Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Olimpiýa oýunlarynda garaşsyzlyk taryhynyň ilkinji medalyny gazandy


Türkmen sportçysy Polina Gurýewa Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça 59 kg agram derejesinde çykyş edip, 217 kg agyrlyk götermegi başardy we kümüş medala mynasyp boldy.
Türkmen sportçysy Polina Gurýewa Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça 59 kg agram derejesinde çykyş edip, 217 kg agyrlyk götermegi başardy we kümüş medala mynasyp boldy.

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň adyndan çykyş edýän sportçy Polina Gurýewa Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynyň 27-nji iýulda geçirilen bäsleşiklerinde kümüş medal gazandy.

Türkmenistanly türgeniň bu ýeňşi ýurduň garaşsyzlyk taryhynyň ilkinji Olimpiýa medaly hökmünde taryha geçdi.

Sport ussady agyr atletika boýunça 59 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 217 kilogram agram götermek bilen kümüş medala mynasyp boldy. Ol 14 ýurtdan ýaryşa gatnaşan türgenleriň arasynda bürünç medal alan ýaponiýaly Mikiko Andodan 3 kg has köp agram göterip, öňe geçdi. Ýaryşlarda 236 kilogram agyrlyk götermegi başaran taýwanly Kuo Sing-Çžun altyn medala mynasyp boldy.

Gurýewanyň topardaşlary türgeniň ýeňşini gutlaýarlar
Gurýewanyň topardaşlary türgeniň ýeňşini gutlaýarlar

“Men öz tälimçime sagbol aýtmak isleýärin, men diňe şol sebäpli bu ýere gelip, kümüş medala mynasyp boldum” diýip, Tokio Olimpiýa oýunlarynyň resmi web-saýty 21 ýaşly türkmenistanly sportçynyň sözlerini sitirleýär.

“Iki ýyl ozal, men muny göz öňüne-de getirip bilmeýärdim. Meniň tälimçim meni umytlandyrdy, maňa ýol görkezdi, meni ruhlandyrdy we meni ýeňşe tarap iterdi” diýip, Polina Gurýewa aýtdy.

“Men şok ýagdaýynda” diýip, sport ussady öz şatlygyny paýlaşdy.

Olimpiýa oýunlarynyň resmi web-saýtyna görä, Polina Gurýewanyň tälimçisi Ahmet Saryýew.

Türkmenistanyň habarlar agentligi Saryýewiň ýolbaşçylygynda sport ussadynyň 2017-nji ýylda Bakuwda geçirilen bir halkara sport bäsleşiginde altyn medal gazanandygyny, ýöne häzirki wagtda onuň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň baş tälimçisi Artur Emirýandan tälim alýandygyny aýdýar.

Gurýewanyň mynasyp bolan kümüş medaly Türkmenistanyň otuz ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda gazanan ilkinji olimpiýa medalydyr.

Tokio olimpiýadalaryna Türkmenistanyň adyndan dokuz türgen gatnaşýar.

25-njy iýula çenli geçirilen bäsleşiklerde çykyş eden türkmen sportçylary Gülbadam Babamyradowa (dzýudo), Merdan Ataýew we Darýa Semýonowa (suwda ýüzmek) dagylar ýeňiş gazanyp bilmedi.

26-njy iýulda agyr atletika boýunça 55 kilogram agram derejesinde çykyş eden beýleki bir türkmenistanly türgen, Kristina Şermetowa 205 kilogram agyrlyk göterip, ýaryşlarda altynjy oruna mynasyp boldy.

Ýaryşlara agyr atletika boýunça Türkmenistanyň adyndan Hojamuhammet Toýçyýew, Rejepbaý Rejepow, Öwez Öwezow, şeýle-de ýeňil atletika boýunça Mergen Mämmedow dagylar hem gatnaşýar. Olaryň gatnaşýan bäsleşikleri entek öňde – 31-nji iýul-4-nji awgust aralygynda geçirilýär.

Koronawirus aladalary sebäpli wagty yza süýşürilen Tokio 2020 Olimpiýa oýunlary 8-nji awgusta çenli dowam eder.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG