Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusa dolanmakdan ýüz öwüren sportsmen Tsimanouskaýa Tokioda “howpsuz ýere” geçirildi


Belarusly türgen Kristina Timanowskaýa, 2021-nji ýylyň 1-nji awgusty
Belarusly türgen Kristina Timanowskaýa, 2021-nji ýylyň 1-nji awgusty

Halkara Olimpiýa komiteti sport topary tarapyndan howa menziline mejbury äkidilendigini aýdan belarusly sprinter Krystina Tsimanouskaýa uçara münmekden ýüz öwüren soň onuň "ygtybarly we howpsuz ýere" äkidilendigini 2-nji awgustda habar berdi.

Sportsmen zenanyň tarapdarlary onuň daşary ýurda gaçybatalga almagy planlaşdyrýandygyny habar berdiler.

Ýaponiýanyň polisiýasyndan gorag soran 24 ýaşly Tsimanouskaýa 2-nji awgustda irden heniz Tokionyň Haneda aeroportundady.

Tsimanouskaýanyň haýsy ýurtda gaçybatalga aljakdygy belli däl. Polşa we Çehiýa oňa ýardam hödürlediler. Oppozisiýa sportçylary goldaýan Belarusyň Sport Raýdaşlyk Gaznasy (BSSF) Tsimanouskaýanyň Germaniýada ýa-da Awstriýada gaçybatalga soramagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Tsimanouskaýa ozal wideo habarynda Belarusa gaýdyp gelmek islemeýändigini aýdyp, Halkara olimpiýa komitetinden "goşulyşmagy" haýyş edipdi.

"Maňa basyş edildi, meni razylygym bolmazdan zor bilen ýurtdan çykarmaga synanyşýarlar" -diýip sportsmen aýtdy.

Halkara olimpiýa komiteti, belarusly türgeni "eşidendigini we goldaýandygyny" we irden onuň bilen "gepleşikleri dowam etdirjekdigini" aýtdy. Şeýle hem, gurama Belarusyň Olimpiýa komitetinden bu aýyplamalara doly jogap berilmegi sorandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG