bir ýarym aý töweregi soň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen Farap etrabyna täze häkim bellenildi, ýöne etrabyň öňki häkiminiň ykbaly mälim edilmedi.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň habar bermegine görä, iýulyň başlarynda (beýleki bir wersiýa görä, 10-njy iýuldan başlap) Türkmenistanyň jezalary ýerine ýetirýän edaralarynda, türmelerde duşuşyklar ýene-de gadagan edildi.

Neşiriň ýazmagyna görä, bu gadagançylyk ýurtda koronawirus ýokuşmalarynyň güýçlenýän tolkuny bilen ilteşdirilýär.

Şeýle-de, neşir ýurduň jezalary ýerine ýetiriş edaralarynda diňe iýun aýynda duşuşyklara rugsat berlendigini, ýöne köpleriň sebitara hereket gadagançylygy sebäpli, ýa-da maliýe ýetmezçilikleri sebäpli bu ýagdaýdan peýdalanmaga mümkinçiliginiň bolmandygyny habar berýär.

2019-njy ýylyň ahyrlarynda Hytaýda ýüze çykarylan koronawirus epidemiýasy 2020-nji ýylyň martynda Bütindünýä Saglyk Guramasy tarapyndan pandemiýa yglan edildi.

Jons Hopkins uniwersitetiniň soňky sanlaryna görä, dünýäde şu wagta çenli 194 milliondan gowrak adam COVID-19 bilen hasaba alyndy, 4 milliondan gowrak adam bu kesel bilen aradan çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG