Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap COVID-19 alamatly keseliň güýçli tolkunyny başdan geçirýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Gündogar Lebap sebiti koronawirus alamatly ýokanç keseliň güýçli tolkunyna sezewar boldy. Sebit merkezi Türkmenabatda ýene bir hassahana koronawirus alamatly näsaglary kabul edip başlady. Karantin astyndaky Farap etrabynda şäher hassahanasy täze näsaglary kabul edip ýetişip bilmeýär, kislorod ýetmezçiliginden ejir çekýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Türkmen hökümeti ýurduň çäginde hiç hili COVID-19 hadysasynyň hasaba alynmandygyny öňe sürmäge dowam etdirýär. Ýöne ýurduň gündogar welaýatynda täzeden güýçlenýän ýokanç kesel häkimiýetleriň öňe sürmelerini ýalana çykarýar.

Azatlygyň habarçysyna görä, Türkmenabatda öňden bäri koronawirus alamatly näsaglary kabul edýän hassahanalar bilen bir hatarda, ýene bir hassahana COVID-19 näsaglary üçin bölünip berildi. Bu saglygy goraýyş edarasy Türkmenabadyň Narkologiýa hassahanasynyň bir şahamçasy bolup, ol Onkologiýa hassahanasynyň gabadynda, täze bir metjidiň arka tarapynda ýerleşýär.

Habarçymyz bu hassahananyň hem dessine näsagdan dolandygyny habar berýär. Şeýle-de, onuň maglumatlaryna görä, demir derwezeli iki gatly hassahanana polisiýa gözegçilik edýär.

Has ozal, Türkmenabadyň Köp ugurly hassahanasy, Şäher hassahanasy we Ýokanç keseller hassahanasy koronawirus alamatly näsaglary kabul edýärdi.

Bu aralykda, ýokanç keseliň täze tolkunyna duçar bolan Farap etraby karantin astynda galýar. Azatlygyň habarçysy 12-nji iýulda sebitde ýokarlanýan infeksiýalar bilen baglylykda Farap etrabynyň daşynyň baglanandygyny habar berdi. Farapdan Türkmenabada çykmak üçin ýolagçylardan 72 sagatlyk güýji bolan negatiw koronawirus test netijesi talap edilýär.

Bu ýagdaý Farap-Türkmenabat aralygynda gatnap işleýän ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirdi. Ýerli ýaşaýjylar Farap hassahanasyna baryp, bahasy 100 manatlyk test tabşyrmakdan özleriniň ýadandygyny aýdýarlar.

Ýöne şol bir wagtyň özünde, habarçymyz Farabyň ýokarlanýan ýokançlyklar sebäpli “gyzyl zona” öwrülendigini we etrapdan Türkmenabada syýahat etmegiň gadagan edilendigini habar berdi.

Syýahat gadagançylygy Farap – Türkmenabat aralygynda gatnaýan taksi sürüjilerine, şeýle-de Türkmenabadyň bazarlarynda gök-bakja söwdasy bilen meşgullanýan faraply ýaşaýjylaryň durmuşyna ýaramaz täsir etdi.

Galyberse-de, habarçymyz Farap hassahanasynda koronawirus näsaglarynyň has köpelendigini, hassahananyň kislorod ýetmezçiliginden ejir çekýändigini hem-de etrap hassahanasynyň näsaglaryň güýçlenýän akymyna ýetişip bilmeýändigini habar berdi. Şeýle-de, Farap hassahanalarynda ýiti kislorod ýetmezçiligi sebäpli Türkmenabatdaky ätiýaç kislorod balonlary Faraba iberilipdir.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, ýokançlyklaryň täze tolkuny Farap gümrükhanasynda ýerleşýän karantin zolagyndan uç alýar.

Bu aralykda, Lebap sebitinde maska režimine gözegçilik güýçlendirildi, sebitiň daşy baglandy, Farap şypahanasy wagtlaýyn ýapyldy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurduň gündogar sebitlerinde keselçiligiň güýçlenýän täze tolkuny barada habar bermeýärler.

Türkmen resmileri ýurtda hiç hili koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny öňe sürseler-de, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri we habarçylary, şeýle-de beýleki garaşsyz neşirler Türkmenistanyň çäginde ýüze çykarylan koronawirus hadysalary barada habar berdiler.

Türkmenistan öz çäginde koronawirusy ykrar etmedik az sanly ýurtlaryň hatarynda galýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan 18 ýaşdan ýokary raýatlaryndan COVID-19 sanjymyny hökmany kabul etmegi talap edýän az sanly döwletleriň hataryndadyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG